Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri BMG-niň komitetine hasabat berdiler


Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öňündäki Adalat heýkeli, Aşgabat şäheri.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň öňündäki Adalat heýkeli, Aşgabat şäheri.
17-18-nji maýda Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy Komitetinde Türkmenistanyň hökümetiniň dokladynyň diňlenişigi boldy. Bu doklad türkmen häkimiýetleri tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna 2000-nji ýylda teklip edilmelidi, emma doklad 10 ýyl gijä galdyryldy.

Diňlenişige türkmen tarapyndan jemi 10 adam, şol sanda Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň başlygynyň orunbasary Hangeldi Serdarow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, adam hukuklary we azatlyklary komitetiniň agzasy Pirnazar Hudaýnazarow, adalat ministriniň orunbasary Batyr Ärnyýazow we beýleki resmiler gatnaşdylar.

Ženewada ýerleşýän BMG-niň edarasyndaky diňlenişige Türkmenistanyň garaşsyz adwokatlar jemgyýetinden, adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparyndan we adam hukuklary boýunça beýleki guramalardan hem wekiller gatnaşdylar.

Türkmen türmelerindäki ýagdaýlar barada doklad diňlenenden soň, Komitetiň agzalarynyň beren sowallarynyň Türkmenistandan gelen wekilleriň göwnünden turmandygyny “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin aýtdy.

“Elbetde, berlen soraglar olar üçin oňaýsyzdy. Meselem: Türkmenistandaky syýasy tussaglar we wyždan ýesirleri baradaky sorag. Olar bu soraglara anyk jogap bermediler. Telekeçi Berdiýewleriň maşgala agzalarynyň ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan uzak wagtdan bäri ýanalyp gelýändigi baradaky sowala jogap berip, türkmen delegasiýasynyň wekilleri bu maşgala agzalarynyň tussaglykda saklanýandygyny boýun aldylar”.

Emma türkmen delegasiýasynyň wekilleri göýä prezidentiň janyna kast edişlikde günälenip, 2003-nji ýylda uzak möhlet bilen türmä basylanlar we Gyzyl Haç Halkara Jemgyýetiniň wekilleriniň türkmen türmelerindäki ýagdaýy öwrenmegi üçin goýberilmegi barasyndaky sowallary açyk galdyrdylar diýip, Tuhbatullin belledi.

Golaýda adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistandaky türmeleriň we tussaglaryň sany hem-de tussaglaryň ýaşaýyş şertleri barada doklad çap edipdi. “Türkmen delegasiýasynyň wekilleri dokladda berilýän sanlaryň hakykata laýyk gelýändigini boýun aldylar” diýip, Tuhbatullin sözüniň üstüne goşdy.

Türkmen delegasiýasynyň dokladynda: geçen ýyl ýörite görkezme bilen köp çagaly ene hökmunde Türkmenistanyň mejlisiniň öňki başlygy Öwezgeldi Ataýewiň aýalynyň azatlyga çykarylandygy, şeýle-de 18-nji maýda geçirilen Galkynyş, Agzybirlik we Magtymgulynyň şygryýet günlerine bagyşlanyp, günä geçişligiň yglan edilendigi we şu saparky günä geçişlikde 1,500 tussagyň azatlyga çykarylandygy barada maglumatlar bar.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan hödürlenen dokladda aýdylmagyna görä, ýurduň demirgazygyndaky aýallar türmesinde 2,213 sany tussag saklanýar. Olarda bar bolan statistik maglumat diňe şol.

BMG-niň Gynamalara garşy Komitetinde bolan diňlenişik boýunça taýýarlanan resmi dokument entek yglan edilmedi.
XS
SM
MD
LG