Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dikeldiş işleri dowam edýär


Partlamada Abadan şäherindäki Sport mekdebine hem zeper ýetdi.
Partlamada Abadan şäherindäki Sport mekdebine hem zeper ýetdi.
7-nji iýulda Abadan şäherinde ýerleşen ýarag ammarynda bolan partlamanyň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmak üçin döwlet tarapyndan dikeldiş işlerini geçirmeklik dowam edýär.

Abadan şäheriniň ýaşaýjysy Bägüliň aýtmagyna görä, ilkibaşda guramaçylyk taýdan gowşak bolan dikeldiş işleri soňky günler has netijeli alnyp barylýar.

Ýaşaýjylar hem indi agyr gorkudan, ilkinji kynçylyklardan birneme saplanyp, kadaly ýagdaýa gelip ugradylar. Ýykan-ýumranlykdan soň dargap ýatan aýna böleklerinden, döwlen penjireleriň galyndylaryndan köçeler arassalandy. Şäheriň söwda bazary we onuň töweregindäki hususy dükanlar bejerilip, tertibe salyndy.

“Bu waka bilen baglanyşykly ilat arasynda döwlet ýolbaşçylaryna dörän närazyçylykly garaýyşlar hem assa-ýuwaş ýatyşýar” diýip, Bägül partlamadan soň ilaty azyk önümleri, gyzgyn nahar bilen üpjün edilmegiň has hem guramaçylykly bolandygyny gürrüň berdi.

Ýöne welin, ilat arasynda dürli häsiýetli adamlaryň özlerini alyp baryşlary örän geň galdyryjydygyny hem Bägül aýtdy. Onuň gürrüň bermegine görä, partlamadan soň ilata berlen gyzgyn nahary almakda göze-başa düşüp, gelşiksiz hereketler edýän zenanlar, çagalar hem köp bolupdyr.

Dürli ölçegdäki gaplary nahardan dolduryp, öýlerine nahar daşaýan käbir ýaşaýjylar biri-birinden öňe düşjek bolşup, göze-başa düşüpdirler. “Bu betbagtçylygyň günäkäri kim, onuň ilata ýetiren zyýanynyň öwezini nädip dolmaly, bu zatlar barada oýlanýan az” diýip, Bägül aýdýar.

Onuň pikirine görä, bu hadysa bilen baglanyşykly döwlet tarapyndan berilýän ýardamlara örän berk gözegçilik hem zerur.

“Berilýän ýardamlary halka ýetirmekde, bu işe gatnaşygy bolan adamlaryň arasynda, eli egrilik edip, ilat üçin goýberilýän ýardamlary öz şahsy bähbitleri üçin ulanjaklar hem tapylman durmaz” diýip, Bägül belleýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG