Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Ukraina türkmen gazyny göni satyn almaga ýol berermi?


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç metbugat konferensiýasynda, Gelenjik, 2010-njy ýylyň 4-nji oktýabry.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (sagda) we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç metbugat konferensiýasynda, Gelenjik, 2010-njy ýylyň 4-nji oktýabry.
Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow Kiýewiň türkmen gazyny göni satyn almak mümkinçiligine eýe bolanlygyny aýtdy. 22-nji oktýabrda Ukrainanyň “Inter TV” telekanalynda eden çykyşynda Nikolaý Azarow ýakynda GDA agza döwletler tarapyndan döredilen erkin söwda zonasynyň Ukraina üçin döredýän ykdysady mümkinçiliklerine öz garaýyşyny mälim etdi.

Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen Sankt-Peterburgda, 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabry.
Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarow orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen Sankt-Peterburgda, 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabry.
Ukraina özüniň GDA-nyň erkin söwda giňişligine goşulmagy bilen gaz söwdasy üçin täze mümkinçiliklere eýe bolanlygyny aýdýar. Ukrainanyň premýer-ministri Nikolaý Azarowyň Ukrainanyň “Inter TV” telekanalynda eden çykyşynda aýtmagyna görä, ol Orsýetiň gazgeçirijileriniň Kiýew üçin has elýeterli boljagyna we, hususan-da, türkmen gazyny satyn almaga mümkinçilik dörejegine ynam bildirýär.

—Näme üçin biz Türkmenistandan arzan gazy alyp bilmeýäris? Sebäbi Orsýetiň giňişliginden geçýän turba biz üçin elýeterli däl. Biz mundan mahrum bolduk. Öz wagtynda 2005-nji ýyla çenli türkmen gazyny satyn almaga mümkinçiligimiz bardy. Emma, gynansak-da, bizi çetleşdirdiler. Häzirki wagtda biz Orsýetiň gazyna 100 prosent garaşly. Indi biz ilkinji gezek bu turbanyň bize elýeterli bolmagy barada ylalaşdyk.

Azarowyň sözlerine görä, energiýa göterijileriniň tranziti, şol sanda Ukraina üçin türkmen gazynyň söwdasy üçin ýeňillikleriň döremegine GDA döwletleriniň arasynda ýakynda gol çekilen erkin sowda giňişligini döretmek baradaky ylalaşyk esas döredýär. Emma ýurduň bu ýeňilliklerden iş ýüzünde peýdalanmagy üçin Orsýet bilen ylalaşyk baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Azarow Kiýew bilen Moskwanyň arasynda tranzit şertlerine degişli ylalaşygy 6 aýyň dowamynda baglaşmak barada ylalaşylanlygyny aýtdy.

Erkin söwda giňişligini döretmek baradaky ylalaşyk 18-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda GDA döwletleriniň aglaba köpüsi tarapyndan baglaşylypdy. Bu ylalaşyga Türkmenistan, Özbegistan we Azerbeýjan goşulmady.

Türkmenistan Ukrainanyň premýer-ministriniň beýannamasyna resmi reaksiýa bildirmedi. Türkmenistan köpugurly enegriýa syýasatynyň tarapdarydygyny yglan edýar. Aşgabat häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gaz söwdasy barada gepleşik alyp barýar.

Göni gaz söwdasy üçin mümkinçilikler

Energiýa meseleleri boýunça garaşsyz ukrain analitigi Aleksandr Narbut
Energiýa meseleleri boýunça garaşsyz ukrain analitigi Aleksandr Narbut
​Energiýa meseleleri boýunça garaşsyz ukrain analitigi Aleksandr Narbut Orsýet päsgel bermedik ýagdaýynda türkmen gazyny göni satyn almaga isleg bildirýän Ukrainanyň planlaryna öz eksport mümkinçiliklerini giňeltmek isleýän Türkmenistanyň hem garşy çykmajagyny çaklaýar.

Aleksandr Narbut Ukrainananyň Türkmenistan we GDA giňişligindäki beýleki gaz öndürijileri bilen göni gaz söwdasyna Orsýetiň iş ýüzünde ýol berjegine şübheli garaýar we erkin söwda giňişligi döredilende Orsýetiň şeýle ylalaşyklary öz üstüne almanlygyna ünsi çekýär:

—Gelnen ylalaşyklarda göz öňünde tutulýan şertlere syn etsek, taraplar gepleşiklere 6 aýdan başlamakçy we Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň gazyny Orsýetiň giňişliginden tranzit etmegiň şertlerini maslahat etmekçi. Emma biz Orsýetiň bu gepleşiklere başlamagynyň belli bir netijä gelinjegini aňlatmaýanlygyny-da gowy bilýäris. Orsýet şeýle tranziti ýerine ýetirmek barada öz üstüne hiç hili borçlary almady we, meniň pikirimçe, ol şu günki gün muňa taýýar hem däl.

Ukrain bilermeniniň pikiriçe, häzirki wagtda Ukrainanyň Orsýet bilen özara gaz söwdasyna degişli dowam edýän dawa Moskwanyň öz energiýa syýastyndan dänmejegini görkezýär.

Kiýew Moskwa bilen 2009-njy ýylda baglaşan gaz ylalaşygynyň şerteriniň üýtgedilmegini talap edýär. Orsýet bolsa Ukraina satýan gazynyň nyrhyny peseltmekden ýüz öwürýär ýa-da muňa derek Ukrainanyň gaz transport sistemasynyň iri böleginiň “Gazpromyň” eýeçiligine geçmegini talap edýär.

Ukrainanyň öňki premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko 2009-njy ýylda gol çekilen bu ylalaşyk sebäpli tussag astyna alnyp, şu aýyň başynda 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG