Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günä geçişlik yglan edildi, günäsi geçilenler belli däl


Ýakynda Türkmenistanda günägeçişlik yglan edildi. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu aksiýada, resmi maglumatlara görä, 1,700 adam türmeden çykýar. Emma tussaglykdan boşadylanlaryň sanawy häzire çenli resmi metbugatda çap edilmedi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly ýazyjy-publisist Amanmyrat Bugaýew boşadyljak tussaglaryň sanawynyň çap ediljek diýlip, resmi derejede wada berlendigini aýtdy. Emma ol sanawyň gazetlerde çap edilmänligini habar berdi.

Mundan ozalky günägeçiş aksiýasy şu ýylyň 26-27-nji awgust günlerinde Gadyr gijesine gabatlap geçirilipdi. Şonda hem türmeden boşadylanlaryň sanawlary çap bolmandy, soňky ýyllarda tussglykdan boşadylýanlaryň sanawlary, adatça, çap edilmeýär.

Amanmyrat Bugaýewiň bellemegine görä, ozalky ýyllarda günägeçişler ýylda bir gezek, Gadyr gijesinde geçirilen döwri sanawlar diňe milli metbugatda çap edilmek bilen çäklenilmän, telewideniýe we radio arkaly hem okalyp, köpçüligiň dykgatyna ýetirilýärdi.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda günägeçişleriň geçirilişine üýtgetmeler girizildi. Aksiýa ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýär. Häzirki döwürde köpler öz ýakynlarynyň günägeçişlige düşüp-düşmänligini sorag-ideg edip, anyklamaly bolýarlar.

Syýasy tussaglar we umytlar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň ilkinji ýyllarynda günägeçiş aksiýalarynda öz wagtynda syýasy ýa dini garaýyşlary sebäpli we açyk-aýdyň bolmadyk şertlerde tussag edilenleriň käbirisi türmeden boşadylypdy.

Hökümet çalşandan soň, Türkmenistanyň öňki müftisi Nasrulla ibn Ibadulla, öňki Adalat ministri Ýusup Haýydow türmeden goýberilipdi. Bu wakalar öz wagtynda ýapyk sud arkaly iş kesilen adamlaryň işine gaýtandan seredilmegine bolan umytlary güýçlendiripdi.

Häzirki günä geçişde hem syýasy tussaglaryň boşadylmagyna umyt baglanýar. Şol sanda Türkmenistanyň kommunistik pariýasynyň lideri Serdar Rahymowyň hem azatlyga çykarylmagyna garaşylýardy. Emma onuň ykbaly barada entek maglumat yok.

Orsýetiň Kommunistik partiasynyň wekili Ýewgeniý Kopyşew Serdar Rahymowyň işiniň Türkmenistanyň Amnistiýa boýunça komissiýasynyň garamagyndadygyny Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynyň resmi jogabyna salgylanyp, habar beripdi.

Türkmenistanyň resmi hasaba alynmadyk kommunistik pariyasynyň lideri Serdar Rahymow 2002-nji ýylyň dekabrynda 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Kopyşewiň pikirine görä, Rahymow indi sekiz ýyl bäri bikanun türmede saklanýar.

Sud sistemasynyň kämilsizligi

Halkara we ýerli adam hukuklaryny goraýjylar açyk-aýdyň bolmadyk şertlerde tussag edilip, türkmen türmelerinde saklanýan adamlaryň işlerine gaýtadan garalmagyny we olaryň tussaglykdan boşadylmagyny yzygiderli talap edip gelýärler.

“Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowanyň sözlerine görä, şu günki gün milli sud sistemasynyň kämil däldigi we korrumpirlenendigi zerarly nähak jeza çekýän adamlaryň boşadylmagy üçin, günägeçişlik ýeke-täk mümkinçilikdir.

“Ynsan hukuklaryny goraýjylar türkmen hökümetini wyždan ýesirlerini, özüniň syýasy, dini garaýyşlary sebapli tussag edilenleri we sud sistemasynyň kämilsizligi sebäpli tussaglyga höküm edilenleri boşatmaga çagyrýarlar” diýip, Begmedowa aýdýar.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň şanyna yglan edilen günägeçişlik baradaky permana 25-nji oktýabrda gol çekildi. Permana laýyklykda tussaglykdan boşadylanlar höküm edilen jezalaryndan doly azat edilýärler.
XS
SM
MD
LG