Anna güni Türkiýe respublikasynda Türkmenistanyň medeni günleriniň açylmagyny resmi türkmen habar serişdeleri iki ýurduň arasyndaky hakyky dostluk-doganlygyň nyşany hökmünde häsiýetlendirdiler.
Bu waka bilen baglanyşykly anna güni Stambul şäherindäki Fatih uniwersitetiniň maslahatlar zalynda gurnalan foruma iki ýurduň hökümet resmileri bilen birlikde, medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlary we studentleri gatnaşdylar.
Bu waka gabatlap şu günler Türkmenistanyň wekilçilikli delegasiýasy hem Türkiýä sapar edip, bu ýurduň Medeniýet we turizm ministrliginde we käbir beýleki guramalarynda iki ýurduň medeni-gumanitar gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri boýunça gepleşikler geçirýär.
Ýakymsyz ýagdaýlar
Resmi Aşgabadyň türkmen-türk gatnaşyklarynyň dinamikasyna ýokary baha berýändigine garamazdan, käbir synçylar soňky wagtlar bu iki ýurduň gatnaşyklarynda käbir ýakymsyz ýagdaýlaryň-da ýok däldigini bellýärler.
Şu wakalaryň hatarynda bolsa, olar soňky wagtlar köpsanly türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň tölemeli tölegleri bilen baglanyşykly bildirip gelýän nägileliklerini we Türkiýäniň raýatlarynyň Türkmenistana sapar etmekde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary ýaly wakalary görkezýärler.
Türk kompaniýalary bilen dowam edýän dawalar barada Türkmenistanyň häkimiýetleriniň dymýandyklaryna garamazdan, köp synçylar ýakynda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň Türkmenistana gyssagly sapar edip, onuň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerini-de hut şu dawaly wakalar bilen baglanyşdyrdylar.
Biznes pudagynda töleg meseleleri bilen baglanyşykly bar bolan bu kynçylyklardan daşary, soňky wagtlar türkiýeli telekeçilere we adaty raýatlara Türkmenistana sapar etmekligiň hem kyn meselä öwrülendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Mundan birnäçe ýyl ozal Türkiýäniň raýatyna durmuşa çykan maryly bir türkmen zenany öz ýoldaşyny Türkmenistana myhmançylyga getirmek meselesiniň hem uly kynçylyk bilen baglanyşyklydygyny we Türkiýäniň raýatlaryna wiza berläýende-de örän gysga wagtlyk berilýändigini belledi.
Mundan daşary, bu maryly ildeşimiz hatda Türkiýede durmuşa çykan türkmenistanly aýal-gyzlara öz nikalaryny Türkmenistanda hasaba aldyrtmaklygyň hem indi mümkin däldigini we muňa girizilen gadagançylygyň sebäpleri barada-da häkimiýetleriň anyk maglumat bermeýändiklerini aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary uly özgerişlikleri başdan geçirdi. Bu özgerişlikler 1990-njy ýyllaryň başlarynda Türkmenistanyň dürli regionlarynda türk biznes firmalarynyň aktiw işe girişmekleri we türkmen-türk mekdepleri ýaly okuw jaýlarynyň sanynyň ur-tut ýaýrap gitmegi ýaly wakalar bilen alamatlanypdy.
Emma indi şu günki gün ol onlarça türk firmalarynyň Türkmenistanyň hökümetine garşy halkara derejesinde protest bildirmekleri we türkmen-türk mekdeplerine okuwçylaryň kabul edilmeginiň düşnüksiz ýagdaýda yza süýşürilmegi ýaly wakalar bilen alamatlanýar.
Düýbi Ankarada ýerleşýän Türkiýäniň Strategik barlaglar merkeziniň başlygynyň orunbasary, analitik Jelaleddin Ýawuz Sowet Soýuzy dargap, Merkezi Aziýa ýurtlary garaşsyzlyga eýe bolanlarynda, olaryň garaşsyzlygyny ilkinji bolup Türkiýäniň ykrar edendigini we bu ýurtlara ýakyndan goldaw bermäge çalşandygyny ýatlaýar.
Emma ol, bu tagallalara garamazdan, şu günki gün Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda, Türkmenistan bilen hem gatnaşyklaryň edil garaşylyşy ýaly ugruna bolup gitmeýändigini aýtdy.
“Wiza erkinligi meselesine gezek gelende, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir ýoldan ýöremek bize onçakly bir nesip etmedi. Ozalky Sowet Soýuzynyň territoriýasynda gurlan täze döwletleriň arasynda, gaýta ýene, iň gowy gatnaşyk Orsýet bilen guruldy” diýip, türkiýeli analitik Jelaleddin Ýawuz belledi.
Jelaleddin Ýawuz köp meselelerde, şol sanda, wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek meselesinde-de Türkiýäniň ädýän liberal ädimleriniň käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda edil şoňa meňzeş oňyn ädimler bilen garşylanmaýandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň özara gatnaşyklara garaşylyşy ýaly oňyn täsir etmeýändigini aýtdy.