Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ramsfeld Özbegistandaky gyrgynçylygy akladymy?


Adamlar Andijandaky ok atyşlyklarda heläk bolanlaryň jesetleriniň ýanynda aýat okaýarlar, 2005-nji ýylyň 14-nji maýy.
Adamlar Andijandaky ok atyşlyklarda heläk bolanlaryň jesetleriniň ýanynda aýat okaýarlar, 2005-nji ýylyň 14-nji maýy.
Birleşen Ştatlaryň öňki goranmak ministri Donald Ramsfeldiň öz giň göwrümli ýatlama kitabynda: “Biziň administrasiýamyzyň daşary syýasatda goýberen iň uly ýalňyşlygy” diýýäni barada berýän gürrüňleri zordan üç sahypa barýar. Onuň suratlandyrýan epizody Yrakda ýa Owganystanda däl-de, Özbegistanda bolan zat. Ýöne Ramsfeldiň berýän gürrüňleri bu waka baradaky umumy maglumatlar bilen utgaşmaýar.

Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikasy hökmünde Özbegistanda bolýan wakalaryň adamlaryň ünsüni özüne çekjekdigi geň zat däl. Ýöne 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň ýurduň Owganystana abanyp duran strategik ýerleşişi onuň ähmiýetini artdyrdy. Muňa sebäp bolan zat özbek hökümetiniň “K2” diýip tanalýan Karşy-Hanabat howa bazasyny Birleşen Ştatlara hödürlemegi boldy.

Özbegistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alaly bäri öňki sowet apparatçysy Yslam Kerimow tarapyndan dolandyrylýar.
1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alaly bäri öňki sowet apparatçysy Yslam Kerimow tarapyndan dolandyrylýan Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy ýaramaz. Owganystanda barýan uruş ony Birleşen Ştatlaryň täsirine düşürse-de, ýurtda adam hukuklary ugrundan üýtgän zat bolmady.

2005-nji ýylyň maý aýynda Amerikanyň bähbitleri bilen gymmatlyklary arasyndaky gapma-garşylyk bir öwrülişik nokadyna getirdi. Bu özbek hökümetiniň Andijanda 23 söwdagäri tussag etmegi bilen başlandy. Režim bulary, köplenç öz garşydaşlary babatynda edişi ýaly, ekstremistik yslamçy bir gurama degişlilikde aýyplady. Netijede müňlerçe ýaragsyz protestçi Andijan şäherine ýygnanyp, bu adamlaryň tutulmagyna garşylyk bildirdiler. Olar hökümetdäki korrupsiýanyň we garyndaşparazlygyň özlerini alada goýýandygyny aýan etdiler.

2005-nji ýylyň 13-nji maýynda ir ertir elleri ýaragly adamlar tussaghana hüjüm edip, agzalanlary we ýene-de birnäçe adamy boşatdylar. Özbek güýçleri hem muňa jogap edip, protestçi märekä ot açdylar. Näçe adamyň ölendigi anyk däl. Hökümet ölenleriň sanyny 187 diýip berse, hökümete degişli däl guramalaryň agzaýany müňe golaý.

Halkara “Human Rights Watch” guramasynyň hasabatynda: “Wakany öz gözi bilen görenler bize iň ýaramaz ot açyşlykda 300-400 töweregi adamyň bolandygyny aýtdylar. Bulardan diňe sanlyja adam diri galypdyr. Şol gün ençeme gezek şular ýaly ot açyşlyk bolupdyr” diýilýär.

Gabat gelenok

Ramsfeldiň bu pajygany beýan edişi bolsa halkara synçylarynyň köpüsiniň aýdýanlaryndan gelşiksiz ýagdaýda tapawutlanýar. “Hüjümden maksat gündogar Özbegistanda yslam döwletini gurmaga synanyşýanlykda aýyplanýan bir yslamçy ekstremistik toparyň agzalaryny boşatmak bolana meňzeýär” diýip, Ramsfeld ýazýar.

Andijandaky wakalar boýunça Ramsfeldiň öňe sürýän wersiýasy ne adam hukuklary toparlarynyň, ne halkara mediasynyň, ne-de wakany öz gözi bilen görenleriň aýdýanlaryna gabat gelýär.
Birleşen Ştatlaryň öňki goranmak ministri gyrgynçylygyň bolandygyny, tussaghana hüjüm edilendigini aýdýar. Ýöne ol: “Köplenç aýdylyşy ýa ýalňyş habar berlişi ýaly, bu esgerleriň gelip, bigünä adamlary gyrmagy däl” diýýär.

Onuň öňe sürýän wersiýasy ne adam hukuklary toparlarynyň, ne halkara mediasynyň, ne-de wakany öz gözi bilen görenleriň aýdýanlaryna gabat gelýär. Asyl Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklarynyňka, hatda Döwlet departmentiniňkä-de gabat gelenok. Onuň aýdýanlary diňe Kerimowyň režiminiň aýdýanlary bilen utgaşýar.

Tussaghana edilen hüjüm barada Ramsfeld esasan režimiň “bu işi yslmaçylar etdi” diýýänini gaýtalaýar. Ol bu adamlary hem bir gezek “gozgalaňçylar” diýip atlandyrsa, bir gezek “pitneçiler” diýip atlandyrýar.

Ramsfeldiň goranmak ministri hökmünde Özbegistan bilen oňaýly gatnaşykda bolmaga Döwlet departamentinden we Kongresden artyk meýil bildirjekdigi düşnükli zat. Nähili-de bolsa, ol daglyk, deňze ýoly bolmadyk goňşy ýurtda uruş alyp barýar. Onuň esasy aladasy hem ilkinji nobatda “ýaran ýurtlarda” adam hukuklarynyň ýagdaýy däl. Dogrusy, Ramsfeld Kerimowyň režiminiň Andijan baradaky diýýänini totyguş ýaly gaýtalamaga meýilli görünýär.

Ol Andijan gyrgynçylygyna Buşuň administrasiýasynyň daşary syýasatynda goýberilen iň uly şowsuzlyk diýip garaýana meňzeýär. Ýöne munuň sebäbi Birleşen Ştatlaryň ynamdarlygyna ýeten zyýanda däl. Sebäbi Amerikanyň abraýyna ýeten çynlakaý zyýan ýa onuň Owganystandaky bähbitlerine ýeten uly bir täsir ýok. Munuň sebäbi Ramsfeldiň öz getirýän delillerine çolaşmagyndan başga zat däl bolsa gerek.

Jeýms Kirçik Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti. Bu kommentariý ilki başda “The Atlantic” neşirinde çap edildi. Makalada öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG