Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowanyň demirgazygynda ýagdaý dartgynly


KFOR-yň howpsuzlyk güýçleri demirgazykdaky Mitrowisa şäherinde, 28-nji iýul.
KFOR-yň howpsuzlyk güýçleri demirgazykdaky Mitrowisa şäherinde, 28-nji iýul.
Kosowanyň demirgazygynda – Serbiýa bilen serhetde dörän etniki ýowuzlygyň mundan beýläk-de özgermeginiň öňüni almak maksady bilen NATO-nyň parahatçylygy goraýjy güýçleri şol ýerdäki iki sany serhet geçelgesinde howpsuzlyk gözegçiligini ýola goýdular.

Çarşenbe güni serbleriň bir topary serhetdäki barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edipdi. Bu wakalarda bir polisiýa işgäri öldi.

Kosowanyň demirgazygynda etnik serbler bilen etnik albanlaryň arasyndaky dartgynlygy maslahat etmek üçin BMG-niň Howpuszlyk Geňeşi Nýu-Ýorkda ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat geçirer.

Çarşenbe güni Kosowanyň demirgazygyndaky hüjümi ýüzleri nikaply 50 töweregi etnik serblerden ybarat bir topar amala aşyrdy. Olar Jarinje serhet geçelgesine hüjüm edip, şol ýerdäki “Derweze 1” atly barlag gözegçilik nokadyny buldozer bilen weýran etdiler. Şeýle-de “molotow kokteýllerini”, ýagny, içi ýangyçly çüýşeleri zyňyp, binalara ot berdiler.

Çarşenbe güni Kosowanyň demirgazygyndaky hüjümi ýüzleri nikaply 50 töweregi etnik serblerden ybarat bir topar amala aşyrdy.
Turan jenjeliň dowamynda atylýan ýaraglaryň sesini hem eşitmek bolýardy. Gazaplylyk ýüze çykandan soň ol ýere iberilen NATO Kosowa güýçleriniň (KFOR) aýtmagyna görä, olara garşy hem ot açylypdyr.

Serbiýanyň hökümetiniň metbugat wekili Miliwoje Mihajlowiç penşenbe güni Belgradda çykyş edip, ýagdaýlary köşeşdirmäge synanyşdy: “Serbiýanyň hökümeti Kosowadaky we Methoýidaky ähli raýatlaryny asudalygy saklamaga, ganygyzgynlykdan daş durmaga, şeýle-de prowokasiýalara gitmezlige çagyrýar. Serbiýanyň hökümeti ähli soraglaryň we açyk meseleleri diňe gepleşikler arkaly çözmek pozisiýasyny eýeleýär. Gahar-gazap hiç bir ýagdaýda-da meseläniň çözgüdi bolup bilmez”.

Çarşenbe güni amala aşyrylan hüjüm şu aýyň 25-ine Kosowanyň ýörite polisiýasynyň serhet postlary eýeläp, Serbiýadan gelýän harytlaryň importuna girizilen gadaganlygy berkitmek boýunça başlan opreasiýasyna jogap hökmünde geçirildi. Şeýle haryt gadagançylygyny Serbiýa hem indi Kosowa garşy ulanyp gelýär. Serbiýa Kosowanyň 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan etmegini inkär edýär.

Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi bu waka boýunça resmi Belgrady günäkärledi: “Serbiýanyň parallel guramalarynyň liderleri tarapyndan dolandyrylýan, şeýle-de Belgradyň resmilerinden ruhlanan guramaçylykly jenaýatçylykly topar ilki bilen “Serhet posty 1-e”, ondan soň “Serhet posty 31-e” hüjüm etdi. Bu gazaba Serbiýanyň ýokary syýasy edaralary tarapyndan görkezme berildi we bu olar tarapyndan koordenirlendi”.

Etnik albanlaryň Priştinadaky hökümeti üç ýyl mundan ozal Serbiýadan aýrylyp, Kosowanyň garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, gürrüňi gidýän bu demirgazyk regionlaryna kontrollyk etmeýärdi. Belgrad 1999-njy ýylda Kosowanyň üstünden häkimligini ýitiripdi. Şol döwürde NATO güýçleri etnik albanlaryň öldürilmeginiň öňüni almak üçin bomba hüjümlerini amala aşyrypdy.

Häzir Kosowanyň demirgazgygynda 60,000 töweregi Kosowa serbleri ýaşaýar. Bularyň köpüsi Kosowanyň garaşszylygyny ret edip, henizem Belgrady özleriniň paýtagty diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG