Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Moskwa: gaz, syýasat we bähbit



Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus mekdebiniň açylyş dabarasynda, Aşgabat, 2009-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-rus mekdebiniň açylyş dabarasynda, Aşgabat, 2009-njy ýylyň 22-nji dekabry.
Hazar sebitiniň gazyny Ýewropa akdyrmak meselesi boýunça Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gepleşiklere başlamak üçin Ýewropa Bileleşiginiň 12-nji sentýabrda Ýewropa Komissiýasyna ýörite mandat bermegi Orsýet tarapynyň aladalaryny görnetin artdyrdy.

Bu wakanyň ertesi güni, 13-nji sentýabrda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda bu ministrligiň resmi wekili Aleksandr Lukaşewiç ýörite resmi kommentariýa bilen çykyş edip, “hazarýaka regiony bilen baglanyşykly meselelere daşardan goşulyşylmagynyň regiondaky ýagdaýlary çynlakaý kynlaşdyrjakdygyny” nygtady.

Aradan kän wagt geçmänem, 15-nji oktýabrda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medewedew hem hut şuňa meňzeş garaýyşlary öňe sürüp çykyş etdi:

—Bu (Transhazar) mesele ýeterlik derejede kyn mesele. Bu meseläniň çözgüdi, gürrüňsiz ýagdaýda, içerki deňzimiz hökmünde, Hazar deňziniň statusyna gönüden-göni bagly bolup durýar. Şeýle hem, ol Hazar sammitine girýän ähli döwletleriň öz pozisiýalaryny barlyşdyrmaklaryny talap edýär.

Energiýa meselesinde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen göz öňünde tutýan planlary barada Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň eden şuňa meňzeş beýanatlary şu hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu beýanatlara garşy protest bildirmegine-de getirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatynda Orsýetiň resmileriniň Hazar deňziniň statusynyň heniz çözülmändigi hem-de Transhazar gaz geçirijisiniň deňziň ekologiýasyna ýaramaz täsir etjekdigi baradaky garaýyşlaryny ýerliksiz garaýyşlar hökmünde häsiýetlendirýär.

Bu beýanatda Hazaryň astyndan çekiljek islendik truboprowodyň ekologiýa howpsuzlygy doly göz öňünde tutulyp, halkara standartlaryna laýyklykda çekiljekdigi, onuň geçjek territoriýasynyň bolsa bu proýekte gatnaşjak ýurtlara degişli territoriýalardygy aýdylýar. Türkmen tarapy bu gürrüňi edilýän meseleler boýunça beýleki hazarýaka ýurtlary bilen maslahatlaşyp oturmak üçin zerurlyk ýok diýip hasaplaýandygyny mälim edipdir.

Orsýetli oppozision syýasatçylaryň garaýşy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu beýanatyna heniz Kremlden hiç hili reaksiýa bolmady. Emma Türkmenistandan günbatara çekilmegi mümkin truboprowod proýektine resmi Orsýetiň ýiti alada bildirmegini käbir orsýetli oppozision syýasatçylar ýurduň käbir resmi toparlarynyň bähbit aramak tendensiýalary bilen düşündirýärler.

Orsýet Federasiýasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy Ýewgeniý Kopyşew bu mesele barada şeýle garaýşy öňe sürdi:

—Meniň pikirimçe, bu proýekt babatda Orsýet iri tüçjarlaryň bähbidi üçin hereket edýär. Olaryň hatarynda bolsa ‘Gazprom’ ýaly käbir beýleki nebit-gaz kompaniýalary-da bar. Olar bu meseläni döwletiň we halkyň kisesinden nädip pul almaly we ony nädip oligarh toparlarynyň kisesine salmaly diýen garaýyşdan ugur alyp, çözýärler.

Ýewgeniý Kopyşew Türkmenistanyň özygtyýarly döwletdigini belläp, onuň Ýewropa Bileleşigi bilen energiýa meselesini-de özbaşdak çözmegine hiç bir keseki ýurduň goşulyşmaga hakynyň ýokdugyny nygtady.

—Şu günki gün Türkmenistan özygtyýarly döwlet. Şoňa görä, öz territoriýasynda ýerleşýän energiýa resurslaryny-da onuň öz islegine görä ulanmaga haky bar. Türkmenistanyň häkimiýetini oppozisiýanyň her nähili tankytlaýandygyna garamazdan, ýurduň häkimiýeti bu energiýa baýlygyny, barybir, halk üçin ulanýar we dogry edýär.

Şu hepdäniň sişenbe güni Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde GDA döwletleriniň çäklerinde erkin söwda zonasyny döretmek barada gol çekilen ylalaşyga Türkmenistanyň gol çekmezligini käbir synçylar Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda ýüze çykan şu soňky igençli ýagdaýlar bilen düşündirmäge çalyşýarlar.

Emma şu ýylyň ahyrynda GDA-nyň döredilmeginiň ýyl dönümine bagyşlanyp Moskwada geçiriljek Sammitiň çäklerinde bu ylalaşyga prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gol goýmagynyň mümkindigi barada-da garaýyşlar bar.
XS
SM
MD
LG