Soňky ýyllarda paýtagtyň köçelerini giňeltmekde, şäher ýollaryny dünýä standartlaryna gabat geler ýaly derejä ýetirmekde köp işler edildi. Iki gapdallaýyn ýollaryň arasy güller, dürli dekoratiw agaçlar, suw çüwdürimleri bilen bezelýär.
Köçelere aýratyn üns berilýändigine seretmezden, merkezi köçeleriň dürli sebäpler bilen häli-şindi ýapylmagyndan döreýän maşyn dyknyşyklary dowam edýär. Maşynlaryň aşa dyknyşygy ir sagat 6-dan soň başlanyp, çatryklaryň dört tarapyndan berilýän maşyn signallarynyň uzyn-uzyn sesleri adamlary bimaza edýär.
Aşgabatly pensioner Pirli aga bu ýagdaýyň indi on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini gürrüň berýär:
—Soňky üç-dört ýyldan bäri köçelerň häli-şindi ýapylmagy bilen döreýän kynçylyklardan uly-kiçi, maşynly-pyýada bezgek boldy. Ertiri-agşamy ýok, iň bir gatnawly köçeler ýapylýar. Awtoulaglar öz marşruty bilen hereket edip bilmeýärler. "Belet maşynym" diýip münen awtobusyň seni şäheriň haýsy künjünden çykarjagy belli däl — diýip, Pirli aga aýdýar.
Bir ýyldan gowrak wagt bäri rekonstruksiýa edilýän Bitarap Türkmenistan şaýolunyň abatlaýyş işlerini Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk baýramyna çenli tamamlamak üçin, bu şaýoluň ugrunda işler güýçli depginde alnyp barylýar.
Bitarap Türkmenistan şaýoly şäheriň merkezinden, ozalky prezident köşgüniň öňünden, Atabaýew köçesinden başlanyp, günorta uzap gidýär. Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygyndan ýokarky böleginde alnyp barylýan rekonstruksiýa işleriniň tamamlanyp, köçäniň gatnawynyň açylmagyna ýaşaýjylaryň sabyrsyz garaşýan wagty, köçäniň Atamyrat Nyýazow şaýolundan aşaky bölegi hem ýapyldy.
Pirli aganyň aýtmagyna görä, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna taýynlyk görmek maksady bilen geçirilýän bu çäreleriň netijesinde, ozalky Sahy Jepbarow, häzirki Garaşsyzlyk şaýolunyň, Atabaýew köçeleriniň hem, merkezden geçýän aralyklary indi bir aýa golaý wagt bäri ýapyk.
Awtoulaglaryň gatnawlary bolsa, ýeke-täk açyk köçe bolan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň paýyna düşýär. Ir sagat altydan soň sagat dokuza çenli, öýlän 16-dan agşam sagat ýigrimä çenli işe barýan, işden gaýdýan maşynly ýaşaýjylar, köçäniň çatryklarynda birnäçe wagtlap durmaly bolýarlar.
Il arasynda “Gyzyl Haç” diýlip atlandyrylýan hassahana bilen Türkmenbaşy şaýoly aralykda bäş çatrygy öz içine alýan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda yzy üzülmeýän maşyn hatarlaryny swetaforlar geçirip ýetişmeýärler. Ol çatryklara ertir-agşam ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri kömege gelýärler.
Esasy köçe bolan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky awtoulaglary ugrukdyrýan ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlarynyň hereketlerini haýal görüp, kejigýän sürüjiler, ýanaşyk köçeleriň ugrunda, öz maşynlarynyň signallaryna bat berip, adamlaryň rahatlygyny bozýarlar.
Atabaýew köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda, “Oguzhan” köşkler toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň binasynyň ulanylmaga berilmegi bilen, Atabaýew köçesiniň köşkleri jemleýän böleginde awtomobil hereketi hem, ýaşaýjylaryň hereketi hem çäklendirildi.
Haýsydyr bir ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi bilen, bu köçe öz ýanaşyk köçeleri bilen ýapylýar. Şeýle ýokary derejeli myhmanlar bolsa paýtagta günde-günaşa diýen ýaly gelýärler.
—Aşgabat şäheri ösdi-ulaldy. Köpetdagyň eteginde ozal ýaýylyp ýatan boş meýdanlar hem, ekerançylyk meýdanlary hem häzir şäheriň iň bir ösen künjegine öwrüldi. Döwlet apparatyna degişli köşkleri, administratiw jaýlary ilatyň gündelik durmuşyna päsgel bermez ýaly, özbaşyna bir boş ýerden gurup, ol ýere özbaşyna ýol çekip, özbaşyna dikuçar gonar ýaly meýdança eden bolsalar oňat bolardy — diýip, Pirli aga öz pikirini aýan edýär.
Ýurt baştutanynyň daşary döwletlere sapary wagtynda halkara howa menziliniň ýapylmagy hem ýaşaýjylar üçin uly kynçylyklary döredýär.
—Her ýylda Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlygyň çäginde, ýollaryň ýapylmagy bilen ilatyň çekýän kynçylyklary artmasa, kemänok. Kösenýän halk baýramçylygyň lezzetini duýanok. Kime toý-baýram. Kime bolsa ýatdan çykmajak görgüçilik — diýip, Pirli aga aýdýar.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.