Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2011-nji ýylyň birinji ýarymynda bosgunlygyň derejesi


198,300 töweregi adam bosgunlyk statusyny berýän 44 ýurtdan başpena gözläp, şu ýylyň birinji ýarymynda arza beripdir.
198,300 töweregi adam bosgunlyk statusyny berýän 44 ýurtdan başpena gözläp, şu ýylyň birinji ýarymynda arza beripdir.
Şu ýylyň birinji ýarymynda senagat taýdan ösen döwletlere bosgunlyk statusyny almak üçin berlen arzalaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 17% ýokarlanypdyr. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar edarasynyň (UNHCR) “2011-nji ýylyň birinji ýarymynda bosgunlygyň derejesi we senagat taýdan ösen döwletlerdäki tendesiýalar” atly hasabatda nygtalýar.

Şeýle-de 18-nji oktýabrda ýaýradylan hasabatda aýratyn bellenişi ýaly, bosgunlyk statusy boýunça arzalaryň aglabasynyň berilýän ýurtlary üýtgewsiz bolmagynda galýar. 198,300 töweregi adam bosgunlyk statusyny berýän 44 ýurtdan başpena gözläp, şu ýylyň birinji ýarymynda arza beripdir. Bu san geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 17% ýokarydyr we 2010-njy ýylyň ikinji ýarymynda hasaba alnan 197,600 arzanyň möçberinden hem artykdyr.

Türkmenistan we Owganystan

Babar Baloç
Babar Baloç
Sişenbe güni ýaýradylan hasabatda başpena üçin Türkmenistandan arza berýänleriň sanynyň umumy san bilen deňeşdirilende “ujypsyz görkezijidigini” BMG-niň Bosgunar edarasynyň Ženewadaky baş edarasynyň metbugat wekili Babar Baloç aýtdy: “Türkmenistandan 2011-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäniň 44 ýurduna başpena üçin bosgunlyk arzany beren 33 adam hasaba alyndy. Bu san tutuş 2010-njy ýylda 66-a deňdi. Eger-de şu ýylky Türkmenistandan arza berenleriň sany hasabatda görkezilen umumy 198,300 arza bilen deňeşdirilende bu, dogurdanam, ujypsyz görkezijidir”.

Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem daşary ýurtlardan başpena soraýan türkmenistanlylaryň sanynyň onçakly bir köp däldigini aýdýar. Ol munuň seýrek ýagdaýdygyny, ýöne köpçülikleýin ýagdaýda bolýandygy barada özünde maglumat ýokdugyny belleýär.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň täze hasabatyndaky sanlardan çen tutulsa, onda 2011-nji ýylyň birinji ýarymynda bosgunlyk statusy üçin iň köp arza Owganystandan berlipdir. Owganystandan diňe şu ýylyň birinji ýarymynda 15,300 töweregi adamyň bosgunlyk arzasy hasaba alnypdyr. Bu geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20% ýa-da 2,500 san köpdür.

BMG-niň wekili Babar Baboç häzir dünýä boýunça 3 milliona golaý owgan bosgunynyň bardygyny belläp, olaryň 2,7 millionynyň Pakistandan başpena alandygyny aýtdy. Ol Owganystandan beýle köp bosgunyň bolmagyny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle düşündirdi: “Eger-de Owganystan we Somali ýaly ýurtlar göz öňünde tutulsa, onda olarda eýýäm juda uzak wagtyň dowamynda konflikt gidýär. Ol ýerlerden adamlaryň gaçybatalga gözlemegine sebäpler aradan aýrylmaýar. Eger-de Owganystanyň içindäki bolup geçýän ýagdaýlara üns berseňiz, ýurduň köp böleginde uruş kynçylyklary bar”.

Beýleki görkezijiler

“2011-nji ýylyň birinji ýarymynda bosgunlygyň derejesi we senagat taýdan ösen döwletlerdäki tendensiýalar” atly hasabatda ikinji netijäni görkezen döwlet Hytaý boldy. Hasabatda bellenmegine görä, 2011-nji ýylyň alty aýynda Hytaýdan gelenleriň beren arzasy geçen ýylyň birinji ýarymyndaky 10,200 arza bilen deňeşdirilende 15% artyp, görkeziji 11,700 arza deň bolupdyr. Sanaw boýunça beýleki iň köp bosgunlyk arzalary Serbiýa we Kosowadan (10,300), Yrakdan (10,100) hem Eýrandan (7,600) gelýär.

Ýurtlar boýunça alnanda, beýleki senagat taýdan ösen ýurtlar bilen deňeşdirilende iň köp arza Birleşen Ştatlara berilýär. Bu san şu ýylyň birinji alty aýynda 36,400-e deň boldy. Amerikanyň yz ýany Fransiýa gelýär, oňa 26,100 adam arza beripdir. Hasabatdaky maglumatlara görä, degişli döwürde Germaniýada 20,100, Şwesiýada 12,600, Britaniýada bolsa 12,200 arza hasaba alnypdyr. Demirgazyk-gündogar Aziýa sebitine berilýän arzalaryň sany 2010-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende iki essä golaý ýokarlanypdyr.

Dünýä boýunça diňe Skandinaw döwletlerine berilýän arzalaryň sany öňküsine görä kemelipdir. Ýakynda Norwegiýanyň immigrasiýa boýunça direktoratynyň beren maglumatyna görä, 2009-njy ýylyň ýanwary bilen 2011-nji ýylyň fewraly aralygynda Türkmenistandan hem 7 adam Norwegiýadan gaçybatalga sorapdyr. Olardan ikisine razylyk berilmändir.

BMG-niň hasabatynyň awtorlarynyň çaklamagyna görä, eger-de ýagdaý şu durkuna gitse, onda ýylyň ahyryna çenli dünýäniň senagat taýdan ösen döwletlerine başpena üçin berilýän arzalaryň sanynyň 420 müňe ýetmegi mümkin. Bu soňky sekiz ýylyň dowamyndaky iň ýokary görkeziji bolar. Emma, her niçigem bolsa, bu san 2001-nji ýylyň görkezijisinden kem bolar. Şol ýyl bosgunlyk statusy üçin 620 müň arza hasaba alnypdy.
XS
SM
MD
LG