Mekdep ýaşyna ýeten her bir çaganyň geljekde bütin ömrüniň dowamynda ýadynda galýan ýakymly ýatlamalaryň biri onuň mekdebiň bosagasyndan ilkinji ätlän güni bolýar. Ene-atalar öz çagasy üçin şol pursatlaryň has täsirli, has ýakymly bolmagy üçin ellerinden gelenini gaýgyrmaýarlar. Her bir ene-ata çagasyny birkemsiz geýindirmäge, ony mekdebe gerekli okuw esbaplary bilen üpjün etmäge çalyşýar.
Aşgabatly pensioner, ozalky mugallym Bibi daýza bu ýylky birinji klasa barmaly oglan-gyzlaryň paýyna aýratyn hormatyň düşendigini belleýär. Häzirki wagtda her bir birinji klas okuwçysyny döwlet tarapyndan netbuk kompýuter bilen üpjün etmek barada alada edilýär.
Gerekmi?
Hytaýda öndürilýän “Dell”, “HP” markaly netbuklar Türkmenistanda häzirki wagtda gitdigiçe meşhurlyga eýe bolýar. Bu netbuklaryň bazardaky bahasy 360-400 amerikan dollaryna barabar. Türkmenistan.RU neşiri şu ýyl birinji klasa barýan 100 müňe golaý okuwçynyň netbuk bilen üpjün edilmegi üçin býujetden 25 million dollardan gowrak serişdäniň goýberiljekdigini habar berdi.
Orta mekdeplerde bilim berýän mugallymlaryň köpüsiniň, hatda ýokary okuw jaýlarynda işleýän mugallymlaryň ençemesiniň hem kompýuter sowady pes mahaly birinji klas okuwçylaryna netbuk kompýuterleriniň berilmegini oňlamaýanlar hem az däl.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Parahat Ilmyradow bu barada şeýle diýýär: “Özüm-ä uly oglan bolsamam kämahal kompýuterime wirus düşen mahaly ýa programmalarda näsazlyk çykan mahaly aljyraýan, tanyşlaryma ýüz tutýan. Ýaňy galam tutmany öwrenen birinji klas okuwçysy bu zatlardan nädip baş çykarsyn?! Iň bolmanda bäşinji klaslara bermeli ekenler…Ol oýunjak däl ahyryn”.
Emma Bibi daýza çagalaryň kompýuter bilen üpjün edilmegi ene-atalara ýardam berer diýen pikirde. “Häzirlikçe birinji klaslar üçin niýetlenen kompýuterler geljekdäki ýyllar iň bolmanda ikinji-üçünji klas okuwçylaryna hem berilse — bu döwletiň çagalar üçin, atalyk aladasy bolardy. Işsizlikden, ujupsyz aýlykdan kösenýän, sosial taýdan pes hojalyklar bizde näçe diýseň ýeterlik” diýip, Bibi daýza aýdýar.
Şu okuw ýylyna çenli, mekdep mugallymlarynyň hem ählisine kompýuterden başlangyç bilim almak barada görkezme berlipdi. “Mekdep okuwçylaryna bilim bermeli mugallymlar okuw ýylyna taýynlykly gelseler, ene-atalar ähli kynçylyklary unudyp, hoşal bolarlar” diýip, Bibi daýza sözüniň üstüni ýetirýär.
Birinji klasa barjak okuwçylara “Türkmenistan meniň ata watanym” atly kitabyň gowşuryljakdygy barada hem habar berilýär. Bu kitapda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän ýaş nesilde Watana söýgi döredip biljek temalara ýüzlenilendir diýip, umyt edýändigini Bibi daýza aýdýar.
Mekdep bazary
“Türkmenistanda milli egin-eşige uly üns berilmegi bilen, mekdep okuwçylary hem, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan studentler hem, tahýa geýmeklige görkezme alýarlar. Tahýa bejerip satuwa çykarýan gelin-gyzlaryň söwdasy hem şu günler örän şowly” diýip, Bibi daýza aýdýar.
“Altyn-Asyr” bazary bilen deňeşdireniňde, mekdep okuw esbaplaryny satmak üçin şäher içinde gurnalan söwda nokatlarynda o diýen şowhunly söwda göze ilmeýär. Wagtlaýyn gurnalýan beýle söwda nokatlarynda, söwda etmek üçin rugsat almagyň hupbatlaryndan başga-da, olaryň ýer puly üçin tölegleri hem örän ýokary. Şol sebäpli “Altyn-Asyr” bazarynda harytlara goýulýan nyrhlardan, şäher içindäki, mekdep harytlaryny satýan dükanlarda satuwa çykarylýan harytlaryň nyrhlarynyň bir-ýarym esse ýokary.
Geçen ýylyň nyrhlary bilen deňeşdireniňde, bu ýyl harytlaryň nyrhlarynyň 20-30% ýokarlanandygyny görmek bolýar. Iň bir ýönekeý ýazuw ruçkasy, geçen ýyl 20 teňňe bolandygyndan bu ýyl 30 teňňä, 96 listden durýan umumy ýazuw depderi geçen ýyl iki manat bolan bolsa, bu ýyl üç manada, 12 list ýazuw depderi geçen ýyl ýigrimi bäş teňňe bolan bolsa bu ýyl otuz teňňä çenli galdyrylypdyr. Bu mysal ähli harytlarda hem ýiti duýulýar.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Awgustyň başyndan şäheriň söwda bazarlarynda okuw esbaplarynyň satuwy ýola goýuldy.
Mekdep okuwçylary üçin eýýäm awgustyň başyndan şäheriň söwda bazarlarynda okuw esbaplarynyň satuwy ýola goýuldy. Täze açylan “Altyn-Asyr” bazarynda iki-üç çaganyň elinden tutup, öz gerek esbaplaryny satyn alyp ýören ene-atalardan ýaňa, ozal boş görünýän bazaryň içinde ýer-jaý ýok. Okuwçy portfelinden başlap, ähli okuw esbaplarynyň, mekdep üçin egin-eşikleriň söwdasy hem ýeterlik.