Wideo: Norwegiýadaky wakalardan soňky görnüşler
Norwegiýada 22-nji iýulda bolan bombaly we ýaragly hüjümler onlarça adamyň ömür tanapyny üzdi.
Soňky berlen maglumatlara görä, Utoeýa adasynda ýerleşýän ýaşlar düşelgesine ýaragly adamyň hüjüm etmegi netijesinde onlarça adam ölüpdir. Mundan az salym öň bolsa, Oslo şäheriniň merkezinde bolan bomba partlamasynda azyndan 7 adam ölüpdir. Polisiýa iki hüjümi hem bir adam amala aşyrdy diýen pikirde.
Norwegiýanyň mediasy şübhe bildirilýän hüjümçiniň adynyň Anders Behring Breiwikdigini aýdýar, emma polisiýa hüjümçiniň şahsyýetini tassyklamady.
Adadaky hüjüme şaýat bolanlar ýaragly adamyň polisiýanyň geýiminde gelip, ol ýerdäkileri gürleşmek üçin öz ýanyna çagyrandygyny aýdýarlar. Soňra ol ot açypdyr.
Ýerli medianyň aýtmagyna görä, 32 ýaşly Anders Behring Breiwik Utoeýa adasyndaky ýaragly hüjümden soň tussag edilipdir.
“Biziň düşlän ýerimize ýaragly adam bardy” diýip, Hana Barzingi bilen Kawitiraa Arawintan bilelikde habarçylara aýtdy. “Ol polisiýa işgärine meňzeýärdi, onuň geýimi, ýaragy we beýleki zatlary ýerbe-ýerdi. Emma Norwegiýada polisiýa ýarag götermeýär, şol sebäpli bu gorkunç ýagdaýdy. Biz başda üýşdük, ol bolsa ýanymyza gelip ot açmaga başlady. Hemmämiz ilki başda ol oýun edýändir öýtdük”.Polisiýa resmileri tussag edilen 32 ýaşly norwegiýalynyň indi özleriniň derňew işine kömek berýändigini we adamlary öldürmäge nämäniň itergi berendigini düşündirmek isleýändigini aýdýarlar.
“Ol öz ýagdaýyny düşündirmek isleýändigini açyk aýtdy” diýip, polisiýanyň resmisi Roger Andresen žurnalistlere aýtdy.
Polisiýanyň başga bir resmisi AP bilen özara gürrüňdeşlikde “bu hüjümiň halkara terrorist guramalary bilen dahyla bara meňzemeýändigini” aýdyp, “munuň yslam terrorizmi bilen baglanyşykly hüjüm ýaly hem görünmeýändigini…Bu wakanyň däli adamyň işine çalym edýändigini” belledi.
Polisiýa tussag edilen adamyň öý kompýuterindäki websahypa çelgileri onuň sagçy “hristian fundamentalistdigini” görkezýär diýdi.
Şübhe bildirilýän adamyňkydygy aýdylan “Twitter” hasabynda 17-nji iýulda ýerleşdirilen ýekeje ýazgy bar. Ol ýerde pelsepeçi Jon Stýuart Millden sitata getirilýär: “Ynanjy bolan bir adam diňe bähbitleri bolan 100,000 adamyň güýjüne eýedir”.
Norwegiýanyň premýer-ministri Jens Stoltenberg 23-nji iýulda Osloda geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, ýurtda sagçy toparlaryň bardygyny aýtdy.
“Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende, biziň Norwegiýadaky sagçy ekstermistler bilen uly problemamyzyň bardygyny aýdyp biljek däl, emma bizde käbir toparlar bardy” diýip, premýer aýtdy. “Biz öň olary yzarladyk, biziň polisiýamyz birnäçe sagçy ektremist toparlaryň ýa-da, iň bolmanda, şoňa meňzeşleriň bardygyndan habarly”.
Emma Stoltenberg tussag edilen adamyň şeýle toparlara näderejede dahylynyň bardygyny we 22-nji iýuldaky hüjümleriň sebäbiniň munuň bilen baglanyşygyny anyklamagyň polisiýanyň wezipesidigini belledi.
Ýerli media bu ýaragly hüjümde ikinji adamyň hem bolandygy barada şaýatlar tarapyndan aýdylýanlary polisiýanyň derňeýändigini aýdýar, emma ikinji adamyň gatnaşandygyny görkezýän delil häzirlikçe ýok.
Bu aralykda, bir ekerançylyk kompaniýasy oba hojalygy biznesini ýöredendigi aýdylýan Breiwige sekiz tonna dökün satandygyny aýdýar. Şol dökünleriň Oslodaky partlamalary amala aşyrmak üçin ulanylan bolmagynyň mümkindigi barada dürli pikirler orta atylýar.
Taryhdaky iň aýylganç ýaragly hüjümleriň biri
23-nji iýulda giçlik Stoltenberg Utoeýadaky hüjümlerde ejir çekenleri, pida bolanlaryň maşgalalaryny görmek üçin, Norwegiýanyň patyşasy Harald, korolewasy Sonýa we şazadasy Haakon bilen birlikde, adanyň golaýyndaky Sundwollen şäherine gidendigini bardy. Duşuşyklardan soň, ol özüniň “çuňňur gynanandygyny” aýtdy we öz hökümetiniň “olara mümkin bolan iň uly goldawy bermek üçin hiç zady gaýgyrmajakdygyny” nygtady.
Stolenberg Utoeýadaky hüjümleriň amala aşyrylan wagtyndan birnäçe sagat soň şo ýere barmak planynyň bolandygyny hem aýan etdi.
22-nji iýulda Oslo şäheriniň merkezindäki binanyň daşynda emele gelen partlamada küli çykan maşynyň galak-gaçagy.
Norwegiýadaky bu ot açyşlyk taryhdaky iň elhenç ýaragly hüjümleriň arasyna girýär. Premýer-ministriň edarasynyň daşyndaky partlamalara hem şaýat bolan 22-nji iýul Günbatar Ýewropada, 2004-nji ýylda Madridde ýolagçy otlusyna edilen we 191 adamyň ölümine getiren bombaly hüjümlerden soňky, terroryň iň ganly güni boldy.
Norwegiýadaky bu ot açyşlyk taryhdaky iň elhenç ýaragly hüjümleriň arasyna girýär. Premýer-ministriň edarasynyň daşyndaky partlamalara hem şaýat bolan 22-nji iýul Günbatar Ýewropada, 2004-nji ýylda Madridde ýolagçy otlusyna edilen we 191 adamyň ölümine getiren bombaly hüjümlerden soňky, terroryň iň ganly güni boldy.
Oslodaky başagaýlyk
Hüjümleriň yzysüre Norwegiýanyň howpsuzlyk güýçleri Oslo şäheriniň merkezini gurşap aldylar, polisiýa adamlary şäher merkezinden daşlaşmaga çagyrdy. Bomba ekspertleri bolsa, ýüzlerçe adam ewakuasiýa edilenden soň, Utoeýa adasyny barlap başladylar.
Oslo polisiýasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Sweinung Sponheim soňra žurnalistlere adadan atylmadyk partlaýjy maddalaryň tapylandygyny aýtdy.
Paýtagtdaky partlamanyň episentri premýer-ministr Jens Stoltenbergiň edarasynyň we onuň administrasiýasynyň ýerleşýän binasynyň beýikligi bilen deň boldy.
Norwegiýanyň telewideniýesi tarapyndan efire berlen wideoda binanyň aýnalarynyň köpüsiniň döwlendigi görünýär. Iň aşakdaky gat dolulygyna weýran bolana çalym edýär. Aýna bölekleri binanyň öňündäki meýdança pytrap ýatyr.
Partlamada Norwegiýanyň öňde baryjy gazetleriniň birnäçesiniň edara jaýlaryna hem zeper ýetdi.
Partlama ýüze çykan wagty, ýerli wagt bilen sagat 3:30 töwerekleri, Stoltenberg öz öýünde işläp otyr eken, oňa şikes ýetmedi.
Adatdan daşay ýagdaýlar boýunça gullugyň işgärleri ýaşlary Utoeýa adasyndaky düşelgeden çykarýar, 23-nji iýul.
Partlamadan birnäçe sagat soň geçirilen metbugat konferensiýasynda premýer-ministr hüjümi amala aşyranlary adalatyň öňüne getirmegi wada berdi, emma hüjümiň potensial sebäpleri barada aýtmakdan saklandy.
Partlamadan birnäçe sagat soň geçirilen metbugat konferensiýasynda premýer-ministr hüjümi amala aşyranlary adalatyň öňüne getirmegi wada berdi, emma hüjümiň potensial sebäpleri barada aýtmakdan saklandy.
Ol: “Bizi hiç kim bombalap, sem edip bilmez” diýdi.
“Zorluga jogap has köp demokratiýa, has köp adamkärçilik, emma has köp mönlük däldir”.
Halkara ýazgaryşlar
Waşingtonda Döwlet departamentiniň metbugat wekili hüjümleri ýazgaryp çykyş etdi. Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň Norwegiýa goldaw bermegiň arkasynda durýandygyny mälim etdi.
“Men Norwegiýanyň halkyna gynanç bildirmek isledim. Bu waka şuňa meňzeş terroryň amala aşyrylmagynyň öňüni almakda tutuş halkara jemgyýetçiliginiň paýynyň bardygyny hem-de aňtaw we şeýle aýylganç hüjümleriň öňüni almak meselesinde bilelikde işleşmelidigimizi ýatladýar” diýip, Obama aýtdy.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Norwegiýada bolup geçen wakalary “gorkunç” diýip häsiýetlendirdi we “olary hiç zadyň aklap bilmejekdigini” nygtady.
Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Norwegiýadaky hüjümleri ýazgaryp, olaryň arkasyndaky “belany” ýeňip geçmekde Britaniýanyň ýardamyny wada etdi.
Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Milletler Guramasy we NATO-nyň ählisi hüjümleri ýazgardylar. NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen ony “ýigrenji hereket” diýip atlandyrdy. BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bolan wakalara özüniň “şok” bolandygyny aýtdy.
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso hem özüniň “juda şok bolandygyny” mälim edip, şu derejedäki hüjümiň “ýurtdaky parahatçylygy we daşynda parahatçylyk döredijiligi bilen giňden tanalýan Norwegiýada boljagyna hiç kim garaşmazdy” diýip belledi.
Agentlikleriň beren maglumatlary esasynda taýýarlandy.