Gaýyp Nepesow TSSR YA-nyň döredilmeginiň sakasynda duran alymlaryň biridir. Ýöne, muňa garamazdan, şu günki gün türkmenistanlylar, ylmy intelligensiýanyň soňky nesli Gaýyp Nepesow barasynda juda az bilýär. Türkmen sowet ensiklopediýasynyň taryha degişli bölümlerinde-de akademik Gaýyp Nepesow barasynda hiç zat aýdylmaýar diýen ýaly. Onuň ylmy işlerine salgylanylmaýar.
Gaýyp Nepesow 1907-nji ýylda Hywa hanlygynyň Könürgenç begliginiň Rejep bagşy obasynda batragyň maşgalasynda dünýä inýär. Häzir bu oba Daşoguz iliniň Türkmenbaşy etrabyna degişli. Geljekki alym 7 ýaşyndaka dädesi açlykdan ölýär. Baý gapysynda batrakçylyk edýän ejesiniň-de ykbaly şeýle bolýar.
Doga maýyp, pişekli ýöreýän Gaýyp Nepesow 1917-23-nji ýyllarda Ogşuk baý atly feodalyň gapysynda günlükçi bolýar. Ol gaçyp, Jüneýit hanyň gumda mekan tutunan guýusyna barýar. Ol bu ýerde-de ýüz tapmansoň, 23-25-nji ýyllarda Gazanjykda sergezdançylyk edýär, maýyp ýetginjek çem gelen ýerde ýatyp-turýar. 18 ýaşynda sowet häkimiýeti oňa eýe çykýar. Ol Gökdepe stansiýasyndaky başlangyç mekdepde-internatda, ondan soň Aşgabatdaky rabfakda okaýar. 28-34-nji ýyllar aralygynda Maryda, Aşgabatda, Daşoguzda dürli wezipelerde işleýär.
Ylym ýoly
1934-nji ýylda Moskwanyň taryh-filosofiýa we edebiýat institutyna okuwa girýär. Soňra Türkmenistanyň ýokary we ýörite orta okuw jaýlarynyň ençemesinde mugallym, kafedra müdiri bolup işleýär. Şol ýyllarda Türkmen döwlet pedagogik institutynam tamamlaýar.
Gaýyp Nepesow 1942-nji ýylda Moskwanyň Lomonosow adyndaky Döwlet Uniwersitetinde “1917-20-nji ýyllarda Hywa halk rewolýusiýasy” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1947-nji ýylda bolsa şol uniwersitetde “Hywanyň türkmen raýonlarynda sowet gurluşynyň ýeňmegi, 1917-36-njy ýyllar” diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Şol ýyl SSSR Ylymlar akademiýasynyň türkmen bölüminiň müdirligine, 1948-nji ýylda bolsa şol bölümiň prezidiumynyň başlygynyň orunbsarlygyna saýlanýar. Şol bölümiň bazasynda TSSR Ylymlar akademiýasy döredilende, Gaýyp Nepesow ilkinjileriň hatarynda TSSR Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanýar.
1951-nji ýylda akademik Gaýyp Nepesowyň “Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyň ýeňmegi“ atly göwrümli ylmy monografiýasy çap edilýär. Ýöne kitap okyjylar köpçüligine ýetmänkä, ähli ekzemplýary ýygnalyp alynýar. Partiýanyň MK-nyň neşiri bolan “Bolşewik” žurnalynda, Moskwada neşir edilýän “Woprosy istorii” žurnalynda , türkmen metbugatynda alymy taryhy ýoýmakda, buržuaz milletçilikde aýyplaýan ençeme makala peýda bolýar. Ýogsam bolmasa, göni bir ýyl ozal, 1950-nji ýylda ol “Zähmet Gyzyl Baýdak” ordeni bilen sylaglanypdy. TKP MK-nyň 1951-nji ýyldaky 6-njy Plenumy “Monografiýa ideologiýa taýdan zyýanly, duşmançylykly monografiýa” diýip, ýörite karar kabul edýär. Ony partiýa hataryndan çykarýarlar.
TSSR YA-nyň 1952-nji ýylyň martyndaky ýyllyk ýygnagynda Gaýyp Nepesowy ylmy derejelerden, ylmy atlardan mahrum etmek baradaky meselä seredilýär. SSSR-iň Ýokary Attestasiýa komissiýasy TSSR YA-nyň ýyllyk ýygnagynyň kararyny tassyklaýar. Ylmy atlary, derejeleri ýatyrylan uly alym işsiz galýar. Ony we onuň maşgala agzalaryny döwlet gulluklary yzarlaýar.
1955-nji ýylyň noýabrynda Gaýyp Nepesow aklanýar. 1959-njy ýylda akademiklikden beýleki atlary dikeldilýär. Ýöne barybir ylmy ugurdan iş berilmeýär. Türkmenistanyň Radiogepleşikler komitetine ölümiň öýünde edebi terjimeçi bolup işe ýerleşýär.
Gaýyp Nepesow 1960-njy ýylda Garagalpagystana gidýär. Nukus Döwlet pedagogik institututynda 1971-nji ýyla çenli kafedra müdiri bolup işleýär Arasynda iki gezek Türkmenistana dolanyp, ýokary okuw jaýlarynda mugallym bolup işleýär. Ýöne yzarlanmalar sebäpli ýene-de Garagalpagystana gitmäge mejbur bolýar. Onuň ylmy monografiýalary Özbegistanda we Moskwada ors dilinde çap edilýär. Oňa “Garagalpagystanyň ylymda at gazanan işgäri” diýen hormatly at dakylýar. Özbegistanyň YA-nyň tagallasy bilen Gaýyp Nepesowyň akademiklik derejesi geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortasynda dikeldilýär.
Akademik Gaýyp Nepesow 1976-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda 69 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Ony dogduk ili Daşoguz topragynda hiç hili ýas çäresini geçirmezden jaýladylar. 2007-nji ýylda akademigiň 100 ýyllygy-da bellenmedi. Şol dymyşlyk häzirem dowam edýär.
Alymyň neşir edilen nähili işleri bar?
“Türkmenistan SSR-niň döredilmegi” Aşgabat, Türkmendöwletneşir, 1949 ý. (türkmen dilinde), Nepesowyň “Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyň ýeňmegi” Aşgabat, 1951 ý. hem 1960 ý., “Horezm rewolýusiýasynyň taryhyndan” Daşkent, 1962 ý.(ors dilinde), “Hywa we Buhara sosializm ýolunda” Moskwa, Nauka, 1967 ý. (ors dilinde), “Horezm we Buhara respublikalarynyň taryhy” Moskwa, Nauka, 1971 ý. (ors dilinde), “1920-1924-nji jyllarda Horezm halk sowet rewolýusiýasynda Garagalpagystan milletçileriniň roly” Nöks, 1964 ý. (garagalpak dilinde), bulardan başga-da alymyň türkmen we Merkezi Aziýanyň taryhyna, onuň dürli meselelerine bagyşlanan köp sanly ylmy makalalary dürli döwürde gazet-žurnallarda çap edildi.
Taryh ylymlarynyň doktory, professor Kakajan Muhammetberdiýewiň “Gaýyp Nepesowiç Nepesow” atly ylmy bibliografiýada ýerleşdirilen makalasynda şeýle diýilýär:
- Gaýyp Nepesow watanymyzyň taryhy öwreniş ylmynyň altyn fonduna giren düýpli işleri döreden adam. Gynansagam, bu adamyň ady giň halk köpçüligine belli däl, hatda taryh ylmy bilen ýörite meşgullanýan ýaşlaram oňat tanamaýar. Nepesowyň “Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyň ýeňmegi“ atly uly göwrümli monografiýasynyň diňe bir Nepesowyň terjimehalynda däl, Türkmenistanyň taryhy öwreniş ylmynda-da uly hadysa bolandygyny, bu işiň alymyň başyna köp gowgalar getirendigini aýdyp bilerin. Köp ýyla çeken jebirli zähmetiň netijesi bolan bu kitap iňňän köp çeşmeleriň esasynda döredi. Özem olaryň köpüsi ylmy dolanyşyga hut Nepesow tarapyndan girizildi. Olar Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Daşkendiň, Almatynyň, Aşgabadyň arhiwlerinde saklanýan ägirt gymmatly dokumentlerdi. Gaýyp Nepesow özünden öň hiç kim tarapyndan öwrenilmedik birgiden materaly gözläp tapdy.
Türkmenistanda magaryfdyr ylmyň berkarar bolmagynda we ösmeginde onuň bitiren hyzmatlaryna baha bermäge bireýýäm wagt ýetdi. Adalatyň haky üçin muny şeýtmeli we nähak ryswa edilen, kemsidilen, unudylan ýene-de bir belent ady halka basymrak gaýtaryp bermeli. Gaýyp Nepesow belent adamdy, uly alymdy, hakyky akademikdi – diýip, taryh ylymlarynyň doktory, professor Kakajan Muhammetberdiýewiň “Gaýyp Nepesowiç Nepesow” atly ylmy bibliografiýada ýerleşdirilen makalasynda aýdylýar.
Gaýyp Nepesowyň ömür beýanyny onuň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda Nukusda, Daşkentde, Mokswada, Leningradda çykan kitaplarynyň giriş bölümlerine öz eli bilen ýazan maglumatlary esasynda taýýarlandy. Taryh ylymlarynyň doktorlary Almaz Ýazberdiýew bilen Kakajan Muhammetberdiýewiň 300 nusgalykda 1997-nji ýylda neşir etdiren “Gaýyp Nepesowiç Nepesow” atly ylmy bibliografiýasy uly goldanma boldy.