Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar tomusky dynç alşa başladylar


Ozalky Çüli — häzirki Gökderede gurlup, ulanylmaga berlen çagalar üçin dynç alyş-sagaldyş öýleriniň töwereginde mal bakýan çagalar, 2010-njy ýyl.
Ozalky Çüli — häzirki Gökderede gurlup, ulanylmaga berlen çagalar üçin dynç alyş-sagaldyş öýleriniň töwereginde mal bakýan çagalar, 2010-njy ýyl.
Garaşsyzlygyň başky ýyllary, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň netijesinde, iň bir ünsden düşürilen meseleleriň biri hem çagalaryň dynç almaklary baradaky mesele bolupdy.

Garaşsyzlykdan ozal ýurduň ähli etraplarynda tomus möwsümi çagalar üçin sagaldyş meýdançalary açylyp, mekdep okuwçylarynyň ählisi diýen ýaly tapgyrlaýyn kabul edilýän dynç alyş-sagaldyş meýdançalarynda dynç alýardylar.

Çagalar üçin sport oýunlary, gyzykly konsertler, kinofilmler, ekskursiýalar gurnalyp, çagalarda täsir galar ýaly çäreler geçirilýärdi. Mekdepde oňat okaýan okuwçylaryň käbiri Soýuz möçberinde tanalýan “Artek” pioner lagerinde dynç almaga ugradylsa, ozalky Çüli — häzirki Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalar hem köpdi.

Arçabilde, Gökderede çagalaryň ozaldan bar bolan, «pioner lagerleri» atlandyrylýan dynç alyş-sagaldyş öýleriniň ýykylyp aýrylmagy bilen hem-de oba ýerlerindäki çagalar dynç alyş-sagaldyş meýdançalarynyň ýapylmagy netijesinde, 10 müňlerçe çagalar gyzykly gurnalýan dynç alyşdan mahrum bolupdylar.

Soňky ýyllar

Häzir Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde “soňky jaň” dabaralary geçirilip, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyç möwsümi başlandy.

Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş öýi
Soňky ýyllar çagalaryň oňat dynç almaklary, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, aň-düşünje taýdan ösen we döredijilik ukyplary bolan ýaşlary ösdürip ýetişdirmek üçin döwlet derejesinde edilýän aladalaryň artýandygy belli bir derejede görünýär.

Gökderede gurlup, ulanylmaga berlen “Daýanç”, “Arzuw” dynç alyş-sagaldyş öýleriniň işläp başlamagy bilen, türkmenistanly çagalaryň ýüzlerçesi ýene-de salkyn jülgede dynç alyp, saglyklaryny berkitmäge mümkinçilik aldylar.

Tomus möwsümi 3 tapgyrda çagalary kabul edýän bu dynç alyş öýleriniň her biri bir bada 200 çagany kabul edip bilýär. Döwletiň aladasy bilen Gökdere jülgesinde gurulýan şeýle çagalar sagaldyş-dynç alyş öýleriniň sany ýyl-ýyldan artýar.

Çagalar Gökderede dynç alyş döwründe, sportuň birnäçe görnüşleri — ýeňil atletika, futbol, şaşka, küşt oýunlary bilen meşgul bolýarlar. Aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary gurnalýar. Toparlaryň arasynda «Iň oňat çaga kim?», «Eýjejik gyzjagaz» bäsleşigi geçirilýär. Orun alan çagalara diplomlar gowşurylýar.

“Dynç alyş döwri welaýatlardan gelen çagalar biri-biri bilen dostlaşýarlar. Öýe gaýtmaly bolanda olar aglaşyp hoşlaşýarlar” diýip, Ahal welaýatyndan Sona mugallyma gürrüň berýär.

Gökdere jülgesinde gurlup ulanylmaga berlen çagalar dynç alyş-sagaldyş öýleriniň birnäçesi “Türkmennebitgaz” konserniniň garamagynda bolup, ol ýere esasan Balkan welaýatyndan bolan nebitçileriň çagalary dynç almaga ugradylýar.

Edara-kärhanalardan kärdeşler arkalaşygynyň ýeňillikli ýollamalary bilen çagalaryny dynç alyş öýlerine ugradýan ene-atalar 20 günlük dynç alyş üçin ýollama 120 manat möçberinde pul töleýärler. Emma ýollamany doly bahasyna aljak bolsaň, onuň bahasy 190 manat.

Awaza dynç alyş zolagynda hem bir tapgyrda her welaýatdan 200 çaganyň dynç alyp bilmegi üçin çagalar şäherçesiniň gurulmagy bilen, türkmenistanly çagalaryň dynç alyş öýlerine ugradylmak mümkinçilikleri artdy.

Ugradyp bilmeýänler

Emma bir öýden 2-3 çagasyny dynç alyş öýlerine ugratmak isleýän ene-atalaryň köpüsinde şeýle mümkinçilik ýok. Käbir ene-atalar bir çagany hem şu möçberdäki puly töläp ugradyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Etraplardaky çagalary hasaba almanyňda-da, paýtagtda ýaşaýan çagalaryň hem agramly bölegi dynç alyş öýleriniň gapysyndan ätläp görenoklar.

“Pully, wezipeli adamlaryň çagalary dynç alyş-sagaldyş öýlerine gidip bilýärler. Pukara maşgalalaryň çagalary bolsa mal yzynda gezýärler, ýa bolmasa kärende ýerlerinde ene-atalaryna kömek berip, işlemeli bolýarlar” diýip, Sona mugallyma aýdýar.

Tomus möwsümi 3 tapgyrda çagalary kabul edýän bu dynç alyş öýleriniň her biri bir bada 200 çagany kabul edip bilýär.
“Ýollamalaryň sanyny artdyryp, bahasyny arzanlatsalar, her bir maşgala üçin elýeter ýagdaý döretseler ähli çagalar hem tomus möwsümini ýatda galar ýaly dynç alyşda geçirerdiler” diýip, mugallyma sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň soňky geçen mejlisleriniň birinde döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gökderede ýene-de 500 orunlyk “Şöhle” dynç alyş merkeziniň açyljakdygy barada habar berdi.

Prezident her bir welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe olaryň alada bilen gurşalyp alynmalydygy hakda aýtdy hem-de her bir ýaş türkmenistanlylaryň göwnejaý dynç almaklary we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmekleri üçin ähli çäreleriň döredilmegini degişli ýolbaşçylardan talap etdi.

Bu ýylky tomus kanikulynyň çagalaryň dynç almaklary üçin has oňaýly ýyl boljakdygyna ynam bardygyny Sona mugallyma belledi.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG