Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta galplygy ençeme resminiň başyna ýetdi


Daşoguzda pagta ýygymyna başlanýar, 2010-njy ýylyň 29-njy awgusty.
Daşoguzda pagta ýygymyna başlanýar, 2010-njy ýylyň 29-njy awgusty.
Londonda ýerleşýän “Uruş we Parahatçylyk maglumatlar instituty”, Türkmenistanyň içindäki çeşmelere salgylanyp, pagtany artdyryp ýazmalar we şu ugurdaky käbir beýleki galplyklar bilen baglanyşykly Daşoguz welaýatynda ýakynda, 2-nji maýda, 21 sany resminiň türme tussaglygyna höküm edilendigini ýazýar.

“Uruş we Parahatçylyk maglumatlar instituty” Daşoguzyň sudunyň agzalan resmileri 5 ýyl bilen 17 ýyl aralygynda dürli möhletli türme tussaglygyna höküm edendigini tassyklaýar. Emma, muňa garamazdan, Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri Daşoguzda şeýle sud prosesiniň geçendigi barada ilat köpçüligine hiç hili maglumat bermedi.

Pagta we däne hasylyny tabşyrmakdaky artdyryp ýazmalar bilen bagly problemalar sowet häkimiýeti ýyllaryndan bäri dowam edip gelýän problema. Emma käbir ýerli synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bu problemanyň has-da giň gerim alandygyny aýdýarlar.

Artdyryp ýazmalar

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew problemanyň şeýle çuňňur kök urmagyny oba hojalygynda ýokardan plan tabşyrmak we ýerli ýolbaşçylara basyş görkezmek syýasatynyň dowam edýändigi bilen düşündirdi.

Mundan ozal Türkmenistanyň ozalky awtoritar lideri Saparmyrat Nyýazow ýylyň-ýylyna pagta we däne planlaryny artdyryp, hatda soňky ýyllarda ýyllyk tabşyrylmaly pagta planyny 2 million tonnadan hem geçiripdi.

Oba hojalygy ugrundan bilermenler ýurduň oba hojalygyndaky real ýagdaýlar göz öňünde tutulmazdan alnyp barlan şeýle syýasatyň ýerlerde artdyryp ýazmalar bilen baglanyşykly galplyklaryň görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösmegine getirendigini aýdýarlar.

“Uruş we Parahatçylyk maglumatlar institutynyň” ýerine ýetiriji direktory Jon MakLaud prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen planlaryň birneme azaldylandygyna garamazdan, ýokardan plan bermek we planlaryň dolmagy üçin hojalyk ýolbaşçylaryna basyş görkezmek syýasatynyň henizem dowam etdirilýändigini belleýär.

“Daşoguzly resmileriň hakykatdanam şeýle galplyklary eden bolmaklary gaty ähtimal. Sebäbi olaryň artdyryp ýazmalara ýüz urmaklary üçin edilýän basyşlar dowam edýär. Elbetde, bir tarapdan, bu resmiler jenaýat etmekde günäkär bolup bilerler. Emma, beýleki tarapdan, olar sistemanyň şuny talap edýändigi üçin şeýle etmäge mejbur bolýarlar” diýip, MakLaud aýdýar.

Netije berermi?

Ýöne, her niçik bolanlygynda-da, oba-hojalyk pudagynda jenaýat eden resmilere köpçülikleýin ýagdaýda jeza berilmeginiň bu pudakdaky korrupsiýanyň birneme azalmagyna ýardam etmeginiň mümkindigini aýdýanlar hem bar.

MakLaud bu garaýyş bilen ylalaşmaýar: “Dogrymy aýtsam, bu şeýle netije berer diýip garaşmak kyn. Sebäbi jeza bermek çäreleri ozallaram dürli derejelerde ulanylýardy. Mysal üçin, ýurduň ozalky lideri Türkmenbaşy hem ilki öz ministrlerini öwüp, soňam birdenkä olaryň nähilidir bir jenaýat edendiginiň üstüni açan bolup, olary türmä basýardy. Beýle çäreler adamlary gorky astynda saklamak üçin edilýän bir syýasy iş”.

Türkmenistanly žurnalist Ýazgulyýew birnäçe resmini türmä basmak bilen ýurtdaky artdyryp ýazmalar ýaly problemanyň öňüni alyp bolmajakdygyny aýdýar we bu meselede-de ýurtdaky söz we metbugat azatlygynyň ýagdaýyna köp zatlaryň baglydygyny nygtady.

“Uruş we Parahatçylyk maglumatlar institutynyň” ýerine ýetiriji direktory MakLaud hem korrupsiýanyň öňüne hakykatdanam böwet bolmak üçin ozaldan dowam edip gelýän kadrlar we oba-hojalyk syýasatynda düýpli reformalar zerur diýip hasaplaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG