Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň öňki prezidenti Mubarek sud edilýär


83 ýaşly Mubarek suduň zalyna keselhana koýkasynda getirilip, gözenegiň içinde ýerleşdirildi, 3-nji awgust.
83 ýaşly Mubarek suduň zalyna keselhana koýkasynda getirilip, gözenegiň içinde ýerleşdirildi, 3-nji awgust.
Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarek Kairde geçirilen sud prosesinde özüne ýöňkelýän hemme aýyplamalary ret etdi. Ol korrupsiýada we fewral gozgalaňynda protestçileri öldürmäge buýruk bermekde aýyplanýar.

83 ýaşly Mubarek suduň zalyna keselhana koýkasynda getirilip, gözenegiň içinde ýerleşdirildi. Ol juda ýarawsyz we ysgynsyz görünýärdi: “Men maňa ýöňkelýän aýyplamalary dolulygyna ret edýärin” diýip, Mubarek sud prosesiniň dowamynda aýtdy.

Mubarek we onuň ozalky režiminiň howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli resmileri ýanwar we fewral gozgalaňynda 850 töweregi demonstranty öldürmäge buýruk berenlikde aýyplanýarlar. Bu protestleriň netijesinde Mubaregiň 30 ýyl töweregi dowam eden häkimiýeti tamamlanyp, ol wezipesinden çetleşdirilipdi.

Mubarege garşy sud başlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00


Beýleki aýyplanýanlaryň arasynda Mubaregiň ozalky içeri işler ministri Habib el-Adli we öňki ýokary derejeli polisiýa ofiserleriniň altysy hem bar. Bularyň ählisi özlerine bildirilýän aýyplamalary inkär etdiler. Eger olaryň günäsi subut edilse, onda olara ölüm jezasynyň berilmegi hem mümkin.

Şol bir wagtyň özünde Mubarege we onuň iki sany ogly - Gamal bilen Alaa hem korrupsiýa boýunça-da aýyplamalar bildirildi. Olar bu aýyplamalary-da ret etdiler.

Çarşenbe güni geçirilen sud prosesine Mubarek Gyzyl deňziň boýundaky keselhanadan uçar bilen getirldi. Ol aprel aýyndan bäri, saglyk ýagdaýy sebäpli Gyzyl deňziň boýundaky Şarm el-Şeýh kurortyndaky syrkawhanada saklanýardy.

Sud diňlenişigi Kairiň Polisiýa Akademiýasynda geçirildi. Ozalky ady “Mubarek Polisiýa Akademiýasy” bolan bu ýerdäki sud prosesi telewideniýe arkaly göni efirde görkezildi.

Mubaregiň ogullary Alaa (sagda) we Gamal suduň zalynda, Kair, 3-nji awgust.
Protestçiler Mubaregiň suduň zalyna getirilişini görmek üçin Akademiýanyň daşynda ýygnandylar. Şol bir wagtyň özünde Mubaregi goldaýanlar hem binanyň töwereginde toplandylar. Netijede iki tarapyň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy. Howpsuzlyk güýçleriniň bar bolmagyna garamazdan, bu ýerde iki tarap birek-birege daş zyňyp, hüjüm etdiler.

Şu ýylyň başynda arap dünýäsinde başlanan gozgalaňlardan bäri Mubarek suduň zalynda peýda bolan ilkinji arap lideridir.

Ozal “Arap baharynyň” netijesinde häkimiýetden çetleşdirilen ilkinji arap lideri, Tunisiň öňki prezidenti Zin el-Abidine Ben Alä garşy gaýybana sud diňlenişigi geçirlip, ol 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Mubarek Müsüriň topragynda öljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG