Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadanda ýagdaý kadalaşýar


Suratda zeper ýeten we ýanan kwartiralar görünýär, Abadan şäheri, 8-nji iýul. Surata düşüren: Myrat Gurbanow
Suratda zeper ýeten we ýanan kwartiralar görünýär, Abadan şäheri, 8-nji iýul. Surata düşüren: Myrat Gurbanow
Partlama we ýangyn heläkçiligini başdan geçiren Abadan şäherinde ýagdaý kadalaşýar, adamlar ýuwaş-ýuwaşdan öýlerine dolanmaga başladylar. Şähere barýan ähli ýollar açyldy.

Şäheriň käbir böleklerinde elektrik we suw üpjünçiliginiň dikeldilendigi habar berilýär. Köçelerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Şäherde telefon aragatnaşygy kadaly ýagdaýda işleýär.

Maglumata görä, şäheriň köçelerinde nobatçy ýangyn söndürijiler bar, emma harby we howpsuzlyk güýçleri känbir göze ilmeýär. Şähere gözegçilik edip ýören patrullar ýygnanmaga başlapdyrlar.

Käbir adamlaryň ähtimal indiki partlamalardan howatyrlanyp, şähere dolanmaga çekinýändikleri aýdylýar. Ähtimal ikinji uly partlama baradaky gürrüňler dowul döredipdir.

Käbir binalara snarýad bölekleriniň gelip urmagy netijesinde oýuklaryň emele gelendigi habar berilýär. Garaşsyz çeşmeler graždan ilatdan ölen adamlaryň sanynyň 100-e golaýlan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Partlama bolan ýerdäki harby bölümde gulluk edip ýören esgerleriň ençemesiniň heläk bolandygy habar berilýär. Olaryň käbiri keselhana getirilenden soň aradan çykypdyr.

Ençeme maşgalalar zeper ýeten jaýlarynda ownuk-uşak bejeriş işlerini geçirmäge başladylar, emma käbir jaýlar tutuşlygyna ýanypdyr. Abadana golaý ýerleşýän obalarda hem ýanan jaýlar bar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa anna güni Abadan şäherine baryp, aljyraňlygy başdan geçiren şäheriň ýaşaýjylaryny asudalygy saklamaga çagyrypdyr.

“Associated Press” gullugynyň berýän maglumatyna görä, türkmen parlamentiniň spikeri Nurberdiýewa wakada jaýlaryna agyr zeper ýeten maşgalalara täze jaýlaryň beriljekdigini aýdypdyr.

Häzirki wagtda Abadan şäher häkimliginiň we ýerli döwlet edaralarynyň işgärleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, jaýlaryna ýeten zeperleri hasaba almaga başladylar diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG