“Geçen hepdede Özbegistanyň premýer-ministri Şowket Mirzýaýew iş sapary bilen Horezm welaýatynda boldy. Ýerli çeşmelerden alnan maglumatlara görä, premýer-ministr regiondaky işleriň barşyndan nägile bolanlygy sebäpli öz närazylygyny özüne adat bolan usulda bildirip, Ürgenç şäheriniň häkimi Ylham Ýakubowyň ýüzüne urdy”. Bu “Uzmetronom” saýtynda çykan makaladan bir bölek. Mirzýaýewiň adamlara el galdyrýandygy barasynda birinji gezek ýazylmaýandygyny hasaba alsak, bu habar täzelik hem däl.
Mundan 10 gün öň Namangan welaýatynyň Çust etrabynda bolan waka barasynda, adyny aýtmazlyk şerti bilen, firmanyň başlygynyň kömekçisi şeýle gürrüň berdi: “10 gün ýaly boldy. Karkidon obasynda adamlaryň ekin eken meýdanlaryny bozup, meýdanlaryň ekininiň hemmesini sürdüler. Etrabyň prokurory, häkimi we ýer ölçäp berýäni geldi. Jorabaý aga atly fermerimize gaty käýediler. Diňe ejesini agzamadylar. Beýleki käýinçleriň hemmesini agzadylar. “Sen pagta garamansyň. Saňa diňe galla, kartoşka gerek. Şu ýerdäki kesekler bilen urup kelläňi ýaraýynmy?” diýdiler. Fermerimiz bir ýuwaş adamdy. Indemän ellerini döşüne goýup, duruberdi. Häkim onuň ogly bilen deň, 1978-nji ýylda doglan ýigit eken”.
Firmanyň işgäriniň aýtmagyna görä, fermer häkime hiç hili garşylyk görkezmändir: “Emma häkim gelip, fermeri garny bilen itekläp ýykjak boldy. Edil ýaş oglan ýaly edip, iki egninden tutdy. Sen näme üçin öz wagtynda pagtanyň otuny otatmadyň diýdi. Iki günden soň gelen bolanda, pagtanyň oty otalmalydy. Häzir adamlar işläp ýörler. Olar yzygiderli hemme işleri edýärler”.
Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi wakany öz gözi bilen görendigini aýtdy. Ol waka ýerinde häkim bilen ýene-de 10 sany polisiýa işgäriniň bolandygyny hem sözünin üstüne goşdy.
Hapa sögünçler
Garaşsyz žurnalist Abdurahman Taşanow käbir häkimleriň özüniň gol astynda işleýänlere hapa sögünýändigini aýdýar: “Meselem, Daşkentli häkim Bagtyýar Hamidow Kaşgaderýa häkim bolup baran wagtynda biz onuň adamlara ejeňi ... ataňy... diýip sögen ýagdaýyny bilýäris. Ýa-da öňki oba hojalyk ministri, häzir Jyzakda häkim bolup işleýän Saýfuddin Umarow diýen adam bar. Ol hem edebi diliň kadalaryna laýyklykda eneňi... diýip sögýärdi.”
Sesini efire bermezlik şerti bilen interwýu beren bir fermeriň sözlerine görä, onuň ýaşaýan etrapynyň häkimi ýygnaklarda aýal başlyklaryň enesine we kakasyna sögmän, olaryň özlerini köpçüligiň içinde erbet sözler bilen masgaralaýan eken. Ol Özbegistanda golastyndakylaryň ejesine, kakasyna erbet sözler bilen sögmeýän başlygy tapmak kyn diýýär.
Ferganaly pensioner Fazyl aganyň sözlerine görä, bu Özbegistanda adaty bir ýagdaý: “Her kim öz golastynda işleýänlere hapa sögüp bilýär. Häzir ýagdaý şonuň ýaly. Olar agzyna gelen zady aýdyp, gygyrmaklary mümkin. Olar adamyň mertebesini kemsidip, onuň namysyna degip, jany agyrar ýaly hapa sözleri aýdýarlar. Olar ýönekeý halka agzyna gelenini ak-gara diýmän, aýdyberýärler. Olar adamy urmakdan hem gaýtmaýarlar”.
Emma Fazyl aga häzir adamlaryň käbiriniň şeýle käýinç eşitmäge mynasypdygynam sözüniň üstüne goşdy: “Sebäbi olar aýdylany etmeýärler. Aýdylan zada gulak asmaýarlar”.
Özbekçe dolandyryş usuly
Namanganly ykdysatçy Rasulžan Abdumajidow özbekçe dolandyryş usuly barada şeýle diýýär: “Golastyňdakylary urup, sögüp dolandyrmak usuly kommunistler zamanynyň ilkinji döwürinden tä 50-nji ýyllara çenli döwri öz içine alýar. Çünki rewolýusiýadan soň 50-nji ýyllara çenli ýurtda önümçilikde we halk hojalygyny dolandyrmakda sowatsyz ýaranjaň adamlardan ýolbaşçylar saýlanypdyr”.
Bu taryhy gowy bilýän tejribeli ykdysatçynyň pikirleri. Özbegistanyň kadrlar syýasatyndaky käbir tendensiýalar, hususanda, mähelle başlygy wezipesine we welaýat häkimi wezipesine ozal polisiýada işlänleri bellemekleri alymyň pikirini delillendirýär.
Eger alymyň aýdanlary hakykat bolsa, onda Özbegistan Stalin döwrüni başdan geçirýär. Stalinden soň Hruşýow, ondan soň Brežnew soňra-da Gorbaçýow döwlet başyna gelmeli. Ondan soň garaşsyzlyk meselesiniň gün tertibine goýulmagy mümkin.