27-nji maýda geçen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça meselä gaýdyp gelmek bilen, döwlet baştutany degişli ýolbaşçylara ýokary hilli agyz suwuny almaga mümkinçilik berýän dünýäniň suw arassalaýjy tehnologiýalary we enjamlary bazaryny öwrenmäge tabşyryk berdi.
Bu tabşyryklary telewideniýe arkaly diňländiklerini aýdyp, Aşgabadyň demir ýoldan gaýrasynda ýerleşýän, “Hitrowka” diýlip atlandyrylýan raýonda ýaşaýan Ogulmaral daýza özleriniň 15 ýyldan gowrak wagt bäri agyz suwundan kösenýändiklerini gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, ol indi 40 ýyl bäri şäheriň Gämi köçesinde ýaşaýar. 15-20 ýyl mundan ozal suw krantlaryndan akýan suw kadaly eken.
Şäheriň käbir böleklerinde ençeme maşgalalar içjek suwuny agyz suwy zawodlarynyň 5 litrlik plastik gaplarda satýan suwlaryndan alyp içmeli bolýarlar. Bu ýagdaý şäheriň raýonlaryna görä üýtgeýär.
Ogulmaral daýza köçelerinde ýaşaýan goňşy-golamlar bolup edilen arza-şikaýatlaryň ýyllarboýy jogapsyz galyp gelýändigini aýdýar.
Şäherde gurulýan elita jaýlarynda ýaşaýan ilatyň agyz suwy bilen üpjünçiligi kadaly. Şäheriň beýleki köp gatly jaýlarynyň agyz suw ýagdaýlary hem ozalky ýyllara garanyňda ganymatlaşdy.
“Ýöne welin häkimiýetler bu meseleleri suwy şäheriň bir territoriýasynyň ýaşaýjylarynyň agzyndan kesip, beýleki bir territoriýanyň ýaşaýjylaryna bermegiň hasabyna çözýäne meňzeýär. Elita jaýlarynyň gurlup başlanmagy bilen, biziň agyz suwumyz kesildi” diýip, Ogulmaral daýza aýdýar.
Ogulmaral daýza dagy köçäniň ýaşaýjylary bolup degişli häkimliklerinden başga-da, prezidentiň adyna, prokuratura hem şu mesele bilen ýüz tutupdyrlar. “Döwlet baştutany ilatly nokatlary arassa agyz suwy bilen üpjün etmek barada mesele gozganda, ilki bilen şu mesele boýunça ilatyň arza-şikaýatlaryna seretmek baradaky meseläni hem gozgan bolsa ýerine düşerdi” diýip, Ogulmaral daýza sözüniň üstüni ýetirdi.
Umyt edýärler
“Ýanbaş, Berzeňňi ýaly tebigy çeşmeleriň süýji suwy şaheriň ilatyna ýetip duran wagty, şäheriň territoriýasynda ýaşaýan ilatyň agyz suwy meselesini çözmek üçin daşary döwletlerden enjam satyn almagyň geregi-de ýok bolsa gerek. Bu ýerde öz işinde jogapkärçilik duýýan ýolbaşçylar gerek” diýip, her niçik bolsa-da, orta atylan bu meseläniň çäginde özleriniň hem agyz suw meselesiniň çözülmegine umyt edýändiklerini Ogulmaral daýza aýdýar.
Daşoguz şäherinde suw arassalaýjy zawodyň gurulmagy şäheriň agyz suw meselesine uly ýardam boldy. Emma welaýatyň etraplary agyz suw ýetmezçiliginden juda kösenýärler. Her hojalyk öz öýünde suw saklamak üçin kiçiräk howdan gurup, maşyn bilen suw guýduryp, mydar edýär. 30-40 manat berlip guýdurylýan bir maşyn suw uly hojalyklara bir hepde-on güne ýetýär.
Agyz suw ýetmezçiligi sarygetirme, içgeçme ýaly keselleriň köp ýaýramagyna getirýär. Suw meselesi ýurduň ähli welaýatlarynda-da birmeňzeş diýip ýerli bilermenler aýdýarlar.
Döwlet baştutany soňky geçiren hökümet maslahatynda bu meselä has çynlakaý çemeleşmelidigini belledi. Onuň aladalarynyň näderejede durmuşa geçjegi ýakyn geljekde aýdyň bolar.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.