Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda köp aýallylyk


Gazak mediasy tarapyndan geçirilen bir pikir soralyşygynyň görkezmegine görä, pikiri soralan erkekleriň 40 prosentden köpüsi köp aýallylygy goldaýar.
Gazak mediasy tarapyndan geçirilen bir pikir soralyşygynyň görkezmegine görä, pikiri soralan erkekleriň 40 prosentden köpüsi köp aýallylygy goldaýar.
Gazagystanda syýasatçylaryň köp aýallylygy barada gürrüň edilende, “Almaty baýbişeler üçin, Astana hem tokallaryňky” diýilýär. “Baýbişe” diýilýän bir adamyň baýry aýaly, “tokal” hem ýaş aýal.

1990-njy ýyllaryň aýaklarynda paýtagt Almatydan Astana geçirileli bäri, hökümetiň ýokary derejeli işgärleriniň köpüsi Astana gatnaýar, maşgalalary bolsa Almatyda bolýar. Onsoň ýagdaý belli. Güýç-gudrat bilen aýratyn hukugam gelýär. Aýratyn hukuklylyk hem köp aýallylyga getirýär.

Köp aýallylygyň Sowet häkimiýetleri tarapyndan Gazagystanda gadagan edilenine şu aý 90 ýyl boldy. Ýöne Merkezi Aziýanyň başga ýerlerinde köp aýal almaklyk jenaýat hasaplanyp, oňa iki ýyla çenli türme tussaglygy berilýän bolsa, bu iş Gazagystanda 1998-nji ýyldan bäri jenaýat hasaplanmaýar.

Bu ýerde köp aýallylygyň obalarda hem şäherlerde gitdigiçe artýanlygy aýdylýar. Köp aýallylygy kanunylyşdyrmak barada edilen tagallar az bolmasa-da, ol entek parlamentde kabul edilenok. Gazagystanda köp aýallylygyň näderejede ýaýrandygy barada hem resmi statistika ýok.

Erkekleriň 40%-i goldaýar

Gazak mediasy tarapyndan geçirilen bir pikir soralyşygynyň görkezmegine görä, pikiri soralan erkekleriň 40 prosentden köpüsi köp aýallylygy goldaýar. Aýallaryň arasynda hem köp aýallylyga garşy dälleriň sany 20 prosent töweregi.

Köp aýallylygyň tarapyny çalýanlar oňa ähli jemgyýetlerde dürli formalarda bar bolan däp diýip garaýarlar. Köp adamlar hem ony yslamyň üsti bilen aklaýarlar.

Şimkentde ýaşaýan 57 ýaşly öý-hojalykçy Şinar-apaý üç aýally adamyň baýry aýaly. Ol özüniň köp aýallylyga garşy däldigini aýdýar: “Bir adam öz aýallarynyň hemmesini deň tutýan bolsa, olaryň hemmesini maliýe taýdan ekläp bilýän bolsa, men onuň köp aýally bolmagynda bir problema göremok. Biziň öýümizde hiç bir zat bölünmeýär. Çagalarymyzyň hemmesi biziň üçümize-de ‘eje’ diýýärler. Bir ýere gitsek, hemmämiz bile gidýäris, öý işlerini hem gezekleşip edýäris”.

Köp aýallylyk köplençe maliýe ýagdaýy gowy, ýaşy 40-den agan adamlaryň arasynda bolýar. Tokallar hem köplenç 20 bilen 30 ýaşyň aralygynda.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň öňki giýewisi Rahat Alyýew prezidentiň hem Astanada ýeke bir däl, eýse iki tokalynyň bardygyny aýdypdy. Ol: “Prezidentiň ýaş aýallaryndan ýene üç çagasy bar” diýipdi.

Nursoltan Nazarbaýew öz ýaş aýallarynyň, ýaş çagalarynyň bardygyny açyk boýun alanok. Onuň bilen resmi üýşmeleňlere käwagat ilkinji we ýeke-täk kanuny aýaly Sara gatnaşýar.

Parlamentde çekeleşildi

Köp aýallylygy kanunlaşdyrmak barada gazak parlamentinde iki gezek çekişme boldy. 2001-nji ýylda Baş kanuna üýtgetme girizip, erkekleriň öz tokallaryny kanuny aýal hökmünde resmi taýdan hasaba aldyrmagyna ýol açmak barada diskussiýa gitdi. Köp aýallylygyň tarapyny çalýanlar: “Bu giňden ýaýran zady açyk kabul etmek bolar” diýip delil getirdiler. Ýöne muňa garamazdan, bu teklip ret edildi.

2008-nji ýylda hem köp aýallylygy kanunlaşdyrmak barada parlamente ýene bir kanun taslamasy getirildi. Ýöne bu hem ret edildi. Aýratyn-da ýaş parlamentçi, aýallaryň hukuklary boýunça aktiwist Bahyt Syzdykowa: “Köp aýallylygy kanunlaşdyrsaňyz, onda aýallaryň köp erkeklere durmuşa çykmagyny-da kanunlaşdyrmaly bolarsyňyz. Bu işi etmeseňiz, bu Konstitusiýamyzy bozdugyňyz bolar, sebäbi onda aýal-erkek deň hukukly diýilýär” diýdi.

Birden köp aýally bolmak isleýänleriň arasynda öz geljekki tokallaryny ahun-mollalara getirip nika gyýdyrýanlar hem ýok däl.

Goňşy döwletler Gyrgyzystanda we Täjigistanda mollalara bu iş gadagan. Gazagystanda welin, beýle päsgelçilik ýok.
XS
SM
MD
LG