Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Studentler baradaky alada begenmelimi ýa gynanmaly?


Türkmenistandaky habarçymyzyň aýtmagyna görä, daşary ýurtlarda okaýan studentler hasaba alynmagynyň ilat ýazuwyna taýýarlyk bilen ilteşiklidigi-de çak edilýär.
Türkmenistandaky habarçymyzyň aýtmagyna görä, daşary ýurtlarda okaýan studentler hasaba alynmagynyň ilat ýazuwyna taýýarlyk bilen ilteşiklidigi-de çak edilýär.
Türkmenistanda daşary ýurtlarda okaýan studentler hasaba alynýar. Metbugatda bu çäräniň sebäbiniň açyk düşündirilmezligi ilat arasynda, hususan-da daşary ýurtlarda çagalary okaýan ene-atalaryň we okuwçy ýaşlaryň arasynda, dürli soraglary döredýär.

Türkmenistandaky habarçymyz daşary ýurtlarda okaýan studentleri hasaba almagyň 8-nji mart baýramçylygynyň öň ýany başlanandygyny aýdýar. Onuň gürrüňdeş bolan ene-atalarynyň birnäçesi Migrasiýa gullugynyň özlerinden daşary ýurtda okaýan çagalary barada anyk hem doly maglumat sorandygyny tassyklapdyrlar.

Berilýän soraglar esasan daşary ýurtda okaýan studentiň ady, familiýasy, doglan wagty, ene-atasynyň doglan wagty, studentiň ýaşaýan ýeriniň adresi hem telefon nomeri barada. Käbir habarlara görä, daşary ýurtda okaýan studentiň doganlary barada hem maglumat soralýar.

Daşary ýurtda okaýan studentler hasaba alynýar

«Gyrgyzystanda gyzy okaýan ene-atalaryň biri 9-njy martda Migrasiýa gullugyna baryp, bu maglumatlaryň näme üçin talap edilýändigini soranda «Daşary ýurtlarda okaýan studentleri registrasiýa edýäris» diýip, jogap beripdirler» diýip, Türkmenistandaky habarçymyz ýazýar.

Türkmenistanda ýaşaýan ýerli synçy we garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew hem daşary ýurtlarda okaýan studentleriň hasaba alnyp başlanandygyny tassyklaýar: «Men ýaňy-ýakynda Tejende boldum. Şol ýerde bir obada ýaşaýan Myrat aga arçynyň gelip, Belarusda okaýan oglunyň doly adresini, telefon nomerini sorandygyny aýtdy».

Ýazgulyýew aşgabatly Aman agadan hem Orsýetde okaýan ogly barada doly maglumat soralandygyny sözüniň üstüne goşdy. Aýdylmagyna görä, häkimiýet wekilleri bu maglumatlary, ýörite gulluklaryň tabşyrygy boýunça, “studentleriň howpsuzlygy” üçin toplaýarlar.

Telefon «wagtlaýynça jogap berip bilmeýär»

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda okaýan studentler babatdaky o diýen aýdyň bolmadyk syýasaty, kähalatda olaryň Gyrgyzystan ýaly ýurtlara okuwa gitmegine bökdençlik döredilmegi, galyberse-de, daşary ýurtlarda okaýan studentleriň hemmesine okaýan wagty we okuwy gutaransoň-da, deň gözden garalmazlygy, ýurtdan çykýanlaryň gara sanawynyň saklanyp galmagy bu habaryň töwereginde bir topar soragyň döremegine getirdi.

Ýöne bu soraglara aýdyňlyk berip biljek Migrasiýa gullugynyň telefonlary (39 41 69, 39 76 89) bize kömekçi bolup bilmedi. Has anygy, ol ýerden bize türkmen, rus we iňlis dillerinde gaýtalanýan «Bilgi wagtlaýynça jogap berip bilenok» diýen jogap berildi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran bir studentiň, kanun goraýjy organlarda işleýän garyndaşyna salgylanyp, tomusda kanikula gelen studentleriň bir toparynyň gara sanawa düşüp, yzyna okamaga goýberilmezliginiň ahmaldygy baradaky duýduryşy bu habaryň töweregindäki aladalary has-da güýçlendirýär.

«Taýagyň iki ujy bar»

Orsýetde ýaşaýan türkmen pedagogy Serdar bu ýerde taýagyň iki ujunyň bardygyny, bir tarapdan, döwletiň öz daşary ýurtlarda okaýan ýaş raýatlary barada maglumat toplmagynyň gowy zatdygyny aýdýar: «Eger sende maglumat bolsa, öňünden planlaşdyryp bolýar, bu öz raýatlaryň geljegi barada alada etmek üçin gowy zat».

Ýöne ol, soňky ýyllaryň tejribesine salgylanyp, Türkmenistanda daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere goşmaça päsgelçilik dörediljek bolunýan bolmagy gaty ahmal diýen pikire has köp gol ýapýar: «Türkmenistanda oňat tarapy bar zatlaram ýaman tarapa öwürýärler – diýip, Serdar aýdýar. - Men häzirki ýygnalýan maglumatlar diňe ýaşlara päsgelçilik döretmek maksady bilen edilýärmikä diýýärin».

Ýerli synçy D.Ýazgulyýew tejenli Myrat aga, aşgabatly Aman aga salgylanyp, olaryň çagalarynyň umumy ýatak jaýyndamy ýa hususy jaýlarda ýaşaýandygynyň soralmagyndan alada etmän durmaýandyklaryny aýdýar. Ol bu çäräniň daşary ýurtlaryň käbirindäki halk gozgalaňlary bilen gytaklaýyn ilteşiginiň bolmagynyň ahmaldygy barada çak edilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Maryly diňleýjimiz bu mesele barada beren soragymyza özüniň daşary ýurtda okaýan studentleriň hasaba alnyp başlanandygy barada eşitmändigini, emma Türkiýä işlemäge giden raýatlary yzyna ýygnamak babatda käbir işleriň edilýäninden habarlydygyny aýtdy.

Emma, Türkmenistandaky habarçymyzyň aýtmagyna görä, bu çäräniň ilat ýazuwyna taýýarlyk bilen ilteşiklidigi-de çak edilýär.

Geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň geçirilmegi baradaky karara gol çekipdi. Ýazuwy geçirmek boýunça döwlet topary hem döredilipdi.
XS
SM
MD
LG