Öňki diplomat, partiýa işgäri S.Rahymow 2002-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän waka bilen bagly tussag edilipdi. Onuň ykbaly nämälimligine galýar.
Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýderdiýewa Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň postsowet giňişligindäki Federasiýasynyň yolbaşçysynyň orunbasary, awiasiýanyň general-maýory Ýewgeniý Kopyşew bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň Serdar Rahymowy goldap, Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat bilen ýüzlenmegine näme sebäp boldy?
Ýewgeniý Kopyşew: 2002-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň kommunistleriniň lideri Serdar Seýitmyradowiç Rahymow 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Hazirki wagtda onuň nirede saklanýanlygy barada hiç kim, hatda onuň ayally, ogly, gyzy we agtyklary, dost ýarlary hiç zat bilenoklar. 9 ýylyň dowamynda biz Türkmenistanyň prezidentlerine - hem Nyýazowa hem-de Berdimuhamedowa - 4-5 gezek ýüzlendik.
Azatlyk Radiosy: Edýän talabyňyz nämeden ybarat?
Ýewgeniý Kopyşew: Biz Rahymowyň hiç bolmanda jezasynyň ýumşadylmagyny, ýagny onuň maşgalasy bilen hat alyşmak we duşuşmak mümkinçiligine eýe bolmagyny talap edýaris. Emma aslyýetinde biz ol doly boşadylmaly diýip, hasap edýäris. Sebäbi Serdar Rahymow we beýlekiler 2002-nji ýylyň noýabr aýynda häkimiýetleriň Nyýazowyň janyna kast edişlik diýip, öz gurnan prowokasiýasynyň pidasy boldy diýip, hasap edýaris.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna edip gelýän ýüzlenmeleriňize şu çaka çenli reaksiýa boldumy?
Ýewgeniý Kopyşew: Reaksiýa barada aýdylanda, reaksiýa bir gezek bolupdy. 2006-njy ýylda Kompartiýamyzyň agzasy Ýegor Ligaçewden hat alansoň, Nyýazow Türkmenistanyň ilçisi Agahanowa Ligaçewi çagyryp, oňa Rahymowyň kanuna laýyklykda tussag edilenligini düşündirmegi tabşyrypdy. Geçirilen şol duşuşykda Ýegor Ligaçew Rahymowyň azat edilmeginiň zerurlygyny delillendiripdi.
Rahymowyň henize çenli tussaglykda saklanmagy häkimiýetleriň ondan gorkýanlygyny görkezýär. Sebäbi Rahymow akylly we öran arassa adam. Ol sowet döwründe Türkmenistanyň Kompartiýasynyň ideologiýa boýunça sekretary bolupdy. Türkmenistanda bolsa şu günki güne çenli ýörite gulluklaryň gözegçiliginiň örän güýçlidigini, adamlaryň öz pikirleri sebäpli türmä düşmek gorkusy astynda saklanýanlygyny bilýäris.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň adalat sistemasyna nähili baha berýärsiňiz?
Ýewgeniý Kopyşew: Adamy türmä basmak we ondan hatda maşgalasynyň habar almagyna rugsat bermezlik ýaly ýagdaýlary diňe 1930-njy ýyllaryň repressiýalaryna deňemek mümkin. Türkmenistanyň şu günki ýagdaýyna syn etsek, demokratiýa tarap öňegidişlik beýlede dursun, hatda ýurduň feodallyga tarap yza gaýdýanlygy barada pikir döreýär. Adamlar ýurtdaky kemçilikler barada öz pikirlerini açyk aýtmak mümkinçiligine eýe däl. Aslynda bu jemgyýet däl-de, ýöriteleşdirilen režimli koloniýa bolup durýar. Emma şeýle rezimleriň hem nähili ýagdaýa düşýänligini afrika we arap döwletlerindäki wakalardan görmek mümkin.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň syýasy ýagdaýyna şeýle baha berýän bolsaňyz hem prezidente ýüzlenmek kararyna gelipsiňiz. Siz nämä bil baglaýarsyňyz?
Ýewgeniý Kopyşew: Biziň maksadymyz öz kärdeşimizi azat etmek üçin elimizden geleni etmek, biz türkmen häkimiýetleriniň akyl-paýhasyna bil baglaýarys. Türkmenistanda günä geçişlikler geçirilýär, biz şeýle günä geçişligiň Rahymow boýunça hem geçirilmegini isleýäris. Arassa adam azat bolmaly.