Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň maslahatçysy indiki prezidentiň kim boljagyny ýaňzytdy


Timur Kulibaýew prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinaranyň ýanýoldaşy.
Timur Kulibaýew prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinaranyň ýanýoldaşy.
Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň Germaniýanyň bir syrkawhanasynda özüne gizlinlikde operasiýa etdirendigi barada metbugatda habarlar peýda bolansoň, 71 ýaşly prezidentiň häkimiýeti tabşyrmagy hakdaky pikirler hem syýasy durmuşda edilýän baş gürrüňleriň birine öwrüldi.

Geçen hepde gazak prezidentiniň syýasy meseleler boýunça maslahatçysy Ýermuhammet Ýertysbaýew ýurduň prezidentiniň bir sebäp bilen wezipesinden giden halatynda, onuň ornuna prezidentiň giýewsi Timur Kulibaýewiň geçip biljekdigini aýdypdy. Bu barada Ýertysbaýew geçen hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň “Kommersant” gazetinde çap bolan interwýusynda belledi.

Timur Kulibaýew prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinaranyň ýanýoldaşy. Daşary ýurt metbugatlarynda onuň Britaniýada ýaşaýan nebit tüçjary, asly gazagystanly zenan Goga Aşkenazi bilen hem pynhan gatnaşyklarynyň bardygy barada aýdylypdy.

44 ýaşly Kulibaýew şu ýyl “Samruk kazyna” atly döwlet üpjünçilik fondunyň başlygy wezipesine bellenipdi. Bu fond Gazagystanyň ykdysady baýlygynyň 60 prosente golaýyna eýeçilik edýär. Onuň düzümine bolsa ýurduň energiýa, transport we aragatnaşyk pudaklary ýaly birgiden möhüm pudaklar hem girýär.

Kulibaýew onsuz hem ýurduň iň baý kompaniýalarynyň biri bolan “KazEnergy” hususy assosiasiýanyň başlygy wezipesini eýeläp gelýär. Bu assosiasiýanyň garamagynda-da ýurduň iň esasy nebit, gaz we uran öndüriji kompaniýalarynyň 50-den gowragy bar.

Milliarderleriň sanawyna girýän Kulibaýewiň özi bolsa, syýasat bilen meşgul bolmaga hiç höwesiniň ýokdugyny aýdýar. Ýertysbaýewiň “Kommersant” gazetine beren interwýusyndan birnäçe sagat soň, prezidentiň giýewsi özüniň bu pozisiýasyny gazak habar agentliklerine ýene-de bir gezek mälim edipdi. Ol: “Dogrymy aýtsam, bu beýanat meniň üçin dolulygyna garaşylmadyk ýagdaý boldy. Men özümi hiç haçan syýasatçy hökmünde häsiýetlendirmeýärdim” diýdi.

Gazagystanyň ozalky energiýa, senagat we söwda ministri bolan Muhtar Ablýazow şu aýyň 2-ine “K+” telekanalyna beren interwýusynda Timur Kulibaýewi Nazarbaýewiň ornuna geçjek adam hökmünde saýmaýandygyny aýdypdy.

“Men ony şahsy gowy tanaýaryn. Şeýle-de men doly ynam bilen onuň esasy üstünlikleri özüniň şahsy zähmeti bilen gazanylman, eýse Nursoltan Nazarbaýewiň gyzyna öýleneni üçin mümkin bolandygyny aýdyp biljek. Şeýle-de Timuryň häsiýetiniň esasy taraplarynyň biri onuň häzirki şowlulygynyň aglaba böleginiň gaýnyna bagly bolmagydyr. Timuryň göreşmäge ne ukyby, ne-de endigi bar”.

Ýakynda Nazarbaýewiň köp wagtlap jemgyýetçiligiň gözünden ýitirim bolmagynyň sebäbini ýurduň resmileri onuň dynç alşa gidendigi bilen düşündiren bolsalar, Germaniýanyň “Bild” gazeti muny gazak prezidentine edilen prostat operasiýasy bilen düşündirdi.

Resmiler Nazarbaýew Germaniýada özüni bejertdi diýen habara hiç bir düşündiriş bermediler.

Nursoltan Nazarbaýew indi 1989-njy ýyldan bäri Gazagystana liderlik edip gelýär. Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Nazarbaýew dördülenji möhlete prezident saýlandy.
XS
SM
MD
LG