Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan kärhanalarynyň 64%-niň hususydygyny aýdýar


Türkmenistanyň Statistiki maglumatlar we ykdysady ösüş boýunça milli institutynyň yglan eden sanlaryna görä, ýurtda hasaba alnan kärhanalaryň 64%-ni hususy eýeçilikdäki kärhanalar düzýär.
Türkmenistanyň Statistiki maglumatlar we ykdysady ösüş boýunça milli institutynyň yglan eden sanlaryna görä, ýurtda hasaba alnan kärhanalaryň 64%-ni hususy eýeçilikdäki kärhanalar düzýär.

Türkmenistan ýurtda şu ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli hasaba alnan kärhanalaryň 64%-niň hususy sektoryň paýyna düşýänligini yglan etdi.

Ýaňy-ýakynda Moskwada geçirilen innowasion forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň Statistika maglumatlary we ykdysady ösüş boýunça milli institutynyň wekili Ogultäç Söýünowanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda döwlete degişli kompaniýalaryň paýy 25%-e hem ýetmeýär. Kärhanalaryň galan 10%-ni gatyşykly eýeçilikdäki we daşary ýurt maýa goýumlary esasynda açylan kärhanalar emele getirýär.

Türkmenistanyň Statistiki maglumatlar we ykdysady ösüş boýunça milli institutynyň yglan eden sanlaryna görä, ýurtda hasaba alnan kärhanalaryň 64%-ni hususy eýeçilikdäki kärhanalar düzýär. Emma Türkmenistanda dürli eýeçilik görnüşinde hasaba alnan kärhanalaryň we hususy kärhanalaryň takyk sany habar berlenok.

Görkezijiler nämäni aňladýar?

Synçylar Türkmenistanyň resmi derejede yglan eden hususy kärhanalarynyň prosent görüşindäki soňky sanynyň ösen ykdysadyýetli döwletleriň ortaça görkezijilerine gabat gelýänligini belleýärler. Türkmenistanyň hökümetiniň öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew hem şeýle synçylaryň biri.

Emma Ýerofeýew Türkmenistanyň yglan eden sanlary prosent taýdan uly bolsa-da, bu sanyň girdejililik taýdan uly bolmadyk kärhanalardan, şol sanda daýhan birleşikleri we dürli ýyllarda hasaba alnan kiçi kärhanalar ýaly şirketlerden düzülen bolmagynyň ähtimaldygyny çak edýär.

Türkmenistanly žurnalist, synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanyň Statistiki maglumatlar we ykdysady ösüş institutynyň berýän sanlarynyň bir-birine ters gelýän halatlarynyň az däldigini belleýär. Üstesine, ol hususy kärhanalaryň sany köpelýän hem bolsa, ýurtdaky ýagdaý bilen deňeşdirilende resmi derejede yglan edilýän sanlara ynamsyzlygyň güýçlenýänligini aýdýar.

Onuň bellemegine görä, geçen ýylyň noýabr aýynda yglan edilen resmi statistiki maglumatlarda ýurtda 6 müňden gowrak hususy kärhananyň bardygy we olarda jemi 40 müňe golaý adamyň işleýänligi habar berilipdir. Şu sandan çen tutulsa, 5 million çemesi ilatly ýurtda kärhanalaryň 64%-ni emele getirýän hususy şirketlerde ilatyň diňe 1% töwereginiň işleýänligini çak etmäge esas döreýär.

Näme etmeli?

Türkmenistanyň resmisiniň Moskwadaky forumda aýtmagyna görä, ýurtda döwlete degişli bolmadyk pudagyň ýurduň umumy önümçiliginiň derejesine goşandyny ösdürmeklige uly üns berilýär. Onuň bellemegine görä, hususy sektora söwda, azyk, hojalyk hyzmatlary şeýle-de senagat kärhanalarynyň bir bölegi degişli. Bu sektoryň milli ösüşe uly goşandy bar.

Ýazgulyýew Türkmenistanda hususy kärhanalary hasaba almak boýunça resmi düzgünleriň ozalkysyna garanda kämilleşýänligini, emma býurokratik böwetleriň köpdügini hem belleýär: “Entek hususy firmalary açmak Türkmenistanda kyn. Hemme zat aç arkaňdan hasabat bermekden başlap, ýönekeý sprawkalary doldurmaly bolýar. Sprawkalaryň sanyny azaltmaly”.

Ýagzulyýewiň pikiriçe, kärhanalary hasaba almak boýunça düzgünleri ýeňilleşdirmek arkaly hususy telekeçiligi höweslendirip bolar hem-de býurokratik päsgelçilikleri ýok edip, korrupsiýany azaldyp bolar. Sebäbi şu günki gün ýurtda tas ähli meseleler ilkinji nobatda para-peşgeş bilen çözlüp gelinýär.

Türkmenistanyň hökümetiniň öňki geňeşçisi Ýerofeýewiň pikiriçe bolsa, hususy telekeçiligi ösdürmek üçin banklar tarapyndan kredit bermek düzgüni kamilleşdirilmeli. Hususy telekeçilere pes prosentli kreditler elýeterli bolmaly.

Ýerofeýew bu ugurdan bar bolan esasy kynçylyklaryň birini girew meselesinde görýär. Sebäbi banklar tarapyndan telekeçilere berilýän kreditiň prosentiniň pes bolmagy üçin telekeçiler girew goýmaly. Ilat köpçüliginde girewine goýara degerli emläk bolmadyk ýagdaýynda pes prosentli kredit bermek banklaryň özleri üçin töwekgelçilikli bolýar.

Synçylaryň pikirine görä, Türkmenistandaky býurokratik päsgeçilikler we olary böwsüp geçmek üçin giňden ulanylýan para-peşgeşler hem hususy telekiçiligiň ösüşine zarba urýar.
XS
SM
MD
LG