Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kim we nämede ýalan sözleýär?


Litwanyň daşary işler ministri we ÝHHG-nyň gezekli başlygy Audronius Ažubalis (çepde), Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (ortada) we ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň ýolbaşçysy, ilçi Sergeý Belýaýew Aşgabatda, 2011-nji ýylyň 2-nji iýuny.
Litwanyň daşary işler ministri we ÝHHG-nyň gezekli başlygy Audronius Ažubalis (çepde), Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (ortada) we ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasynyň ýolbaşçysy, ilçi Sergeý Belýaýew Aşgabatda, 2011-nji ýylyň 2-nji iýuny.
Resmi Aşgabat Orsýetiň "Regnum" habar gullugynyň soňky wagtlar Türkmenistan hakynda nätakyk, kähalatda bolsa ýurduň beýleki döwletler we halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada ýoýulan, ýalan maglumatlary ýaýradýandygyny aýdýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda "Regnumyň" habarlarynyň birnäçesiniň prowakasiýa häsiýetlidigi we tabşyryk esasynda ýazylandygy bellenýär.

"Golaýda "Regnum" habar gullugy "türkmen hökümetine golaý haýsydyr bir çeşmä" salgylanyp, Türkmenistanda kaliý duzlaryny gazyp almak we işläp bejermek boýunça toplumyň belarusly partnýorlar bilen alnyp barylýan gurluşygy barada prowakasion mazmunly we düýpden ýalan habar ýaýratdy" diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýazýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, "Regnum", hiç bir delile salgylanmazdan, öz çeşmesiniň bu toplumyň gizlin, her dürli shemalar arkaly maliýeleşdirilýändigi baradaky pikirlerini çap edipdir. Türkmenistan bu pikiri ýalana çykarýar we onuň türkmen-belarus gatnaşyklaryny garalamak üçin ýaýradylandygyny öňe sürýär.

Ažubalis Aşgabatda näme diýdi?

Daşary işler ministrliginiň beýanatynda "Regnuma" bildirilýän ikinji nägilelik Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gezekli başlygynyň Türkmenistana sapary mahalynda hökümete degişli däl guramalar we graždan jemgyýeti barada aýdan sözleri bilen bagly. Türkmen DIM-niň aýtmagyna görä, Litwanyň daşary işler ministri we ÝHHG-nyň gezekli başlygy Audronius Ažubalis Aşgabada sapary mahalynda, "Regnumyň" ýazyşy ýaly, türkmen häkimiýetlerini "hökümete degişli däl guramalary hasaba almak we olaryň işjeňligi babatdaky ähli çäklendirmeleri aradan aýyrmaga" çagyrmandyr.

Türkmenistan ÝHHG-niň gezekli başlygynyň Aşgabatdaky gepleşikleriniň dowamynda beýle çagyryşyň asla bolmandygyny aýdyp, "Regnumyň" ynamdar bolmadyk çeşmä salgylanýandygyny we gepleşikleriň mazmunyna örän erkin düşündiriş berýändigini aýdýar.

ÝHHG-niň gürrüňi edilýän sapar barada 2-nji iýunda Aşgabatdan ýaýradan beýanatynda Audronius Ažubalis: "Graždan jemgyýeti we köpçülikleýin habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk goldanmaly we goralmaly" diýýär. Ažubalise görä, "olar häkimiýetler bilen adamlaryň arasyndaky möhüm aragatnaşyk kanaly bolup, howpsuzlygy berkitmekde möhüm rol oýnaýar."

Azatlyk Radiosy Ažubalisiň Aşgabatdaky gepleşiklerde graždan jemgyýeti hem metbugat barada aýdan sözleri hakynda giňräk maglumat almak üçin üçin Litwa respublikasynyň Daşary işler ministrligine ýüz tutdy. Ol ýerden ýazmaça şeýle düşündiriş berildi: "Başlyk Aşgabatdaky parlament agzalary bilen duşuşykda graždan jemgyýetiniň howpsuzlygy ilerletmekde we jemgyýetiň ýüzbe-ýüz bolýan iň wawwaly problemalaryny çözmekde möhüm rol oýnaýandygyny nygtady. Ol graždan jemgyýeti we hökümete degişli däl guramalar bilen has işjen hyzmatdaşlyga çagyrdy we HDDG-ler baradaky häzirki kanun barada gürrüň etdi".

Türkmenistanda HDDG-ler azatmy?

Halkara hukuk toparlary we daşary ýurtlarda işleýän türkmen hukuk aktiwistleri Türkmenistanda hökümete degişli däl garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň işlemegine ýol berilmeýändigini, metbugat azatlygynyň bolsa düýpden ýokdugyny, resmi hasaba alynmadyk dini jemgyýetleriň we toparlaryň ýanalýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly graždan aktiwisti Natalýa Şabunsyň pikirine görä, "graždan jemgyýeti aşakdan görkezilýän inisiatiwalardan başlanýar".

"Bizde bolsa, 2003-nji ýyldan başlap ozalam zordan işläp ýören hökümete degişli däl guramalaryň ählisini ýapdylar, soň inisiatiwa toparlarynyň öňüni gabsadylar, soňra bolsa islendik inisiatiwanyň ýoluny beklediler" diýip, Şabuns Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň "Regnumyň" habarlary baradaky beýanatynda "ýurtda hökümete degişli däl guramalar, şol sanda dini jemgyýetler we toparlar üçin hiç hili çäklendirmäniň ýokdugy", "olaryň Türkmenistanda azat, kanuny işleýändigi we kanunçylykda göz öňünde tutulan ähli hukuga eýedigi" aýdylýar.
XS
SM
MD
LG