Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat Garryýew başga işe geçirildi


Türkmenistanyň Dempartiýasynyň öňki birinji sekretary Onjuk Musaýew (çepde) we Myrat Garryýew.
Türkmenistanyň Dempartiýasynyň öňki birinji sekretary Onjuk Musaýew (çepde) we Myrat Garryýew.
Türkmenistanyň Saýlawlary we Referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasynyň başlygy çalşyryldy. Bu döwlet edarasyna 1990-njy ýyllardan bäri ýolbaşçylyk edip gelen Myrat Garryýewiň deregine geçen ýyldan bäri onuň orunbasary bolup işlän Orazmyrat Nyýazlyýew bellendi.

Ýurduň milli habar beriş serişdelerinde 79 ýaşly Myrat Garryýewiň Türkmenistanyň Saýlawlar we Referendumlar boýunça Merkezi komissiýasynyň başlygy wezipesinden boşadylmagyna onuň başga işe geçirilmeginiň sebäp bolanlygy aýdyldy.

Garryýewiň ýolaşçylygynda bolan Merkezi Saýlaw komissiýasy Türkmenistanda geçirilýän ähli saýlawlara ilatyň gatnaşyk derejesininiň 90%-den ýokary bolýanlygyny yzygiderli yglan edip gelýär.

2007-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Garryýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň 90%-e golaý ses toplanlygyny yglan edipdi.

Garryýew, öňki Saparmyrat Nyýazow aradan çykanda, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine Berdimuhamedowy saýlaw geçirmezden bellemek teklibini öňe sürüpdi. “Saýlaw geçdi diýibem biljek şu wagt, eger ýagdaý bolsa welin. Emma daş-töweregiňden seredip otyrlar” diýip, Garryýew 2007-nji ýylyň ýanwar aýynda eden çykyşynda aýtdy.

2009-njy ylyň oktýabr aýynda Garryýew Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” adyny dakmak inisiatiwasy bilen hem çykyş etdi. Şonda Garryýew Berdimuhamedowyň prezident wezipesindäki işine öz tarapyndan ýokary baha berdi. “Biziň halkymyzy, biziň Watanymyzy, biziň ýurdumyzy belende galdyrdyňyz. Oňa şaýat daşary ýurtdan gelýän adamlar. Biz şol gelýän adamlaryň arasynda gezip ýörüs. Olaryň diýýän zatlary: bize-de şunuň ýaly prezident ýetirsin diýýärler” diýip, Garryýew aýdypdy.

Şol çykyşyndan bir hepde soň Garryýew prezidentiň ýyldyzy ordeni bilen sylaglandy.

Täze ýolbaşçy

Türkmenistanyň Saýlawlary we Referendumlary geçirmek boýunça Merkezi komissiýasynyň başlygy wezipesine Orazmyrat Nyýazlyýew bellendi. Balkan welaýatynyň öňki häkimi Nyýazlyýew 2010-njy ýylyň iýul aýynda Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdi.

Ýerli synçylar şondan bäri Garryýewiň wezipesinden çetleşdirilmegine garaşylanlygyny aýdýarlar. Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň aýtmagyna görä, asly gökdepeli Nyýazlyýew prezidente ýakyn durýan adamlaryň biri hasaplanýar.

Saýlawlaryň açyk-aýdyň we adalatly geçirilmegi demokratiýanyň baş ýörelgeleriniň biri. Demokratik özgerişliklere eýerýänligini yglan edýän Türkmenistanda Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçysynyň çalşyrylmagy bu organyň işine nähili täsir ýetirip biler diýen sowal köpleri gyzyklandyrýar.

Baýryýewiň bellemegine görä, saýlaw prosesiniň kanunalaýyk berjaý edilmegine gözegçilik etmäge borçly bu edaranyň işiniň ýokardan kesgitlenmegi we onuň hökümete garaşly wekillerden düzülmegi Merkezi saýlaw komissiýasynyň, täze ýolbaşçysynyň golastynda hem ygtyýarsyz boljagy barada pikir döredýär.

Muňa garamazdan, käbir umytlaryň hem bardygyny Baýryýew belledi: “Täze başlygyň özüni ýaranjaňlaryň hatyrasyna döwletiň Konstitusiýasyny, Saýlawlar hakyndaky kanunlary görnetin äsgermezlik edip, ilatyň gözünden düşen Myrat Garryýewden azda-kände tapawutly boljagyna ynanasyň gelýär”.

Garryýew Türkmenistanyň “Ýaşulular geňeşiniň” ýolbaşçysynyň orunbasary edip bellendi. Her welaýatyň wekilleri bolan 600 adamdan düzülen “Ýaşulular geňeşi” maslahat beriji organdyr. Prezident tarapyndan bu guramanyň maslahatlary zerurlyga görä, emma azyndan ýylda bir gezek geçirilýär.
XS
SM
MD
LG