Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji iýunda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasyny dabaraly açmak üçin Daşoguza bardy. Ony bu ýerde Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we kanun goraýjy organlaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, din wekilleri garşyladylar diýlip, habar berilýär.
Din hadymlary döwlet baştutanynyň saglygyny dileg etdiler: “Özüniň beýik adamkärçiligi, nusgalyk göreldesi bilen tanalýan eziz arkadagymyzy öz penaňda hemişe aman sakla. Goý, dünýä dursun, bütin türkmen halkymyzy bir başa jem eýläp, belent sepgitlere alyp barýan hormatly prezidentimiz dursun! Ämin”.
Prezidenti garşylamaga köp sanly ýaşlar, mekdep okuwçylary aeroporta getirildi. Türkmenistandaky çeşmelerden gowuşýan habarlara görä, Daşoguzda prezidenti garşylatmak, muzeýiň açylyş dabarasyna gatnaşdyrmak üçin Balkandan, Marydan, Lebapdan, Ahaldan okuwçylaryň uly topary öz hasabyna getirilipdir. Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda şol okuwçylaryň hossarlaryndan Daşoguza baryp-gelmek üçin pul ýygnaldy diýip, ýerli çeşmeler aýdýar.
Prezidentiň garşylanan pursatam, gürleýän, adamlar bilen gürleşýän pursatam arkasynda ýaşlar yzyny üzmän, ony alkyşlaýan sözleri aýdyp, “arkadag” diýip gygyrýarlar hem ýörite fon döredýärler. Olar janly diwar bolup oýnaýarlar.
“Beýle kartina Nyýazow döwründe-de ýokdy, bu täze tapylan hokga, belki, Demirgazyk Koreýadan görelde alýandyr biziňkiler” diýip, telewideniýe arkaly reportaža tomaşa eden türkmenistanly ýaşuly aýdýar.
Prezident Berdimuhamedow çykyşynda ýaşlary milli ruhda terbiýelemegiň zerurdygyny aýtdy: “Esasy ýurduň geljegi ýaşlaryňkydyr. Olary bir edepli-ekramly, bir geljekde bir gowy edip, öz watansöýüji ýaşlar bolup ýetişse, oňa ýetesi zat ýog-a”.
Zerurlyk barmy?
Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty Nyýazowyňkydan tapawutlanýar diýen pikirde: “Hakykatdanam, Nyýazow şular ýaly köpçülikleýin çäreler geçirende, etrabyň çägindäki adamlar ýygnanyp, şular ýaly şowhunly geçirilerdi çäreler. Berdimuhamedow bolsa halypasyndan ozdurdy şägirt hökmünde”.
Şeýle çäreler geçirmekden hem ony halka görkezmekden häkimiýetler, resmi propaganda nähili maksatlar yzarlaýar? “Birinjiden, yzarlanýan maksat – şu mahal ýurtda bir adam bar, bir baştutan bar, şonuň aýdany kanun, hemme kişi bir agza garap oturmaly - diýen syýasat has-da berkedi. Ikinjiden, Berdimuhamedowda Nyýazowyň talanty ýok. Üçünjiden, arap döwletlerinde bolup geçýän ýagdaýlar Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem başynda barlygy ýa boljagy görnüp duran zat” diýip, Söýünow aýdýar.
Söýünowyň pikiriçe, şu zatlaryň öňüni almak üçin hökümet elinden gelenini edýär: “Edilýän spektakl ýa görkezilýän oýunlar halkyň aňyny aldamak üçin, ruhuny öldürmek üçin edilýän oýun. Geljek ýylyň fewral aýynda prezident saýlawlary geçirilmeli Türkmenistanda. Şoňa oppozisiýanyň gatnaşjakdygy görnüp dur, eger mümkinçilik bolsa. Şu zatlaryň öňüni almak üçin, öňünden gorkup, edilýän oýun, başga hiç zat ýok bärde. Öz milletini äsgermezligiň iň uly nusgasyny ýa mysalyny şu günki gün Berdimuhamedow we onuň töweregindäkiler görkezip otyr” diýip, Söýünow belleýär.
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasynyň açylyş dabarasyny tamamlap, döwlet baştutany oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşdy hem özi üçin taýýarlanan ýörite rezidensiýa ugrady. Bu wakanyň hatyrasyna we döwlet lideriniň saglygyna sadaka berildi. Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň sungat ussatlary baýramçylyk konsertini berdiler diýlip, resmi Aşgabat habar berýär.