Geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem resmi Türkmenistan ýaşlaryň iki müňden gowragyny hökümet programmasy boýunça daşary ýurtlara bilim almaga ugratmakçy.
Eýsem, ýaşlaryň şeýle hökümet programmalaryna seçilip alynmagy näderejede adalatly ýola goýlan?
Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bu okuw programmalaryna ýaşlaryň ýörite kompýuter testleri arkaly kabul edilýändiklerini aýdýar.
“Men şeýle test tabşyran käbir ýaşlar bilen gürrüňdeş boldum. Olar şeýle testleriň diňe kompýuter arkaly amala aşyrylýandygyny we öz ýanlarynda hatda mugallymlaryň hem durmaýandygyny gürrüň berdiler” diýip, Ýazgullyýew habar berýär.
Ýazgulyýew şeýle seçiw prosesiniň ýurduň öz içindäki okuw jaýlaryna kabul edişlik sistemasyndan has adalatlydygyny we munuň köp zehinli ýaşlara oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýdýar.
Ýöne, beýleki tarapdan, hökümet programmasy boýunça türkmenistanly ýaşlaryň indi birnäçe ýyl bäri şol bir ýurtlara ugradylmaklary-da belli bir soraglary döredýär.
Eýsem, nämüçin bu programma diňe Orsýetiň, Belarusyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň we Malaýziýanyň okuw jaýlaryny öz içine alýar?
Bu sanawda nämüçindir Günbataryň demokratiýa taýdan ösen döwletleriniň ady göze ilmeýär. Ýogsa, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýyl mundan ozal öz çykyşlarynyň birinde türkmenistanly ýaşlaryň Ýewropanyň ösen ýurtlarynda okadyljakdyklary barada-da aýratyn durup geçipdi.
Prezidentiň bu wadasynyň amala aşmaýandygynyň sebäbini düýbi Bolgariýada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki fondunyň” başlygy Täjigul Begmedowa türkmen häkimiýetleriniň käbir gorkusy bilen baglanyşdyrýar.
“Ösen demokratik ýurtlarda bilim alýan ýaşlar erkinlige, özbaşdak pikirlenmäge uýgunlaşýarlar. Bular ýaly zatlar bolsa, elbetde, Türkmenistanyň häkimiýetlerini gorkuzýar” diýip, Begmedowa öz garaýşyny mälim edýär.
Begmedowanyň bu pikiri bilen žurnalist Ýazgulyýew hem ylalaşýar. Ol Türkmenistandaky bu tendensiýalar barada şeýle diýýär: “Hatda Gyrgyzystanda bolan syýasy wakalardan soň, indi Gyrgyzystana okuwa gitmek isleýän ýaşlaryň öňünde-de uly kynçylyklar döredi. Türkmenistanyň häkimiýetleri indi ýaşlaryň şol ýerdäki wakalardan hem täsirlenmeklerinden gorkýarlar”.
Gyrgyzystanda okaýan türkmen studentlere näme üçin päsgelçilik döredildi?
2009-njy ýylyň tomsunda Bişkekdäki amerikan uniwersitetinde bilim alyp ýören ýaşlaryň köpüsine, sebäbi düşündirilmezden, Gyrgyzystana gitmekligiň gadagan edilmegi Türkmenistanyň raýatlarynda belli bir aladalary döredipdi.
Şonda, ahyrsoňy şol studentlerden bir bölegini Bolgariýa ugratmaklyk karar edilende, şol studentleriň-de Bolgariýa gitmeklerine päsgelçilik döretmek üçin häkimiýetler tarapyndan belli bir basyşlara sezewar edilendikleri barada maglumatlar alnypdy.
Ýerli synçylar Türkmenistanyň öz ýokary okuw jaýlaryna henizem 5 müňden sähel gowrak abiturientiň kabul edilýändigini aýdyp, bu ýagdaýyň ýylda orta mekdebi tamamlaýan 110 müň töweregi ýaş oglan-gyzlaryň ýokary bilim almak mümkçinliklerini görnetin çäklendirýändigini belleýärler. Olaryň pikiriçe, bu ýagdaý okuw jaýlarynda parahorlugyň-da has ösmegine itergi berýär.
2009-njy ýylyň aprelinde Türkmen Döwlet dünýä dilleri institutynyň rektory bilen birlikde bu institutyň birnäçe beýleki işgärleriniň para almak ýaly jenaýatçylykly işler bilen meşgullanandyklaryny prezidentiň özem boýun alypdy. Şonda prezident Berdimuhamedow bu institutyň rektory Aýna Gurbanniýazowany işinden boşadypdy.
Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew ösen dünýä döwletleriniň tejribelerine salgylanmak bilen, jemgyýetdäki korrupsiýa garşy göreşde azat medianyň rolunyň örän uludygyny belleýär. Ol beýleki pudaklarda bolşy ýaly, bilim pudagynda-da şeýle giň ýaýran problemalaryň öňüni almak üçin raýatlaryň söz we metbugat azatlygyna giň ýol açylmalydygyny nygtaýar.