Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara guramalary žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň boşadylmagyna çagyrýar


Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy bu Komitetiň internet saýtynda çarşenbe güni giçlik Döwletmyrat Ýazgulyýewe çykarylan bu hökümi ýazgaryjy ýörite resmi beýanat hem ýerleşdirildi.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy bu Komitetiň internet saýtynda çarşenbe güni giçlik Döwletmyrat Ýazgulyýewe çykarylan bu hökümi ýazgaryjy ýörite resmi beýanat hem ýerleşdirildi.
Çarşenbe güni Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň sudunyň 5 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi bilen bagly waka köp halkara guramalary dessine ýiti reaksiýa bildirdiler.

Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew
Žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew
Reaksiýa bildiren guramalaryň hatarynda düýbi Parižde ýerleşýän žurnalistleriň hukugyny goraýjy “Serhetsiz reportýorlar” guramasy, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça Komitet, ynsan hukuklaryny goraýjy “Freedom House” ýaly guramalar-da bar.

Bu guramalaryň resmileri, garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewe Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 2-nji bendi boýunça jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigine garamazdan, onuň hut žurnalistiki işi üçin jenaýata çekilendigine şübhelenmeýändiklerini aýdýarlar.

Žurnalistleriň hukugyny goraýjy Komitetiň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň koordinatory Nina Ognýanowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň sudunyň çykaran bu hökümine hut şeýle baha berýändigini aýtdy.

“Biz Döwletmyrat Ýazgulyýewiň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine örän uly alada bildirýäris. Hakykat ýüzünde bu syýasy matlaba esaslanýan iş bolup durýar. Biz garaşsyz žurnalistiň sesini sem etdirmek üçin häkimiýetleriň edýän bu synanyşyklaryna örän aladalanýarys. Şoňa görä-de, biz Aşgabadyň häkimiýetlerini Ýazgulyýewi hiç hili şert goýmazdan, haýdan-haý azatlyga goýbermeklige çagyrýarys” diýip, Nina Ognýanowa nygtady.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýjy bu Komitetiň internet saýtynda çarşenbe güni giçlik Döwletmyrat Ýazgulyýewe çykarylan bu hökümi ýazgaryjy ýörite resmi beýanat hem ýerleşdirildi.

“Ugruna goýberilen eden-etdilik”

Döwletmyrat Ýazgulyýewiň türme tussaglygyna höküm edilmegine ýiti reaksiýa bildiren guramalardan birem “Serhetsiz reportýorlar” guramasy boldy.

Bu guramanyň çarşenbe güni ýaýradan resmi beýanatynda, hususan-da, şeýle diýilýär: “Bu waka bizi örän alada goýdy we sarsdyrdy. Ýazgulyýewiň ykbaly kanunçylyk prosesiniň ähli proseduralary bozulyp, bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde çözüldi... Islendik ýagdaýda-da, suduň sudýalary bu ýasama sud prosesinde, gynansak-da, Türkmenistanda ugruna goýberilen eden-etdilikleriň dowam edýändigini ýene nobatdaky gezek subut etdiler. Bu waka prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak barada berýän wadalaryna gapma-garşy gelýän bir waka hökmünde alamatlandy”.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiostansiýalarynyň prezidenti Stiwen Korn
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiostansiýalarynyň prezidenti Stiwen Korn
Döwletmyrat Ýazgulyýewe garşy görlen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ynsan hukuklaryny goraýjy guramalardan-da ýiti reaksiýalar peýda boldy. Gazagystanyň ynsan hukuklaryny goraýjy býurosynyň wekili Andreý Grişin Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda Döwletmyrat Ýazgulyýewiň kanuny hukugyny goramakda öz guramasynyň türkmen žurnalistine hertaraplaýyn ýuridiki kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

​Türkmen sudunyň çarşenbe güni çykaran bu garaşylmadak hökümine Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary aýratyn alada bildirdiler. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň çarşenbe güni ýaýradan resmi beýanatynda radiostansiýalaryň prezidenti Stiwen Korn “Bu galplaşdyrylan sud prosesi we onuň çykaran rehimsiz hökümi habar serişdelerine gezek gelende Türkmenistanyň häkimiýetleriniň hiç bir kanuna we standarta hormat goýmaýandyklaryny görkezdi. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bu hökümi berk ýazgarýar we halkara jemgyýetçiligini-de bu işi ýazgarmaklyga çagyrýar” diýip, nygtady.
XS
SM
MD
LG