Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awazanyň gözelligi hemmä ýetdirmeýär


"Kenarda dürli kafeler ýerleşdirilipdir. Türkmeniň gara öýleri hem gurnalypdyr. Her dürli naharlar, kebap, süýji suwlaryň dürli görnüşleri hemişe satuwda bar..."
"Kenarda dürli kafeler ýerleşdirilipdir. Türkmeniň gara öýleri hem gurnalypdyr. Her dürli naharlar, kebap, süýji suwlaryň dürli görnüşleri hemişe satuwda bar..."
«Serdar», «Daýanç», «Arzuw», «Hazyna», «Kerwen», «Kuwwat», «Watançy», «Nebitçi» atlandyrylan sekiz sany, köp gatly myhmanhanalary, suw çüwdürimlerini özünde jemleýän, öz täsinlikleri bilen görenleri özüne çekýän Awaza dynç alyş merkezi ýylyň bütin dowamynda ilata hyzmat edip biljek derejä ýetirildi.

Aşgabatly öý hojalykçy Güljahan tomus möwsüminde bu ýere gelip, dynç almaga mümkinçiliginiň bolmandygyny aýdýar. «Edara-kärhanada işlemeseň, ýa-da tanyş-bilşiň bolmasa, diňe tomusda däl, güýzüň ilkinji aýy hem bize bu ýere ýerleşmek ýeňil düşmedi» diýip, Güljahan gürrüň berýär.

Bahalar elýeterlimi?

"Her pudaga degişli myhmanhanalar ýörite ýollama bilen ugradylýan işgärleri kabul edýärler"

Güljahanyň gürrüň bermegine görä, her pudaga degişli myhmanhanalar ýörite ýollama bilen ugradylýan işgärleri kabul edýärler. Ýörite ýollama bilen barlanda «Hazyna» myhmanhanasynyň bir gije-gündizlik hyzmaty üçin üç adamlyk otaga 140 manat töleg tölemeli.

Eger-de myhmanhanalar öz pudagyna degişli bolmadyk adamlary kabul etseler, bu töleg 280 manada barabar, 4-nji adamy ýanyň bilen ýerleşdirmeli bolsaň, onda ýene-de 140 manat goşmaça töleg tölemeli.

Şu tölegiň içine üç gezek naharlanmak hem girýär. Naharlaryň, işdäaçarlaryň görnüşleri örän baý. Iýmek-içmekde ýeter-ýetmezçilik duýulmaýar. Otaglar arassa saklanýar, işgärleriň hyzmatlary göwnejaý.

Ýöne welin şular ýaly amatlyklara, gözellige hormat goýmagy, ony gorap saklamagy biziň ildeşlerimiz heniz başarmaýan ýaly görünýär. Eýýäm çyzylan diwarlar, zeper ýetirilen mebeller ýüregiňi awadýar.

Zatlar bol, emma…

Kenarda dürli kafeler ýerleşdirilipdir. Türkmeniň gara öýleri hem gurnalypdyr. Her dürli naharlar, kebap, süýji suwlaryň dürli görnüşleri hemişe satuwda bar.

Awaza dynç alyş merkezinde gök önümler, ýok diýäýmeseň, telekeçiler tarapyndan satuwa çykarylýan, ýarym kilogramy bäş manada durýan gaýnadylan leňňeç, pisse, çigit, çipsi, piwo, kakadylan balyk ýaly iýmitleri hem satyn alsa bolýar. Bahalar, elbetde, beýleki ýerlere garanda iki-üç esse gymmat.

Her ädimde diýen ýaly koreýaly, hytaýly myhmanlara duş gelmek bolýar. Üç manat töläp, deňizde ýarym sagat katerli gezelenç edip bolýar.
"Üç manat töläp, deňizde ýarym sagat katerli gezelenç edip bolýar..."

Kenar diýseň arassa, myhmanhanalaryň tutýan meýdanlary, dürli öwüşginli suw çüwdürimleri bilen bezelip, adamlaryň gezelenç etmekleri, çagalaryň oýnamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu gözellik gijelerine has hem ajaýyp görünýär.

«Berim gökden ýol ýasar»

Bahalaryň gymmatlygyna seretmezden, myhmanhanalaryň müşderileri ýeterlik. Döwlet kassasyna tölenmeli puldan artyk, öz jübülerine gazanç etmek maksady bilen, boş ýerler bar bolsa-da, «ýer ýok» diýip, dynç almaga gelýän adamlaryň gaýtarylýan halatlaryna hem duş gelendigini Güljahan gürrüň berýär.

«Myhmanhana ýerleşmek üçin kassa tölenmeli puldan artyk ýene-de 50 amerikan dollaryny hem berseň, onda kösenmän ýerleşse bolýar» diýip, Güljahan biziň ýurdumyzda islendik gapyda korrupsiýanyň kök urýandygyna gynanýandygyny aýdýar.

Işçi-daýhan üçin bu bahalaryň elýeter däldigini, gurulýan ajaýyp binalarda diňe bir wezipeli adamlaryň däl-de, her bir işçi-daýhanyň hem, öý hojalykçynyň hem çagalary bilen dynç alyp bileri ýaly ýeňillikleriň hem döredilmelidigi barada alada edilse gowy boljakdygyny Güljahan nygtady.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG