Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu näjüre millet?


Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat













Bilebilmen, nä döw çaldy türkmene.
Argyşdan gelen dek süýji ýatyr ol.
Için hümledip ýör ýeke-ýekeden,
Üýşürseňem – el çarpyşyp otyr ol.

Bilebilmen, nä döw çaldy türkmene.
Gara maňlaýynda ýowuz şaty bar.
Her öýünde bedew kişňän milletiň
Obasynda iki-ýeke aty bar.

Bilebilmen, nä döw çaldy türkmene.
Jemlenmedi tireleriň başlary.
Ýaňy göze görnüp ugran gyzynyň
Eýýäm görseň arkasynda saçlary.

Bilebilmen, nä döw çaldy türkmene.
Işiginde bäş gulp, gapysynda – göz.
Aýagy duşakly, goly daňylgy.
Görünmeýän ýüpi miltiň bolsa çöz.

Bilebilmen, nä döw çaldy türkmene.
Ýagysy içinde, dosty daşynda,
Bir-biriniň bir sözüne çydamaz,
Gelmişegem şänik döwýär başynda.

Bilebilmen, nä döw çaldy türkmene.
Myhmany – şir boldy, hojaýny – towşan.
Bir üýtgeşik millet bolup ýaşady,
Sekiz ýüz segsen birde gyrylan.
XS
SM
MD
LG