Türkmen metbugaty “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň esasy bezegi bolan Oguzhan ýyldyzynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini habar berýär. Aşgabat şäheriniň çar tarapyndan we şäher eteklerinden görünýän telediňiň üstünde oturdylan äpet ýyldyz dünýäde ýyldyzyň iň uly arhitektura şekili hökmünde ykrar edilipdir.
17-nji oktýabrda dabaraly açylyşy bolan we depesi gün nurundan energiýa alýan sekiz burç ýyldyzly telediňiň beýikligi 211 metrdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan köp sanly beýleki binalar ýaly, bu bina hem türkiýeli gurluşykçylar tarapyndan gurlup, ulanylmaga berildi.
Ideologiýa
Eýsem Oguzhan kim we onuň ýyldyzy näme üçin beýle ýokaryk galdyrylýar diýilmegi mümkin.
Oguzhan türki halklaryň arasynda türk döwletliliginiň simwoly hasaplanýar we garaşsyzlyk ýyllarynda Oguzhanyň ýyldyzy diýlip bilinýän sekiz burç ýyldyz türkmen döwletliliginiň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Ýerli ýaşaýjylaryň käbiriniň aýtmagyna görä, bu ýyldyz sowet ýyllaryndaky orak-çekiç we bäş burç ýyldyz ideologiýasynyň ornunda dörän ideologiýa boşlugyny doldurmak üçin oýlanyp tapylan taň bir zat boldy.
“Sowet ýyllarynda Lenin hemmeleriň babasy bolan bolsa, garaşsyzlyk ýyllarynda türkmenler öz babalaryny täzelediler, ýagny Oguzhany baba edindiler” diýip, adyny aýtmazlygy soran 65 ýaşly türkmen ýazyjysy Azatlyk Radiosyna gülüp gürrüň berdi.
Onuň pikiriçe, Oguzhanyň ýyldyzynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi gutlamaly zat, ýöne ol Aşgabadyň bu hormata ozalam birnäçe gezek mynasyp bolandygyny aýdýar. Mysal üçin, ozal Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabyna iki sany äpet haly, 133 metrlik baýdak sütüni we jemgyýetçilik ýerinde gurlan iň kän fontanlar toplumy üçin hem girizilipdi. Şol fontanlar toplumynda hem Oguzhanyň we onuň alty oglunyň heýkelleri dikilipdi.
Sekiz burç ýyldyz
Edebi eserlerde öňe sürülýän käbir pikirlere görä, sekiz burç ýyldyz jennetiň sekiz burçuny aňladýarmyş. Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, türkmen halky Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda altyn asyrda ýaşady we indi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň gahrymany” diýen at berlende aýdylan sözlerden çen tutulsa, Türkmenistanda ýerdäki jennete deňelýän durmuş-ýaşaýyş şertleri döredilipdir.
Ýöne türk döwletliliginiň esasy nyşanlarynyň biridir öýdülýän sekiz burç ýyldyzyň diňe türki halklaryň nyşany däldigini aýdýanlar hem bar. Adyny aýtmazlygy soran 65 ýaşly ýazyjy bu ýyldyzyň “Dawut pygamberiň ýyldyzy” ady bilen tanalýan alty burçly ýyldyzyň şekilindedigini ýatlap, ýyldyzdan nyşan edinmegiň has gadymlardan gelýändigini, Dawut pygamberiň Oguzhandan has ir ýaşap geçendigine ünsi çekýär. Galyberse, şol alty burç ýyldyz häzirki zaman Ysraýyl döwletiniň hem esasy döwlet nyşanlarynyň biri hasaplanýar. Ysraýylyň bu ýyldyzy esasy döwlet nyşany edip almagynyň sebäbi Dawut pygamber we onuň guran döwleti bilen bagly. Aýdylmagyna görä, ýewreýleriň taryhynda Dawut ýaly güýçli döwlet guran patyşa bolmandyr.
Ýöne bu ýerde başga-da bir paradoks bar. Ýerli synçylar Türkmenistanda sowet ýyllarynda esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolan bäş burç ýyldyzyň öz ornuny sekiz burç ýyldyza bermeýändigini, türkmen harbylarynyň eginlerinde henizem şol öňki bäş burç ýyldyzy göterýändiklerini aýdýarlar.