Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awaza” boýunça jogapkär ýolbaşçy işden boşadyldy


“Awaza” milli syýahatçylyk zonasynda, 2011-nji ýyl.
“Awaza” milli syýahatçylyk zonasynda, 2011-nji ýyl.
“Awaza” milli syýahatçylyk zonasy boýunça komitetiň ýolbaşçysy Taýmämmet Şiralyýew wezipesinden boşadyldy. 1-nji awgustda gol çekilen permana gorä, bu komitetiň ýolbaşçysy wezipesini wagtlaýynça onuň orunbasary Emir Patjanow ýerine ýetirer.

Türkmenistanyň prezidentiniň permanyna görä, “Awaza” milli syýahat zonasy boýunça komitetiň başlygynyň wezipesinden boşadylmagyna onuň özüne ynanylan wezipeleri başaryp bilmänligi sebäp bolupdyr. Onuň başarmadyk işleriniň we goýberen kemçilikleriniň nämeden ybaratdygy resmi maglumatlarda habar berilmedi.

Ýolbaşçylaryň resmi çykyşlarynda we ýurduň metbugatynyň sahypalarynda “Awaza” syýahat zonasy ýurduň özgerişiniň we täze döwrüň energiýasynyň alamaty bolan öň görlüp-eşidilmedik ägirt bir uly proýekt hökmünde häsiýetlendirilýär. Emms proýektiň durmuşa geçirilişindäki kynçylyklar barada bolsa düýpden agzalmaýar.

Häzir halkara aeroportundan, ençeme gymmatbaha myhmanhanalardan we dynç alyş infrastrukturasyna degişli obýektlerden ybarat bu syýahat zonasynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Käbir maglumatlara görä, türkmen hökümeti “Awaza” jemi 4 milliard dollar möçberde pul ýatyrmakçy, 1,5 milliard dollar möçberdäki maýa goýumlar eýýäm ýatyryldy.

Gurluşyklaryň tutumyna garanda, “Awaza” gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany köpelmeýär. Emma bu ýerde tomusda dynç almaga ýurduň öz ýaşaýjylarynyň arasynda uly höwes bar. Täze gurlan myhmanhanalaryň hyzmatlarynyň bahasy köpçülik üçin elýeterli bolmasa-da, olarda tomus möwsüminde ýer tapmagyň aňsat däldigi, bu mümkinçiliklerden esasan ilatyň gurply gatlagynyň peýdalanýandygy habar berilýär.

Moskwada ýaşaýan britaniýaly žurnalist Tom Balmfort daşary ýurtlular üçin Türkmenistana barmak bilen bagly kynçylyklara ünsi çekýär. Ol Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Wiza almak örän kyn, üstesine syýahatçy bolup gitjek bolsaň, ýanyňda hökman gidiň ýoldaş bolup ýörejegini öňünden duýdurýarlar. Onuň hyzmatlary üçin hem aýratyn tölemeli bolýar. Bu gidiň gizlin gulluklar bilen işleşýänligini çak etmek mümkin. Şonuň üçin şeýle bir adama her adimiňi yzarlatmak üçin mejbury ýagdaýda tölemek hem hiç kime ýakmaýar. Bu zatlar syýhatçylygy gymmada düşürýär”.

Başga bir britan žurnalisti Riçard Oranj bolsa “The Telegraph” neşirinde çap edilen makalasynda Türkmenistana wiza almaklygy “gahrymançylyk” diýip atlandyrýar.

Inwestisiýa

“Awaza” Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek üçin daşary ýurt inwestorlaryna ilkinji nobatda hödürlenýän esasy zonalaryň biri bolup durýar. Muňa garamazdan, “Awazada” potensial maýa goýujylar tarapyndan uly bir aktiwlik göze ilenok. Bu ýerde şu çaka çenli gurlan obýektleriň aglaba köpüsi türkmen döwletiniň hasabyna Türkiýäniň şirketleri tarapyndan guruldy. Emma gurluşykçylaryň sanawynda Fransiýanyň “Buig”, Eýranyň “Pars Energy” we Orsýetiň “Itera” kompaniýasynyň atlary hem agzalýar.

Şol bir wagtda-da “Awazanyň” ösüşine gönükdirilip geçirilýän halkara konferensiýalara, adatça, dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan azyndan 50-ä golaý kompaniýalary gatnaşýar.

Orsýetiň “Informasion konsalting” merkezi bolan “Roskon” kompaniýasynyň wise-presidenti Ýewgeniý Serowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Orsýetiň kompaniýalarynda Türkmenistan bilen işleşmäge uly isleg bar. Emma olar “Awaza” degişli proýektlere seresaply çemeleşýärler.

Serowyň pikiriçe, gyzyklanmanyň güýçlenmegi üçin maýa goýujylar proýektleriň ykdysady taýdan bähbitli boljagyna göz ýetirmeli. Munuň üçin bolsa anyk mysallaryň bolmagy gerek: “Eger başlangyçlar netijeli bolup, inwestorlar ýatyrylýan maýa goýumlaryň takyk girdeji getirýänligini görseler, şonda geljekde ýurduň syýahat pudagyna-da gyzyklanma artar”.

“Awaza” syýahat zonasy prezidentiň 2007-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken permany esasynda döredilip başlandy. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we munuň üçin inwestision şertleri kämilleşdirmek permanda göz öňünde tutulýan esasy maksatlaryň biridir.

Şu ýylyň sentýabr aýynda “Awaza” syýahat zonasy boýunça nobatdaky sergi we ylmy konferensiýa geçiriler. Resmi maglumatlara görä, “Awaza 2011” atly bu çäräniň gidişinde maýa goýumlar, gurluşyk, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek we halkara derejesinde köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG