Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir türkmen – bir ykbal: Balyş Öwezow


Balyş Öwezow 1975-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde aradan çykýar.
Balyş Öwezow 1975-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde aradan çykýar.
Balyş Öwezow 7 ýyl türkmen hökümetine, 9 ýyl Türkmenistana ýolbaşçylyk edipdi.
Öwezow Balyş 1915-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Daşhowuz oblastynyň (häzirki Daşoguz welaýatynyň) Tagta raýonynyň Bedirkent obasynda dogulýar. 1975-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde aradan çykýar. Sowet partiýa we döwlet işgäri.

Hünärment maşgalasynda dünýä inen Balyş Öwezow ýaşlygyndan ýetim galýar hem Dazhowzuň çagalar öýünde terbiýelenýär. 1928-31-nji ýyllarda Daşhowzuň pedtehnikumynda okaýar. Soňra şol ýerde mugallym bolýar. 1932-33-nji ýyllarda Aşgabat döwlet pedinstitutynda okaýar. 1933-51-nji ýyllarda dürli jogapkärli wezipelerde işleýär. 1951-59-njy ýyllarda Türkmenistan SSR Ministrler Sowetiniň başlygy, 1960-69-njy ýyllarda TKP MK-nyň birinji sekretary. 1970-75-nji ýyllarda TSSR MS-niň Geologiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary bolup işleýär.

Ençeme gezek TSSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlandy. Lenin ordeniniň üçüsi, Zähmet Gyzyl baýdak ordeni we medallar bilen sylaglandy.

Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasynyň 10-njy tomunyň 571-nji sahypasy.

71 ýaşly aşgabatly alym Balyş Öwezow barasynda şeýle gürrüň berýär:

- Işlän döwürlerinde dürli kynçylyklary, bulaşyk ýagdaýlary başdan geçiren, çylşyrymly ykbally şahsyýet hökmünde Balyş Öwezowyň taryhda ady galdy. Onuň ahally ýolbaşçylar toparynyň basyşyndan sypyp, iki gezek Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň başlygy wezipesinde işländigi köp zatlardan habar berýär. Şeýle-de Balyş Öwezow 9 ýylyň dowamynda TKP MK-nyň 1-nji sekretary wezipesinde saklanmagy başardy. Balyş Öwezow Türkmenistanda iň hormatlanýan, tutanýerli adamlaryň biridi.

Sowetler döwründe, umuman, partiýa-sowet edaralaryna milli kadrlar saýlanan mahaly köplenç gorkagrak, ýaranjaň, bir dulugyna tüýkürilse, beýlekisine hem tüýkürtmäge taýýar häsiýetli adamlar seçilip, wezipä bellenilýärdi. Munuň näme üçindigi düşnükli bolsa gerek. Sebäbi şeýle häsiýetliler özünden ýokardakylaryň öňünde lepbeýgulydylar we türkmen halky üçin hiç wagt alada etmezdiler. Adatça, şeýle ýolbaşçynyň esasy aladasy - oturan kürsüsini goramakdan ybaratdy. Respublikany bolsa Moskwanyň wekili dolandyrýardy.

Emma şeýle gorkak adamlar hem uly wezipede bady alynman köp wagtlap otursa, gorky duýgusy kütelişip, kem-kemden özbaşdaklyk duýup, özüni erkin alyp barmaga endik edýärdiler. Öz döwründe uly wezipeleri eýelän Annamuhammet Gylyjow, Muhammetnazar Gapurow dagy B.Öwezowyň goldawy bilen ýokary wezipelere çekildiler diýilse, uly ýalňyşlyk bolmaz. Emma wagty gelip, eýeleýän wezipesinden çekilmeli bolanda, ozalky ýakyn ”egindeşleri” birdenkä üýtgäp, onuň “aýagyna kakyp”, B.Öwezowyň ýykylmagyna aktiw gatnaşdylar.

B.Öwezowyň TKP MK-nyň 1-nji sekretary wezipesinden boşadylmagyna TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy bolan Annamuhammet Gylyjowyň onuň üstünden Syýasy Býuro eden şikaýaty sebäp bolupdyr. Şol döwürde TSSR Ministrler Sowetiniň başlygy bolan M.Gapurow hem muňa öz goşandyny goşup, bileleşip, başlygy oturan kürsüsinden düşürdipdiler.

B.Öwezow öz zamanasynyň adamy hökmünde orslardan alkogolly içgileri köp içmegi öwrenip, muňa endik edipdir. Şerhoş mahaly “Moskwa” myhmanhanasynda TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy A.Gylyjowa sataşyp, ondan: “Sen menden rugsatsyz Moskwada näme işleýäň?” diýip, gaharly sorapdyr. Gylyjow: “Meni SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy ýoldaş Podgornyý çagyrdy”” diýende, kellesi gyzyp duran B. Öwezow Podgornynyň, Gylyjowyň adresine hapa sözler bilen sögünipdir. Bu käýinji Gylyjow örän gaty görüp, ol bolan wakany Podgorna ýetiripdir. Ol hem öz gezeginde Syýasy Býuronyň agzasy hökmünde meseläniň Býuroda goýulmagyny gazanypdyr. Ine, şu esasy bahana bilen respublikadaky ýüze çykan köp ýetmezçilikleriň sebäpkäri edilip, B.Öwezow wezipesinden boşadylypdyr. Ömrüniň soňky ýyllaryny ol TSSR-iň Geologiýa uprawleniýesinde kadrlar boýunça orunbasar wezipesinde, Nazar Söýünowyň golastynda işledi.

Men 1965-1968-nji ýyllar aralygynda onuň gyzy Mira we ogly Batyr bilen bir binada - Türkmenistanyň Moskwadaky häzirki ilçihanasynyň ýerleşen aspirantlaryň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşadym. B.Öwezowyň çagalary gowy häsiýetli, myhmansöýer adamlardy. Olaryň şeýle häsiýetlerini üýtgetmän gelendiklerini belläsim gelýär. Gyzy Mira medisinanyň newrologiýa pudagynda aspiranturada okap, öz wagtynda medisina ylymlarynyň kandidaty bolup, soňky wagtalara çenli Türkmen Döwlet Medisina Institutynda mugallym we lukman bolup işledi. Batyr Öwezow ylymlaryň doktory derejesine ýetip, uly wezipelerde, Türkmenistanyň Pedagogik we Politehnik institutlarynda rektor, Türkmenistan özbaşdaklygyny alandan soňra, biraz wagt wise-premýer wezipelerinde işledi. Soňra bolsa S.Nyýazowyň şahsyýet kultuny goldamandygy sebäpli ýurdy terk edip, Moskwa gaýtmaly boldy we 2008-nji ýylda onuň ýüregi urmasyny goýdy.

B.Öwezow TKP MK-nyň 1-nji sekretarlygynyň soňky ýylynda Garagum kanalynyň ykdysady ähmiýeti barada dissertasiýa taýýarlap, goramaga synanyşypdy. Moskwa Türkmenistandan ýagdyrylan golsuz hatlar dissertasiýanyň goramaly güni onuň ýatyrylmagyna sebäp bolupdy.

Ustünden şikaýat edilýändigine, golsuz hatlaryň ýagdyrylýandygyna garamazdan, ony ruhy hem maddy taýdan goldaýanlaram bardy.

70-nji ýyllaryň başlarynda, wezipeden çetleşdirilenden soň, ol şol döwürdäki partiýanyň Daşhowuz obkomunyň, raýkomlarynyň ýokary derejeli işgärleriniň Leniniň soňky çykan galyň tomunyň sahypalarynyň arasyna ýüzlük manatlary salyp, B.Öwezowa onuň doglan güni sowgat berendiklerini şol wakalara şaýat bolan adam maňa gürrüň beripdi. Şeýle ýagdaýy parahorluk diýip atlandyrmalymy ýa-da oňa goýlan hormat? Bu soraga jogap bermegi köpçülige galdyralyň. Gürrüňimi ýene bir sorag bilen tamamlamakçy: Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylary wezipeden sypdyrylsa, olara Balyş Öwezowa ýa Muhammetnazar Gapurowa goýlan hormat, sarpa goýlarmyka?

– diýip, 71 ýaşly aşgabatly alym gürrüňini tamamlady.
XS
SM
MD
LG