Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Liwiýany dolandyrýan Muammar Kaddafini “uruşy dowam etdirmegiň serişdesi” hökmünde zenanlara garşy zorluk ulananlykda aýyplady.
Klinton öz beýannamasynda Liwiýada zorlugyň giň ýaýrandygyna örän uly alada bildirdi. Onuň bellemegine görä, Ýakyn Gündogardaky beýleki režimler hem jynsy zorlugy demokratik reformalary talap edýän demonstranlary gorkuzmak ýa-da jezalandyrmak usuly hökmünde ulanýarlar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň beýannamasyna görä, Halkara jenaýat sudy Kaddafiniň esgerleriniň zorlugy yzygiderli ulanmagy barada derňew geçirmäge başlady.