“Parahatçylyk we ylalaşyk federasiýasynyň, “Mužestwo i Gumanizm” halkara bileleşiginiň, “Türkmenistan bilen dostluk, medeni we işçi aragatnaşyklar boýunça jemgyýetiniň”, “Orsýet-Türkmenistan öýüniň” we “Moskwadaky türkmen medeniýeti bileleşiginiň” gatnaşmagynda geçirilen bu çärä Orsýetde ýaşaýan türkmenler we Moskwanyň jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Moskwanyň “Parahatçylyk we Ylalaşyk Federasiýasynyň” öýünde geçirilen baýramçylyk çäresi gutlagly çykyşlardan başlandy. Baýramçylyk agşamyny Orsýetiň halk artisti, Ýaroslawl şäheriniň simfonik orkestriniň ýolbaşçysy we dirižýory Myrat Annamämmedow alyp bardy.
Çykyş edenleriň biri Tajigistanyň Moskwadaky Medeni merkeziniň başlygy Hurşida Hamrakulowa Nowruz baýramynyň Orsýetdäki türkmenler tarapyndan bellenişiniň taryhyndan gürrüň açdy.
Hamrakulowa öz döwründe ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen diasporasynyň gözleginde bolanlygyny we Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasyna, özüne tanyş türkmenlere ýüz tutup, medeni çärelere türkmenleri hem çekmäge synanyşanlygyny gürrüň berdi. Ol indi Moskwada Nowruz baýramçylygynyň türkmenler tarapyndan hem bellenýänligine begenjini bildirdi.
Guramaçylaryň biri bolan “Orsýet-Türkmenistan öýüniň” ýolbaşçylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, türkmenleriň gatnaşmagynda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalary Moskwada Nowruz baýramyny 8 ýyl bäri geçirip gelýärler.
Guramaçylaryň ýene biri “Watandaşlar” atly ors-türkmen dostluk bileleleşiginiň ýolbaşçysy Maksat Saparmyradow bu dabaralara Türkmenistanyň resmi wekilleriniň gatnaşman gelýänligi bilen bagly meseläni gozgady. Ol bu hakda şeýle diýdi: “Biz şeýle çäreleri geçirýäris, ilçihana bolsa aýratynlykda öz çäresini geçirýär. Şuny birleşdirip gurap bolsady?!”.
Baýramçylyk gutlaglary bilen sahnada çykyş edenleriň arasynda 1998-2002-nji ýyllarda Orsýetiň Türkmenistanda adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän Anatoliý Şelkunow hem bardy.
Baýramçylyk dabarasy medeniýet wekilleriniň döredijilikli çykyşlary bilen dowam etdirildi.
Kompozitor we pianinoçy Maral Ýagşyýewanyň ýerine ýetiren eserleriniň arasynda Nury Halmämmedowyň eseleri, şol sanda “Dutaryň owazy” diýen eseri hem ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy bariton Atageldi Garýagdyýew öz çykyşynda Nury Halmämmedowyň döredijiligine degişli temany dowam etdirip, baýramçylyga gatnaşanlara Gurbannazar Ezizowyň sözlerine özi üçin ýazylan “Hüwdi” aýdymyny we beýleki aýdymlary aýdyp berdi.
Nowruz mynasybetli geçirilen dabaranyň resmi bölegi tamamlanansoň, baýramçylyk agşamy toý saçagy we milli tanslar bilen dowam etdirildi.

Çalýar: Maral Ýagşyýewa, Moskwa, 22-nji mart.
Kompozitor we pianinoçy Maral Ýagşyýewanyň ýerine ýetiren eserleriniň arasynda Nury Halmämmedowyň eseleri, şol sanda “Dutaryň owazy” diýen eseri hem ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy bariton Atageldi Garýagdyýew öz çykyşynda Nury Halmämmedowyň döredijiligine degişli temany dowam etdirip, baýramçylyga gatnaşanlara Gurbannazar Ezizowyň sözlerine özi üçin ýazylan “Hüwdi” aýdymyny we beýleki aýdymlary aýdyp berdi.
Aýdýar: Atageldi Garýagdyýew, Moskwa, 22-nji mart.