Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň metbugat wekili gozgalaňçylaryň duýduryşyny ret etdi


Gozgalaňçylar Sirtä barýan ýolda Kaddafiniň esgerleriniň ulagyna ot açdylar, 29-njy awgust.
Gozgalaňçylar Sirtä barýan ýolda Kaddafiniň esgerleriniň ulagyna ot açdylar, 29-njy awgust.
Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň metbugat wekili gozgalaňçylaryň eden soňky duýduryşyny ret edýändiklerini aýtdy.

Mundan öň liwiýaly gozgalaňçylar Muammar Kaddafiniň tarapdarlaryndan hepdäniň şenbe gününe çenli ýaraglaryny taşlamagy talap edip, eger-de şeýle edilmese, hüjüme başlajakdyklaryny duýdurypdylar.

Kaddafiniň metbugat wekili Moussa Ibrahim AP habar agentligine “hiç bir özüni sylaýan millet ýaragly toparlaryň duýduryşyny kabul etmez” diýdi.

Liwiýanyň gozgalaňçylarynyň Milli geçiş geňeşiniň başlygy Mustafa Abdel Jalil duýduryşy sişenbe güni edipdi: “Resmi Oraza baýramynyň tamamlanmagy bilen bu mümkinçilik hem gutarar. Eger-de şenbe gününe çenli Kaddafiniň tarapdarlarynyň parahat görnüşde bize boýun bolup başlanyna hiç bir yşarat bolmasa, onda biz muny harby güýç bilen gazanmaly bolarys. Biz muny amala aşyrmagy islemeýäris, ýöne biziň mundan artyk garaşmaga wagtymyz ýok”.

Bu duýduryş esasan Kaddafiniň Sirte şäherindäki tarapdarlaryna gönükdirilendi. Sirte Kaddafiniň dogduk ýeri bolup, ol paýtagt Tripoliden 360 km gündogarda ýerleşýär. Sirte ygrarly güýçleriň gözegçiligindäki iň soňky möhüm berkitmeleriň biri hasaplanýar.

Gowşan habarlara görä, soňky günleriň dowamynda, gozgalaňçylaryň liderleri şäheri parahat ýagdaýda tabşyrmak boýunça taýpa ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçiripdirler. Käbir resmileriň pikiriçe, şäheri eýelemek juda kyn bolar.

Gozgalaňçylaryň öňe süren duýduryşy Kaddafiniň ýurduň merkezindäki we günortasyndaky berkitmelerine, şol sanda Sabha şäherine hem degişlidir.

Mart aýyndan bäri gozgalaňçylary howadan goldaýan NATO-nyň berýän maglumatyna görä, ýaranlyk Sirte şäherini nyşanada saklamagyny dowam etdirýär.

Maşgalasy Alžirde

Bu aralykda Kaddafiniň aýaly we üç çagasy, şol sanda uly ogly Muhammad al-Kaddafi, goňşy Alžire geçdiler. Alžiriň Daşary işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, Kaddafiniň ikinji aýaly Safia Frakaş, 34 ýaşly gyzy Aýeşa, şeýle-de iki ogly Muhammet hem Hannibal Alžire duşenbe güni geçipdirler.

Sişenbe güni Aýeşa Kaddafiniň gyzjagazy doguldy diýip, Alžiriň Saglyk ministrligi habar berdi. Alžiriň BMG-däki ilçisiniň aýtmagyna görä, Kaddafiniň maşgalasyna “gumanitar matlaplardan ugur alnyp”, ýurda girmäge rugsat berlipdir.

Gozgalaňçylar Alžirden olaryň yzyna berilmegini soradylar. Emma Alžir Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini bu ýurduň kanuny häkimiýeti hökmünde ykrar etmändi.

Kaddafiniň nirededigi henize çenli belli däl. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, onuň Sabha ýa-da Bani Walid şäherleriniň birinde bolmagy mümkin.

Kaddafi, onuň ogly Saif al-Islam we aňtaw gullugynyň başlygy Abdullah al-Senussi adamzada garşy jenaýat etmekde aýyplanyp, Halkara Jenaýat Sudy tarapyndan hem gözlenýärler.

Şol bir wagtda Kaddafiniň iki ogly biri-biriniňkiden tapawutly audioçykyşlary etdiler. Audioýazgylaryň birinde Saif al-Islam gozgalaňçylary Sirte şäherine hüjüm etmezlige çagyrýar. Onuň sözlerine görä, ol ýerde “20 müň töweregi ýaragly adam bolup, olar göreşmäge taýýar”.

Kaddafiniň başga bir ogly Saad bolsa, gandöküşikligi duruzmak üçin Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi bilen habarlaşandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG