Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM-niň işi öwülýär, emma igenç hem seýrek däl


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň baş edarasy, Aşgabat.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň baş edarasy, Aşgabat.

29-njy maýda Türkmenistanda Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçildi.

Bu waka bilen baglanyşykly organ işgärlerine eden ýüzlenmesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň Türkmenistanyň raýatlarynyň asudalygyny goramak bilen “ýurtdaky amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, medeni we ruhy özgerişliklere mynasyp goşant goşýandyklaryny” nygtady.

Ýurduň Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň amala aşyrýan işlerine şeýle ýokary baha berýändigine garamazdan, prezident Berdimuhamedowyň soňky dört ýylyň dowamynda içeri işler ministrleriniň üçüsini wezipesinden boşadandygyny, dördünjisine hem eýýäm azyndan iki gezek berk käýinç berendigini göz öňünde tutsaň, ol bu ministrlikdäki işlerden şeýle bir hoşal hem däl ýaly.

4 ýylda 4-nji ministr

Hususan-da, 2007-nji ýylyň fewralynda häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedow eýýäm şol ýylyň aprelinde “işinde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýen aýyplama bilen şol wagtky içeri işler ministri Akmämmet Rahmanowy wezipesinden boşadypdy.

Onuň ornuna bellenen Hojamyrat Annagurbanow hem bu wezipede bary-ýogy ýarym ýyl oturansoň, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, ol hem ministrlik kürsüsinden gitmeli bolupdy. Şonda prezident oňa käbir jenaýatlary bassyr-ýussur etmekde-de aýyplama bildiripdi.

Şondan soň, 2007-nji ýylyň oktýabrynda içeri işler ministriniň wezipesine bellenen Orazgeldi Amanmyradow hem bu wezipede 2009-njy ýylyň maýyna çenli oturdy. Berdimuhamedow şonda Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň gününe gabatlap geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda bu ministrligiň işini berk tankyt etdi we ministrligiň ýolbaşçysy Amanmyradowy dynç alşa ugratdy.

Berdimuhamedowyň prezidentligi döwründe bu wezipä gelen dördünji ministr Isgender Müllikow hem 2009-njy ýylyň noýabrynda “Içeri işler ministrliginiň bölümleriniň şahsy düzüminde düzgün-tertibi gowşadandygy üçin” diýen aýyplama boýunça prezidentden käýinç alan bolsa, 2011-nji ýylyň aprelinde ol “Türkmenistanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işini gurnamakda goýberen kemçilikleri üçin” prezidentden berk käýinç aldy.

Prezident Berdimuhamedowyň Müllikowa-da bildirýän igençlerini göz öňünde tutsaň, bu dördünji ministriň hem wezpesinde uzak oturjagyna şübhelenmeli bolýar.

Netije berermi?

Uruş we Parahatçylyk maglumatlar institutynyň ýerine ýetiriji direktory Jon MakLaud Nyýazowyň döwri bilen deňeşdirilende Berdimuhamedowyň kadrlar syýasatynda-da uly bir özgerişligiň göze ilmeýändigini aýdýar.

Ol döwlet lideriniň çinownikleri korrupsiýada ýa-da iş başarmaýanlykda aýyplap, wezipesinden boşadýandygyna garamazdan, beýle köne metodlaryň netije berjekdigini sorag astynda goýýar.

“Dogrymy aýtsam, bu usullar netije berer diýip garaşmak kyn. Sebäbi, jeza bermek çäreleri ozallaram dürli derejelerde edilýärdi. Mysal üçin, ýurduň ozalky lideri Türkmenbaşam ilki öz ministrlerini öwüp, soňam birdenkä olaryň nähilidir bir jenaýat edendiginiň üstüni açan bolup, olary türmä basýardy. Beýle çäreler adamlary gorky astynda saklamak üçin edilýän bir syýasy iş” diýip, MakLaud ýagdaýa baha berýär.

MakLaud kadrlar syýasatynyň bir adamyň emri bilen çözülmän, tutuş sistemanyň özüniň işlemelidigini, munuň üçin bolsa kadrlar syýasatynda düýpli reformalaryň amala aşyrylmalydygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG