Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdymçylar gysyş astynda


Ýaş aýdymçylaryň aýdýan aýdymlary köplenç söýgi temasyna bagyşlanýar, emma döredijilik wekilleri syýasatyň ýesiri bolup galýarlar.
Ýaş aýdymçylaryň aýdýan aýdymlary köplenç söýgi temasyna bagyşlanýar, emma döredijilik wekilleri syýasatyň ýesiri bolup galýarlar.

Türkmenistanda meşhur aýdymçylaryň tussag edilmegi köpçüligiň üns merkezinde.

Aýdymçy Maksat Kakabaýewiň, Myrat Öwezowyň we ýene birnäçe aýdymçylaryň saklanmagy, tussag edilmegi, käbirlerine iş kesilmegi barada gapma-garşylykly maglumatlar berilýär. Emma bu wakalar resmi derejede düýpden agzalmaýar.

Maksat Kakabaýew (MARO)
Fewral aýynda Türkmenistanda polisiýanyň ýaş aýdymçylaryň tutuş bir toparyny saklap, olaryň aglaba köpüsini 15 gije-gündizden soň boşadanlygyny “Türkmen inisiatiwasy” guramasy öz maglumatynda habar berdi.

Sebäp näme?

Aýdymçy Maksat Kakabaýewiň iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi habar berilýär. Myrat Öwezowyň bolsa sürgündedigi aýdylýar.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew bu waka barada resmi çeşmelerde anyk maglumat berilmänsoň, şu günler ýurtda gürrüňleriň köpelenligini we käte gapma-garşylykly çaklamalaryň edilýänligini belleýär.

“Maksat Kakabaýewiň hem toba etdirilip, goýberilenligi hakda aýdylýan bolsa, başga bir maglumatda onuň häzir Ýaşlykdaky desslapky tussaghanada saklanýanlygy hakynda aýdylýar” diýip, žurnalist Ýazgulyýew aýtdy.

Ýazgulyýewiň sözlerine görä, Maksat Kakabaýewiň tussag edilmegine onuň türk telekanalynda çykyş etmegi sebäp boldy diýen çaklamalar ýörgünli.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň maglumatyna görä, Maksat Kakabaýewiň öz atasy, dogany we giýewsi bilen bilelikde ýapyk sud edilip, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegine, olaryň bir ýyl çemesi wagt mundan ozal sputnik antennasynyň üstünde goňşusy bilen bolan konflikte degişli waka esas hökmünde ulanylypdyr.

Myrat Öwezow
Myrat Öwezowyň Tejen tarapa sürgün edilmegine esas hökmünde onuň maşyn heläkçiligine düşmegi bilen baglanyşykly polisiýa bölüminde wagtynda bellik edilmek düzgünini bozanlygy görkezilýär.

“Türkmen inisiatiwasynyň” başlygy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, aýdymçylara edilýän basyşlaryň sebäpleri başga meselä bagly. Onuň pikiriçe, bu politehniki institutynda bolan pajygaly wakadan soň prezidentiň ideologiýa terbiýeçiligini güýçlendirmek talaby bilen bagly bolup biler.

“Ýaş aýdymçylar öz döredijiliginde has erkin bolýarlar. Bu bolsa häkimiýetleriň göwnünden turmaýar. Aýdylýan aýdymlaryň ýaşlara ýetirýän täsiri türkmen ýolbaşçylaryny, ilkinji nobatda-da medeniýet ugruna jogapkär Maýsa Ýazmuhammedowany aladalandyrýan bolmaly” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Fewral aýynyň başynda Politehniki istitutynda bir student gyzyň öldürilenligi habar berlipdi.

Syýasatyň tabynlygynda

Ýaş aýdymçylaryň aýdýan aýdymlary köplenç söýgi temasyna bagyşlanýar, emma döredijilik wekilleri syýasatyň ýesiri bolup galýarlar.

“Türkmenistanda syýasata garşy aýdym aýdyp ýören adam ýok. Atlary gara sanawdaky aýdymçylar hem öz zehinini halka bagş etmegiň ugrunda. Onsoň olar gara sanawa nähili ýagdaýda düşürilýär?” diýip, türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aýdýar.

Soňra ol şeýle diýýär: “Her bir adamyň Konstitusiýa boýunça hukugy bolmaly. Ol, islese aýtmaly syýasy aýdymlary, islemese, aýtmaly däl. Syýasy aýdymy aýdasy gelmänligi uçin ýa syýasy çärelere gatnaşasy gelmani üçin aýdymçylaryň gara sanawa, gadagançylyga düşürilýänligi hakynda resmi tassyknama bolmasa-da, anyk faktlar bar”.

Köpçüligiň öňünde çykyş edýän aýdymçylar Türkmenistanda düýpden hukuksyz diýip, “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň maglumatynda bellenilýär.

Maglumatda, adynyň tutulmagyny islemedik aýdymça salgylanyp, aýdymçylaryň toýlarda pul gazanmak mümkinçiliginiň soňky döwürde juda çäklendirilip, oňa derek wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowanyň görkezmesi bilen resmi konsertlere gatnaşmaly diýen tabşyryklaryň has artanlygy bellenýär.
XS
SM
MD
LG