Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň kitaby hytaý diline terjime edildi


Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ozal türkmen, rus we iňlis dillerinde köpçülikleýin nusgada neşir edilendigi habar berlipdi.
Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ozal türkmen, rus we iňlis dillerinde köpçülikleýin nusgada neşir edilendigi habar berlipdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby hytaý diline terjime edilip, Hytaý Halk Respublikasynda çapdan çykaryldy.

TDH bu proýektiň Hytaýyň daşary ýurtlar bilen Dostluk jemgyýetiniň we onuň düzümine girýän Hytaý-Merkezi Aziýa dostluk jemgyýetiniň inisiatiwasy we gurnamagy bilen, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldamagynda amala aşyrylandygyny ýazýar.

Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky kitaby hytaý diline Pekin uniwersitetiniň çet ýurt dilleri institutynyň dosenti Wan Liganyň ýolbaşçylygynda terjime edilipdir.

Şeýle-de bu kitabyň neşir edilmegine Hankin uniwersitetiniň gadymy hytaý medisinasy boýunça bilermenleri, saglygy saklaýyşyň gadymy ýewro-aziýa-amerikan usullaryny öwrenýän Şanhaý komapniýasynyň hünärmenleri hem gatnaşypdyr.

Berdimuhamedowyň bu kitabynyň ozal türkmen, rus we iňlis dillerinde köpçülikleýin nusgada neşir edilendigi habar berlipdi. Ol kitapda ýerli şertlerde ösýän dermanlyk ösümlikleriň suratlary ýerleşdirilip, olara häsiýetnama berilýärdi we soňky 14 ýylda türkmen medisinasynyň gazananan üstünliklerine umumy syn salynýardy. Şeýle-de bu kitapda Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerini öwrenmek baradaky maglumatlar, dürli reseptler hem berilýär.

Prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly iki tomdan ybarat kitaby Azatlyk Radiosynyň Pragadaky redaksiýasynda hem bar. Ol kitaby gören özbek žurnalisti “eger prezident Yslam Kerimow hem şunuň ýaly peýdaly kitap ýazan bolsa, men oňa ses bererdim” diýip, degişme bilen aýtdy.

Syýasy maksat barmy?

Onsoň şeýle saldamly işiň islendik başga dile terjime edilmegi hem gutlamaly zat bolup görünýär. Ýöne Türkmenistanda prezidentiň kitaplarynyň başga dillere terjime edilmegine öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby bilen bagly korrupsiýanyň dowamy hökmünde seredýänler hem bar. “Ruhnama” bilen bagly korrupsiýa barada Arto Haloneniň “Mukaddes kitabyň kölegesi” atly filminde hem gürrüň berlipdi.

Germaniýada ýaşaýan türkmen alymy, žurnalist Araz Perwiş Hytaýyň medeni täzeliklerini ýakyndan yzarlamaga çalyşýar we Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky işiniň hytaý dilinde neşir edilendigi barada Hytaý metbugatynda ýa kitap habarlarynda entek hiç bir habaryň çykmandygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, bu kitabyň Hytaýda az nusgada, at üçin çykarylan bolmagy-da mümkin.

“Bu iş terjime edilen hem bolsa, garaz, terjime edildi diýen ada galmak üçin, sanlyja tiraž bilen çykan zatdyr” diýip, Perwiş aýtdy.

Araz Perwiş Hytaýda gadymdan gelýän tebipçilik däpleri, dermanlyk ösümliklerden peýdalanmak baradaky kitaplaryň örän köpdügini aýdýar we hytaýlylaryň bu meselede türkmen alymynyň işine zerurlyk ýa talap duýandyklaryna ynanmaýar.

“Olara Berdimuhamedowyň kitaby gerek bolandyr diýip pikir edemok. Ýöne munuň syýasy sebäpleriniň bar bolmagy mümkin. Ol sebäpler, bilşimiz ýaly, Hytaýyň Türkmenistanyň nebit-gazyna göz gyzdyrmagy bilen bagly bolsa gerek” diýip, Araz Perwiş aýdýar.

Ýerli synçylar prezident Berdimuhamedowyň dermanlyk ösümlikler baradaky kitabynda halk üçin, ylym-düşünjäniň ösmegi üçin bir topar gowy maglumatyň jemlenendigini, bu işe az zähmet siňdirilmändigini belleýärler. Bu kitabyň soňunda peýdalanylan edebiýatlaryň hem uly sanawy çap edilipdir.
XS
SM
MD
LG