Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň arap dünýäsinde demokratik özgerişleri goldamak barada ýaňy yglan eden planlary bazar ykdysadyýeti reformalaryny-da öz içine alýar. Ol Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň bu ugurda peýdaly rol oýnarlyk tejribesiniň bardygyny-da aýtdy. Bu bankyň özüniň Merkezi we Gündogar Ýewropada alyp barýan işlerini Demirgazyk Afrika ýa Orta Gündogara ýaýbaňlandyrmagy barada nähili pikir edýäňiz?
Erik Berglof: Ilki bilen bu işi ýaýňbaňlandyrmak däl-de, dünýäniň bu bölegine serişde goýbermek. Bize Müsür hökümetinden we Marokkodan haýyşnama geldi. Biziň tejribelerimiziň beýleki ýurtlary-da gyzyklandyrýandygyny bilýäris.
Meniň pikirimçe, bu ýurtlarda geçiş babatda köp kynçylyklar bar. Maksat sagdyn hususy sektory ösdürmek, ownuk we orta ululykdaky kärhanalary ösdürmek. Energiýanyň ulanylyşyny üýtgedip, döwletiň ykdysadyýetde oýnaýan roluny täzeden definirlemek. Şeýle-de, bularyň arasynda köp umumylyklar bar. Ýöne tapawutly kynçylyklar-da ýok däl. Bu hem gaty tapawutly demografiýa bilen baglanaşykly. Arap ýurtlarynda ýaşlaryň aglabasy işsiz. Arada gaty möhüm taryhy tapawutlar-da bar. Ýöne biz peýdaly rol oýnamagymyz üçin umumylyklar ýeterlik diýip, pikir edýäris.
Azatlyk Radiosy: Buýruk boýunça dolandyrylan ykdysadyýetden bazar ykdysadyýetine geçmegi goldamakda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň 1990-njy ýyllarda alan özboluşly we möhüm sapaklary barmy?
Erik Berglof: Alnan sapaklar köp. Regionda syýasaty ýöredýänleriň nukdaýnazaryndan garanyňda, eger bu işleri edil şu gün etmeli bolsady, Merkezi we Gündogar Ýewropada köp zatlary başga hili ederdik. Mysal üçin, Merkezi Ýewropada hususylaşdyrmak işine köp tapawutly ýollar bilen çemeleşildi. Bular gaty çalymdaş netijelere getirdi.
Biziň alan sapaklarymyzyň biri hususylaşdyrmakda başga zatlara-da üns berilmelidigi bolsa gerek. Mysal üçin, kanunyň häkimligi, umumy dolandyryş, basleşik we şular ýaly zatlar. Hususylaşdyrma işi beýleki syýasatlar bilen utgaşykly gitmeli.
Azatlyk Radiosy: Gozgalaňy başdan geçiren arap ýurtlarynda ýagdaý nähili? Bu ýerlerde hususy sektoryň ösmegi baýlygyň ýaragly güýçler bilen ilteşikli elitanyň elinde jemlenmegine getirdi. Beýlekiler bolsa, hatda ownuk hususy söwda işine başlajak bolsalar-da, ençeme kynçylyk we býurokratiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Erik Berglof: Has gyzyklanylýan ýurt Müsüri alyp göreli. Bu ýerde gaty uly hususy sektor bar. Hususylaşdyrma bu ýerde bir mesele däl. Ýöne bu ýerde-de geçiş regiony bolan Merkezi we Gündogar Ýewropada bolşy ýaly, hususylaşdyrmakda edilýän köp ýalňyşlyklara ýol berlipdir. Häzir möhüm zat döwletiň rolunyň täzeden definirlenmegi. Ol ykdysadyýetiň dürli sektorlaryna pul kömegini bermegiň deregine ownuk we orta ululykdaky kompaniýalaryň döredilmegine kömek etmeli. Söwda gurşawyny gowulandyrmaly, söwda üçin gerekli adamlary ýetişdirmeli, muňa maýa goýmaly.
Azatlyk Radiosy: Geçiş üçin Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankyndan kömek soraýan arap ýurtlarynda bu bankyň tejribesi ykdysady reformanyň tizliginiň çaltlanmagyna kömek eder diýen ortak garaýyş barmy?
Erik Berglof: Haýyşnama Müsür bilen Marokkodan geldi. Bular bank gurlaly bäri onuň agzalary. Olar biziň ara goşulmagymyzy soraýarlar. Biziň käbir tejribelerimiziň bardygyny, goşant goşup biljekdigimizi görýärler. Biz hem olaryň bu garaýşy esasan dogry diýip, pikir edýäris. Haýsy tejribeleri geçirmegiň gowy boljakdygy barada oýlanýarys. Şeýle baha bereniňde, gaty möhüm kynçylyklaryň bardygy görünýär. Biz bu çözgüdiň bir bölegi bolup bileris.