Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistanyň hasabatyny gözden geçirip, türkmen hökümetiniň ençeme halkara resmi dokumentleri makullamagyna ýa-da olara goşulmagyna oňyn baha berdi.
Şol halkara dokumentleriniň arasynda: Jynsparazlyk boýunça kemsitmeleriň ähli görnüşini çäklendirmek baradaky halkara konwensiýa; Çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýa, Aýal-gyzlaryň kemsidilmeginiň ähli görnüşlerine garşy konwensiýa hem bar.
BMG-niň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistanda Konstitusiýanyň täze görnüşiniň, Jenaýat kodeksiniň, Adam gaçakçylygyna garşy göreş boýunça kanunyň kabul edilendigini hem belläp geçdi. Şeýle-de komitet raýatlaryň hukuk goraýjy guramalarynyň işlerine şikaýat edip bilmekleri üçin prezidentiň karary bilen Döwlet komissiýasynyň döredilendigini hem belledi.
Emma BMG-niň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistanda adamlaryň gynamalara sezewar edilmegine we olara ýowuz daralmagyna garşy özüniň juda aladalanýandygyny mälim etdi. Şeýle-de komitet ýurduň sud organlarynyň garaşsyz iş alyp barmaýandygy sebäpli, onuň ýeterlik derejede öz wezipesini amala aşyryp bilmeýändigine ünsi çekdi.
Komitet Türkmenistanda ruhy hassalar üçin keselhanalarda saglyk ýagdaýlaryndan ejir çekmeýän adamlaryň ýerleşdirilmegine, türmelerde sakçylaryň tussaglara ýowuz daramagyna, şol sanda jynsy zorluk ýaly wakalara hem özüniň çuňňur aladasyny bildirdi.
BMG-niň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistany bu bildirilýän aladalar boýunça tizden-tiz zerur çäreleri görmäge çagyrdy.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Weronika Szente Goldston BMG-niň Gynamalara garşy göreş komitetiniň jemleýji belliklerini “türkmen hökümetiniň adam hukuklary boýunça kanun bozmalarynyň ýatlatmasy” hökmünde häsiýetlendirdi.
Berlen rekomendasiýalar
Goldstonyň bellemegine görä, “türkmen hökümeti bilen gatnaşyk etmek isleýän Ýewropa Bileleşiginiň agzalary we beýlekiler özara gatnaşyklarynda BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň zerur hasaplaýan reformalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin basyş etmelidir”.
BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň Türkmenistanyň hasabatyna sereden 46-njy sessiýasyna wekilini ýollan, düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň beren rekomendasiýalaryny juda aýdyň we wajyp hasaplaýar.
“Men türkmen hökümetiniň bu rekomendasiýalara ýeterlik jogapkärçilikli çemeleşjekdigine umyt edýärin. Men BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň rekomendasiýalarynyň diňe kagyz ýüzünde käbir kanunlaryň kabul edilmegi bilen çäklenmeginden, şeýle-de olaryň durmuşa geçirilmezliginiň mümkindiginden howatyrlanýaryn” diýip, Tuhbatullin alada bildirýär .
BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň Türkmenistana beren rekomendasiýalarynyň arasynda adam hukuklaryny goraýjylaryň we žurnalistleriň haýbatlardan we zorluklardan goralmagyny kepillendirmek we şeýle ýagdaý ýüzen çykan halatynda günäkärleri kanuna laýyklykda jezalandyrmak hem bar.
Şeýle hem komitet türkmen hökümetini BMG-niň adam hukuklary boýunça halkara dokumentleriniň galan böleklerini ratifisirlemäge we Halkara jenaýat sudy boýunça Roma statusyny ykrar etmäge çagyrdy.
BMG-niň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistanyň hökümetine komitete berlen hasabaty we komitetiň jemleýji belliklerini resmi websahypalaryň, medianyň we hökümete degişli däl guramalaryň üsti bilen ýaýratmaga we şeýle çäräniň netijesi barada komitete hasabat bermäge çagyryş etdi.