Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Graždan aktiwistleri: “Abadandaky wakalar barada açyk habar berilmeli”


"Halkara Sosial-ekologik klub" Abadandaky betbagytçylyk bilen baglylykda metbugatyň üsti bilen türkmen hökümetine ýüzlendi. Beýannamanyň awtorlary partlamalarda heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň hossarlaryna gynanç bildirýärler, türkmen hökümetini bolsa açyklyga çagyrýarlar.

“Halkara Sosial-ekologik klub” 14-nji iýulda metbugat üsti bilen ýaýradan öz beýananmasynda türkmen häkimiýetlerini Abadandaky wakalar barada maglumat toplap ýaýradýan adamlary yzarlamagyny bes etmäge çagyrýar.

“Halkara sosial-ekologik klubuň” egindeş başlygy Andreý Zatoka Türkmenistanda hakykaty bilmäge we gören zatlary barada beýleki adamlara habar bermäge synanyşýan adamlara basyşlaryň üznüksiz dowam etdirilmeginiň aladalanmalary güýçlendirýänligini belleýär. Onuň sözlerine görä, Abadandaky wakalar bilen baglylykda şeýle basyşlar ýene-de ýüze çykdy.

Foto we wideoýazgylaryň öňüniň alnyşy

“Şol ýerde bolanlar, şaýatlar ellerinden mobil telefonlaryny fotokameralaryny almak synanyşyklaryň we gadagançylyklaryň bolanlygyny habar berdiler. Olar bolan wakalary surata düşüren adamlar bilen profilaktiki söhbetdeşlikleriň geçirilenligini hem gürrüň berdiler” diýip, Zatoka belleýär.

“Adamlar hakykaty bilmage hakly, maglumat ýetmezçiligi bolsa gümürtik myş-myşlaryň, dowluň we hökümete garşylygyň döremegine getirýär” diýip, “Halkara sosial-ekologik klubuň” ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

Bu halkara guramanyň Abadandaky partlamalarda heläk bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýär we hökümetiň bolan wakalaryň hakyky möçberini anyklap, bu barada açyk we batyrgaý habar berjegine, onuň adamlara zerur ýardamy etjegine umyt baglaýar.

Ýitgileri boýun almak

Emma guramanyň bellemegine görä, munuň üçin heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň sanawlaryny düzmek we bu sanawy çap etmek zerur.

Beýannamanyň awtorlarynyň pikirine görä, adamlara ýeten zeperiň öwezini dolmak üçin beriljek kömegiň möçberi takyk kesgitlenmeli we köpçüligiň dykgatyna ýetirilmeli. Hökümetiň bu kompensasiýasy käbir resmiler tarapyndan öz jübüsini galňatmak üçin ulanylmaz ýaly we jemgyýetde agzalalyk döremez ýaly bolsa muňa berk gözegçilik edilmeli.

Beýannamada Türkmenistanyň hökümetiniň jikme-jik derňew geçirmelidigi we partlaýjy hem zäherli serişdeleriň saklanyşyna, spesialistleriň derejesine we olary taýýarlamak meselesine aýratyn üns bermelidigi bellenýär. Türkmenistanda graždan jemgyýetçiligiň dikeldilmeginiň zerurlygyna hem üns berilýär.

“Ähli ýurtlarda graždan jemgyýetçiligi adalatlylygyň, dogruçyllygyň we häkimiýetlere pozitiw basyşlaryň esasy binýady bolup durýar” diýip, Zatoka graždan jemgyýetçiliginiň ähmiýetini nygtaýar.

Hakykat nirede?

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň resmi maglumatlarynda Abadanyň harby ammarlarynda bolan partlamalar netijesinde 15 adamyň heläk bolanlygy aýdyldy. Garaşsyz çeşmelerde bolsa heläk bolanlaryň sanynyň müňden aşanlygy aýdylýar. Ýurduň informasion taýdan ýapyklygy maglumatlary tassyklatmak işini kynlaşdyrýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň ýaşaýjylary, graždan aktiwistleri, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň agzalary we garaşsyz synçylar türkmen häkimiýetleri Abadandaky wakalar barada hakykata gabat gelýän maglumatlary köpçülige aýtmakdan saklanyp gelýärler diýip, pikir edýärler.

Olaryň ählisi Türkmenistanyň açyklyk syýasatyny yglan edýän häzirki hökümetiniň bu düşnüksiz pozisiýasynyň akyl-paýhasa gabat gelmeýänligini we onuň il içinde ynamsyzlygy hem nägileligi güýçlendirýänligini duýdurýarlar.
XS
SM
MD
LG