Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz demokratiýasy Ýewropa bilen tejribe alyşýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa
Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa
6-njy iýunda Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewanyň Wengriýa resmi sapary başlandy. Otunbaýewa ilki Wengriýanyň prezidenti Pal Şmitt bilen özara duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň bardygy, emma ykdysady gatnaşyklaryň ösmeýändigi aýdyldy.

Prezident Otunbaýewanyň metbugat gullugynyň başlygy Sultan Kannazarowyň sözlerine görä, iki prezident özara duşuşykda hyzmatdaşlygyň çägi we ugurlary barada gürrüň etdiler.

Prezidentler bu iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň kanagatlanarly derejede däldigini belläp, mundan beýläk bu hyzmatdaşlygy ösdürmegiň praktiki çärelerini maslahatlaşdylar. Otunbaýewa Gyrgyzystandaky ýaş parlament dolandyryş sistemasy üçin Wengriýanyň parlamentiniň tejribesiniň sapak bolup biljekdigini belläp, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmelidigini aýtdy.

Prezidentiň metbugat gullugynyň başlygy Hannazarow bu hakda şeýle diýdi: “Otunbaýewa delegasiýanyň düzüminde gyrgyz parlamentindäki her bir fraksiýadan wekiliň bardygyny, şeýle halkara saparlara gidilende, oppozision partiýalardan wekilleri delegasiýa goşmagyň talaba laýykdygyny nygtady . Sebäbi döwlet ýolbaşçyllarynyň halkara derejede nähili işleri amala aşyrýandyklaryndan deputatlar habarly bolmaly diýip, prezident belledi ”.

Şol günüň özünde Otunbaýewa Wengriýanyň intelligensiýa wekilleri bilen duşuşdy. Gyrgyzystanyň delegasiýanyň wekilleri Budapeştdäki totalitar döwrüň gurbanlarynyň muzeýinde boldular.

Şu gün Otunbaýewanyň ýolbaşçylyk edýän gyrgyz delegasiýasynyň wekilleri Balaton kölüne-de baryp gördüler. Ol ýerde ykdysadyýet we turizm pudagyndaky geljekki gatnaşyklar barada gürrüň edildi.

Wena bararlar

Şu gün agşam Otunbaýewanyň ýolbaşçylyk edýän delegasiýasynyň wekilleri Awstriýanyň paýtagty Wena şäherine barýar. Ol ýerde gyrgyz prezidentiniň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Dünýä ykdysady forumyna gatnaşmagyna we bu Forumda çykyş etmegine garaşylýar.

Gyrgyzystanly ekspert Togtagul Kakçekeýew Wenada boljak duşuşyklarda hökmany suratda Oş wakalary boýunça halkara komissiýanyň hasabatynyň we Gyrgyzystanyň karzy baradaky meseleleriň maslahatlaşyljakdygyny aýdýar.

“Häzir Gyrgyzystanyň 2,8 milliard dollar daşarky bergisi bar bar. Şol karzyň yzyna gaýtarylyp bermeli wagtyny üýtgetmek barada gürrüň ediler. Oş wakalary boýunça halkara komissiýasynyň hasabaty we hasabat boýunça teklipler hem ÝHHG-niň wekilleri bilen duşuşykda maslahatlaşylar. Sebäbi bu mesele henizem, gyrgyz parlamentiniň gün tertibinden düşmän gelýär ” diýip, Kakçekeýew aýdýar.

Kakçekeýew prezidentiň bu saparyndan hiç zada garaşmaýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, beýle saparlar yzygiderli gaýtalanýan bolsa-da, ýurtda öňe ädim, ösüş göze ilmeýär.

Wenada 7-10-njy iýun günleri geçiriljek Foruma Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary T.Japarow we Türkmenistanyň Daşary ykdysady işler boýunça döwlet bankynyň dolandyryşynyň başlygy R.Jepbarow gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG