Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda Abadan partlamasynyň pidalaryna, olaryň ýakynlaryna, maddy zyýan çekenlere döwlet tarapyndan kömek beriljekdigini aýdypdy.
“Bizde beýle zat ýok. Ýöne prezident howpsuzlyk geňeşinde “hökman kömek ederis” diýdi. Şol gürrüň bilenem galdy. Bizde kiçijik zatlaram, kabul edilýän kararlaram halka ýetirilenok. Ýogsa, şolaryň ählisi halkyň bähbidine. Hökümetiň syýasatynyň-da bähbidine. Özüniň-de abraýyny artdyrjak zatlar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Soňra ol şeýle diýýär: “Näme üçindir şu zatlar ýaşyrylýar. Pynhanlyk böwedi böwsülmese, pynhanlygyň polat perdesi syrylmasa, halk özi hakynda edilýän aladadan bihabar galýar, döwletem öz halky barada edýän aladalaryny öz halkyndan ýaşyryn saklaýar, ine, şeýle kartina”.
Ýaralanan ýokmy?
Resmi häkimiýetler Abadan partlamasy baradaky habarlar dünýä ýaýrandan soň, 15 adamyň ölendigini boýun aldy. Ýöne ýaralananlar barasynda ýeke sözem aýdylmady. 15 adamyň ömür tanapyny gyran partlamada ýaralananlaryň boljagy belli diýip, synçylar belleýärler.
Aşgabatly bir diňleýji şeýle ýazýar: “Bir zenan maňa şeýle gürrüň berdi: Oda ýanan adamlarynyň jesetleriniň galyndylaryny bir samoswal, özi agdarýan maşyna, ýükläp, şäheriň daşyna alyp gitdiler. Hossarlaryna ölüm hakynda şahadatnama berilýär. Ýöne şol dokumentde ölümiň sebäbi görkezilmeýär”.
Dünýäniň köp ýurdunda tebigy ýa tehnogen hadysalarda heläk bolanlara, ýaralananlara anyk möçberde maddy kömek berilýär, kömegiň pul görnüşindäki möçberi kararda görkezilip, habar serişdelerinde ile ýetirilýär.
Bu meselede türkmen mediasy dymýar. “Il içinde hiç hili gürrüň ýok bu barasynda. Güneş posýologam, GRES-em daş ýerdäki däl, aýak ýeter ýerde. Pylanyň maşgalasy pylança kömek alypdyr diýen gürrüňi men-ä eşitmedim” diýip, Bugaýew belleýär.
Syýasatyň arkasynda bukulmak
Aşgabatly diňleýjiniň hatyndan sitata: “Türkmen hökümetiniň gorkaklygyna, nalajedeýinligine bolan duýgymy, gaharymy doly aňlatmaga söz hem özüme ýer tapamok. Büzmeýinlileleriň şeýle biparhlygyna hiç düşünip bilmeýärin”.
Ýazyjy Bugaýew halkyň öň sowet döwründe, soňam Nyýazow zamanynda gözüniň odunyň alnandygyna ünsi çekýär. Onuň pikiriçe, adamlar hak-hukugyny talap etse-de, “jenaýat edýändirin, döwlet syýasatynyň garşysyna gidýändirin” diýip, pikir edýärler.
“Jemgyýetde şeýle pikiriň peýda bolmagynyň düýp sebäbi - ýerli çinownikler islendik adam islendik meselede närazylyk bildirse, “Sen näme prezidentiň, döwletiň syýasatyna garşymy, sen nämä atyňy ýeke çapýarsyň?!” diýip, üstüne sürünýärler kiçijik çinownikler. Onsoň adamlar “Aç başym, dynç gulagym” diýip, çagalarymyň arasyndan sag-aman örläýin diýip, özüni özi kemsidýär” diýip, Bugaýew aýdýar.
Bugaýew sözüne şeýle jemleýär: “Hakyňy-hukugyňy ilki bir talap edip görmeli. Onsoň maňlaýyň gara daşa degse, onda “Hak iş üçin maňlaýymy gara daşa degirdiňiz” diýip, düşündiriş talap etmeli. Adamlarda öz mertebesini goramak, öz hak-hukugyny goramak medeniýetimi, ýörelgesimi – şu zatlar ýok”.