Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Ýewropa gaz eksporty möhüm mesele


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Brýusselde, 2007-nji ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Brýusselde, 2007-nji ýyl.
Türkmen gazynyň Ýewropa eksporty – Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-4-nji noýabrda Aşgabatda geçen halkara energiýa konferensiýasyna gatnaşyjylara ýollan hatynda türkmen gazyny Ýewropa satmaga bil baglaýandygyny, bu meseläniň möhüm bolmagynda galýandygyny açyk aýtdy.

—Türkmenistan özüniň gaz baýlyklaryna daýanyp, gaz geçirijilerini özüne bähbitli bazarlara gönükdirer—diýip, prezident Berdimuhamedow “Ählumumy eneriýa bazarlarynyň birikmegi – energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi” atly halkara konferensiýanyň gatnaşyjylaryna ýollan hatynda aýtdy.

Ýewropa akdyrmak biziň energiýa syýasatymyzyň esasy wektorlarynyň biri bolup durýar.
Oktýabr aýynda Britaniýanyň hem-de Türkmenistanyň ekspertleri ýurduň gaz gory barada täze maglumatlary yglan etdiler. Oňa laýyklykda, Türkmenistan özüniň gaz baýlyklary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan bolmagy mümkin.

—Biziň energiýa strategiýamyzyň amala aşmagy bizden gaz satyn almak isleýän döwletleriň energiýa bazarlaryny öwrenmegini, şeýle-de biziň olaryň gaza bolan talabyny öwrenmegimizi talap edýär. Şonuň üçin türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak biziň energiýa syýasatymyzyň esasy wektorlarynyň biri bolup durýar—diýip, Berdimuhamedow öz beýanatynda belledi.

Gyrgyzystanyň “Neftetreýderler bileleşiginiň” prezidenti, ykdysadyýet ylymlarynyn doktory, professor Jumakadyr Akeneýew Türkmenistanyň energiýa syýasaty barada öz pikirini şeýle beýan etdi:

Türkmenistan öz gazyny Ýewropa satmak bilen ýurduň ykdysadyýetine uly diwidentleri çeker.
—Türkmenistan hakykatdan hem gaz resurslaryna baý döwlet. Ol gaz zapaslary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Elbetde, gazy alyjylyra satmaly. Eger-de öz tebigy baýlyklaryň barada ýapyk syýasat alyp barsaň, onuň bilen hiç kim gyzyklanmaz. Olar gazy beýleki döwletlerden satyn alarlar. Prezident Berdimuhamedow bu ýagdaýa göz ýetirip, ýurduň tebigy baýlyklary we olary satmak planlary barada açyk gürrüň edip başlady. Türkmenistan öz gazyny Ýewropa satmak bilen ýurduň ykdysadyýetine uly diwidentleri çeker. Bu ýurduň potensialyny galdyrmaga we halkyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga kömek eder.

Şonuň bilen birlikde Türkmenistan ýapyk awtoritar döwlet hasaplanýar. Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistanadam hukuklary boýunça in soňky orunlaryň birini eýeleýär. Bu barada Akeneýew şeýle diýýär:

—Prezident Berdimuhamedowyň açyk çykyş etmegini ýurduň açylyp başlandygynyň alamaty hökmunde kabul etmeli. Elbetde, bu Türkmenistanyň Ýewropa döwletlerine ýol açýandygyndan bir nyşan. Emma Türkmenistanda mundan başga-da çözgüdine garaşýan meseleler kän. Meselem, saglygy saklaýyş, bilim, medeniýet, internetden peýdalanmak, söz azatlygy meseleleri. Prezident Berdimuhamedowyň häzirki wagtda ýurduň derwezelerini açmalydygyna, ýapyklyk bolsa, öňegidişligiň bolmajakdygyna düşünen bolmagy mümkin.

Häzirlikçe Türkmenistan öz gazyny Hytaýa, Eýrana, şeýle hem Orsýete satýar. Prezident Berdimuhamedowyň dekabrda Orsýete etjek saparyndan öň beýle çykyş etmegi nämäniň alamaty? Bu barada özbegistanly energetika meselelerini öwreniji ekspert Malik Abdurazzakow şeýle diýýär:

Türkmen gazyny arzan bahadan satyn almagy öwrenen Orsýet ýene-de şol bahadan almak islär. Türkmenistan oňa alternatiwa gözleýär.
—Bu çykyş gazyň bahasy meselesinde ähtimal çekeleşmeleriň öňüni almakdan ybarat. Dünýäde ykdysady krizis dowam edýär. Käbir synçylar dünýä bazarynda nebitiň we gazyň bahasy galýar diýseler, käbirleri pese gaçjakdygyny aýdýarlar. Şol sebäpden türkmen gazyny arzan bahadan satyn almagy öwrenen Orsýet ýene-de şol bahadan almak islär. Türkmenistan oňa alternatiwa gözleýär. Eger-de “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy amala aşsa, Türkmenistana bazar saýlamaga mümkinçilik döreýär. Türkmenistan öz alyjylarynyň sanyny artdyrmak bilen gazyň bahasyny özüne bähbitli bahadan satyp biler, alyjylaryny-da saýlamak mümkinçiligine eýe bolar. Emma bu ýagdaýy Orsýet emosional kabul edýär. Bu bolaýmaly, garaşylan ýagdaý.

Käbir synçylar türkmen häkimiýetleriniň “Transhazar” gazgeçiriji proýektini amala aşyrmak baradaky maksadyna ýetmegi üçin olara Orsýet faktoryny ýeňip geçmegiň ýenil düşmejekdigini aýdýarlar. Ýewropa bileleşigi geçen aýda Azerbaýjan we Türkmenistan bilen “Transhazar” gazgeçiriji proýekti barada gepleşiklere başlady. Bu gazgeçirijiden her ýylda 30 milliard kubometr gazy Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG