Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: korrupsiýa garşy göreş saýty işe başlady


Gyrgyzystanyň koalision hökümeti korrupsiýa faktlary boýunça adamlaryň arzalaryny Internet saýty arkaly açyk äşgär edip, olara çäre görmegi planlaşdyrýar. Ýurduň her bir raýaty täze Web saýta özüniň gören-bilen korrupsion işleri barada maglumat berip bilýär. Hökümet her bir düşen arzany hasaba alyp, şol arza boýunça görlen çäre barada Internet saýtynda yzygiderli maglumat berip durýar.

Korrupsiýa boýunça Web saýtyň maksatlary barada Korrupsiýa garşy işçi geňeşiň Baş sekretary Nurina Muhanowa şeýle diýýär: “Bu saýty açmakdan maksat korrupsiýa garşy göreş alyp barýan hökumet, döwlet organlarynyň işgärlerini, graždan jemgyýetine degişli institutlary, umuman, ýurtda korrupsiýa garşy göreş bilen gyzyklanýanlaryň hemmesiniň bilelikdäki göreşini ugrukdyrmakdan ybarat”.

"Saýtda graždan jemgyýetlerinden wekiller, orta we kiçi biznes aktiwistleri işleýärler. Saýta halkara guramalary gözegçilik edýärler. Biz döwlet organlary bilen memorandum esasynda işleýäris" diýip, Nurina Muhanowa aýdýar. "Häzirki günde bizde parlamentiň dolandyryjy koalisiýasy, Baş prokuratura, ýurduň Gümrük we Serhet gulluklary hem-de beýleki döwlet organlary bilen memorandum bar".

Nurina Muhanowanyň sözlerine görä, olar işi korrupsion faktlar barada maglumat berilýän gyssagly telefon aragatnaşygyny ýola goýmakdan başlapdyrlar: “Arza düşen badyna döwlet organlary bilen bile barlag işlerini geçirýäris. Barlaglarymyzyň netijelerini köpçülikleýin habar serişdeleri arkaly halka ýetirýäris. Biziň barlaglarymyzyň netijeleri esasly. Indi bizde parahorlary paş etmek mümkinçiligi döredi. Öňler döwlet organlaryndaky korrupsiýa barada aýtmak mümkin däldi”.

Soňky döwürde Gyrgyzystanda möhüm obýektlerde, ýagny harydyň we transportyň köp geçýän Manas aeroportunda hem-de Gazagystan bilen serehetde geňeş merkezleri açyldy. Şeýle-de ýolagçylara doldurmaga berilýän deklarasiýada hem gyssagly telefon aragatnaşygynyň, ýagny “gyzgyn liniýanyň” telefon nomerleri berilýär.

“Korrupsiýa bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýolagçylaryň şol telefonlara jaň etmäge mümkinçilikleri bar. Biziň gyssagly telefon aragatnaşygymyz gije-gündiz 24 sagadyň dowamynda işleýär” diýip, Korrupsiýa garşy işçi geňeşiň Baş sekretary Nurina Muhanowa aýtdy.

Agzalýan saýt barada 18-nji martda Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ömürbek Babanow žurnalistlere maglumat berdi we mundan beýläk çinownikleriň, para alsalar, munuň halk köpçüligine äşgär bolmagyndan gorkjakdyklaryny aýtdy. Ol hökümetiň korrupsiýa garşy saýt bilen bilelikde işläp başlany bäri býujetiň möçberiniň 22 milliard som köpelendigini belläp geçdi.

Maglumat üçin Gyrgyzystandaky korrupsiýa garşy göreş alyp barýan internet saýtynyň adresi: www.adc.kg
XS
SM
MD
LG