Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara öýler täzeden durmuşa ornaşýar


Ir döwürler, ýagny 70-80 ýyl mundan ozal türkmen obalarynda ýaşamak üçin gurlan gara öýleriň täzeden durmuşa ornaşýandygy göze ilýär.

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýaşaýan Sona daýza hem öz melleginde gara öý gurdurupdyr. Gara öýler 6 ganat hem-de 8 ganat bolýar. Ilat arasynda köplenç 6 ganat öýler gurulýar. Bu tipli öýler ilki gurlan wagty ak öý diýlip atlandyrylýar. Wagtyň geçmegi bilen, könelenden soň, oňa «gara öý» diýilýär.

Üç bölekden düzülýän gara öýleriň aşaky bölegi tärim diýip atlandyrylýar. Tärimden soň uk düzülýär. Ukdan soň tüýnük düzülýär. Tärim bilen gapy deň bolmaly. Gapysy ikitaraplaýyn açylýan, pessejik gapy bolup, öýe gireniňde eglip girilýär. Ony aýagyň bilen itip açmaly, gapy hiç ýerine çüý urulman ýasalýar, ol düýäniň hamy bilen berkidilip gurnalýar.

Alty sany tärimi, altmyş sany ugy bolan alty ganat gara öýleriň gyş ýapynjasy bir başga, tomus ýapynjasy bir başga bolýar. Içine ak mata aýlanandan soň oňa ak öý diýilýär. Tomsuna salkyn bolar ýaly öýüň üstüne keçe atylýar. Keçe Güne ýanmaz ýaly, onuň üstünden hem ak mata ýapylýar. Gyşyna bolsa ak mata aýrylyp, ýagyn geçmez ýaly, öýüň üstünden brezent mata çekilýär.

«Altmyş başly ak öýüň ýaraşygy sallançak»

Gara öýe degişli soňky işler barada Sona daýza şeýle gürrüň berdi: “Öýüň iç tarapyndan 4-5 ýerinden uk bagy çekilýär. Tüýnügi tärime berkitmeli. Tüýnügi tärime berkideniňden soň, sallançak gurnap uçubermeli. «Altmyş başly ak öýüň ýaraşygy sallançak» diýip, ene-mamalarymyz aýdypdyrlar. Tüýnügiň altmyş sany deşigi bolýar. Ugy hem altmyş sany bolýar. Uk diýilýän enjam eglip duran garry adamlara meňzeýär, altmyş başly diýilmegi hem, ugy eglip duran başa meňzedip aýdýarlar”.

Ähli zat gurnalyp bolnandan soň, gapynyň ýanynda dikilen agaçdan başlap, gamşy öýüň daşy bilen aýlap, gapynyň beýleki tarapyna çenli getirmeli. Soňra gamşyň üç ýerinden ala ýüp aýlap berkitmeli. Ala ýüp türkmenleriň yrymyna görä ulanylýar, hem-de ol öýe gelşik berýär.

Öýüň içi samanly toýun palçyk bilen suwalýar. Öýüň içine gireniňde gapynyň gabadynda çuwal asylýar. Çuwala egin-eşik salynýar. Çuwalyň ýokary ýanyndan torba asylýar. Torba gap-gajyňy salmaly. Häzirki döwürdäki gara öýlerde türkmenleriň gülli sandygy goýlup, ol üstüne ýorgan-düşek galdyrmak üçin ulanylýar. Şeýle hem häzirki döwürde gara öýlerde telewizor hem goýulýar. Öýüň törüne gelin-gyzlarymyzyň elde dokaýan halysy «düýp haly» diýlip düşelýär.

Täze tendensiýa

Ozalky döwürler öýüň ortasynda ojar odun ýakyp, taganyň üstünde gazan goýup, nahar bişiripdirler, tüňçelerde çaý gaýnadypdyrlar, tüsse çykar ýaly tüýnügi açyp goýupdyrlar. Häzirki döwürde gara öýleriň içinde gaz peçlerini gurup, ukdan turba çykaryp, öýi ýyladýarlar.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklarda ak öýler dikilip, onuň içinde bagşylar aýdym-saz çykyşlaryny gurnaýarlar. Ak öýleriň öňünde gelin-gyzlar pişme, çapady ýaly milli iýmitleri bişirýärler.

Oba ýaşaýjylary bolsa gurban baýramynda öz myhmanlaryny ak öýlerde garşylamagy gowy görýärler. Käte üýşüp ak öýde bagşy diňleýärler. Ýaş gyzlar durmuşa çykanlarynda milli egin-eşik geýip, ak öýden gelin bolup çykmagy gowy görýärler. Munuň üçin soňky wagtlar ak öýler kireýine hem berilýär.

Meýdan işlerinde işleýän kärendeçiler bolsa öz kärende ýerleriniň gyrasynda gara öý dikip ýaşamaga çalyşýarlar. Meýdanlarda gara öýi islän ýeriňde dikibem bolýar, islän wagtyň söküp alyp gaýtsaň hem bolýar.

Şular ýaly öýleri gurnap berýän ýörite ussalaryň bardygyny, gara öý gurunmagyň ähli çykdajysynyň üç müň manada düşýändigini Sona daýza aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG