Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen oppozisiýasy saýlawlara gatnaşmaga taýýardygyny aýdýar


Türkmenistanyň sürgünlikdäki “Respublikan” partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow
Türkmenistanyň sürgünlikdäki “Respublikan” partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow
Türkmen oppozisiýasyndan “Watan” oppozision syýasy hereketiň ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow we Türkmenistanyň sürgünlikdäki “Respublikan” partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow tarapyndan 12-nji iýulda ýaýradylan bilelikdäki beýannamada olaryň 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana barmaga taýýardygy aýdylýar.

“Watan” oppozision syýasy hereketiň ýolbaşçysy Hudaýberdi Orazow (çepde) we Türkmenistanyň sürgünlikdäki “Respublikan” partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow
8-nji iýulda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardaky oppozisiýa wekilleriniň 2012-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagyna hiç hili päsgelçilik döredilmejegine doly güwä geçýänligini aýdypdy. Ýurduň daşynda hereket edýän käbir oppozisiýa liderleri türkmen prezidentiniň wadasyna seslenme bilen çykyş etdiler.

Oppozisiýa wekilleriniň Azatlyk Raidosynyň Türkmen gullugyna aýtmagyna görä, olar bu beýannama arkaly türkmen hökümeti bilen dialoga taýýardyklaryny mälim edýärler.

“Biz öz aramyzda maslahatlaşyp, netijä geldik. Eger Berdimuhamedow oppozisiýany çagyran bolsa, bu kiçi dilden däl-de, hakyky çakylyk bolsa, biz ony äsgermezçilik etmeli däl, gaýtam peýdalanmaly diýen netijä geldik. Şonuň üçin hem biz ak ýürekden öz tekliplerimizi aýtmakçy. Resmi ýol bilen bu meseläni çözmeli. Nähili şertler bar, nädip biz gelmeli, näme etmeli munuň üçin? Onsoň biziň hem käbir meselelerimiz bar, oňa jogap almak isleýäris” diýip, “Respublikan” partiýanyň egindeş başlygy Hanamow aýtdy.

Şertler we päsgelçilikler

Oppozisiýa wekilleriniň bellemeklerine görä, olar Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna oppozisiýanyň gatnaşmagyna garşy bolmajagy barada aýdan sözleriniň açyk ýürekden aýdylanlygyna umyt baglaýarlar.

Emma oppozisiýanyň saýlawlara gatnaşmagy we hatda ýurda barmagy üçin şu günki gün zerur şertler ýok. Oppozisiýa muňa düşünýär. Watan hereketiniň ýolbaşçysy Orazow: “Şu günki gün muňa ýagdaý ýok, şertler ýok. Ýöne şol şertleri döredip boljak” diýýär.

Türkmenistanyň Türkiýedäki öňki ilçisi Hanamowyň sözlerine görä, häzirki wagtda oppozisiýanyň öňünde duran esasy böwetleriň biri oppozisiýa wekillerine 2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen baglylykda ýöňkelýän aýyplamalardyr. Ýene bir pasgelçilik Konstitusiýada prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýänleriň soňky 15 ýylyň dowamynda ýurtda ýaşamagynyň talap edilýänligi.

Oppozisiýa wekilleri türkmen prezidentiniň saýlawlara oppozisiýanyň gatnaşmagyna ýol beriljegi baradaky kepilnamasynda durmagy üçin görülmeli käbir çäreleri teklip edýärler. Hususan-da, häzirki ýagdaýda oppozisiýanyň ýurda dolanyp barmagy we saýlawlara gatnaşmagy üçin ÝHHG-niň gözegçiliginde we gatnaşmagynda türkmen hökümetiniň we oppozisiýanyň arasynda takyk düzgünleriň işlenip düzülmegi teklip edilýär. Şol sanda oppozisiýa liderleriniň Türkmenistana barmagyna päsgelçilik berýän sebäpleriň-de aradan aýrylmalydygy aýdylýar.

Oppozisiýanyň gatnaşmagy näme berip biler?

Oppozisiýa wekilleri şeýle dialogyň Türkmenistanda siwilizlenen syýasy prosesleriň başlangyjy bolup biljegine, ýurtda dürli pikirleriň orun tapmagy we jemgyýetiň hakyky demokratiýa tarap özgermegi üçin esas döretjegine ynam bildirýärler.

“Ýurtda açyk saýlawlar bolsa, bu hökmän Türkmenistana we Türkmenistanyň halkyna gowy täsir eder. Ikinjiden, saýlawlara oppozisiýa gatnaşsa, saýlawlaram, ýurduň dolandyrylyşam siwilizlenen we demokratik ýol bilen edilse, bu hemme taraplaýyn gowy täsir berer. Sebäbi adamlar öz islegine görä saýlap bilseler, saýlanan adamlar halkyň öňünde jogapkär bolýarlar” diýip, Orazow aýdýar.

Beýannama bilen çykyş eden oppozisiýa wekilleri häzir türkmen hökümetiniň jogabyna we takyk ädimlerine garaşýarlar.

“Biz birinji ädimi ätdik we özümiziň barmak niýetimizi habar etdik. Olaryň sözünde durup biljegi, soňunyň näme bilen gutarjagy belli däl. Biz ilki Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasyna jaň edip, jenap Mämmedow bilen gepleşdik, öz niýetimizi mälim etdik. Emma ol häzir siziň soraglaryňyza jogap berip biljek däl, birki gün maý beriň diýdi. Göreliň, näme diýýärler. Biz taýyn siz bilen dialoga, hemme meselelere seredişdireli diýseler, onda bu hakyky we çyn ýürekden edilen çakylyk. Bolmasa, ony boş söz diýip kabul etmek mümkin” diýip, Hanamow belledi.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan we oppozision syýasy hereketlere ýolbaşçylyk edýän Hudaýberdi Orazow we Nurmuhammet Hanamow 2002-nji ýylyň noýabr aýynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän wakalara gatnaşykda aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna gaýybana höküm edilipdiler. Olar özleriniň bigünädigini aýdýarlar we muny garaşsyz suduň öňünde subut etmäge taýýardyklaryny yglan edýärler.

2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen baglylykda Türkmenistanda ýapyk sud arkaly çykarylan kararlar esasynda türma düşenleriň ykbaly bolsa şu günki güne çenli nämälim bolup galýar.
XS
SM
MD
LG