Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallymlara


Şiraly Nurmyrat
Şiraly Nurmyrat
O döwürler mekdep ikinji öýdi,
Mugallym ikinji ene-atady.
Howlugsagam ir ertirki okuwa,
Säher daňy öz wagtynda atardy.

Mekdep sary toýa barýan mysaly,
Uçardyk ökjämiz degirmän ýere.
Uly arakesme gutaran wagty
Ýüwrüp yzymyza girerdik ýene.

Gep diňe bir ylym-bilimde däldi,
Mugallymlar magnit kimin dartardy.
Başlangyç mekdepde başlanan söýgi
Klasdan klasa ýyl geldikçe artardy.

«Bu mugallam gowy, o biri ýaman» --
Beýle pikir kellämize gelmezdi.
Ikiýylçy ikilikçiň üstünden
Birehimlik bilen hiç kim gülmezdi.

Gurply maşgalamy, garyp tünekmi,
Mugallymlar üçin barymyz deňdik.
Şolar bilen bisowatlyk howpuny
Wagtynda uruşsyz, ýaragsyz ýeňdik.

O ýyllar garyldy taryh çaňyna,
Gum sepildi, kül sepildi bu döwre.
Okuwçylaň hersi bir deräň şiri,
Geldi mugallymyň takdyry çöwre.

Ujypsyz aýlyga daňyldy biri,
Biri işsiz galyp, köçä kowuldy.
Haýsy doňýüregiň günäsi bilen
Toýlar ýasa döndi, bazar sowuldy?

...Mugallym eşitmän «bagyşla» sözün,
Ädik basyp giden gül kimin solup,
Birmahal okadan okuwçysynyň
Firmasynda otyr garawul bolup.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.
XS
SM
MD
LG